Zenan bagty — Zemin bagty

11 Dekabr 2024
145

Zenan bolup zenan dünýäsi hakynda gürrüň açmak örän üýtgeşik duýgyny bagyş edýär. Bu ýagdaý seni şol bir wagtyň özünde gulpaklyja gyzjagaz bolup ylgan ýyllaryňa, ulugyzlygyň jadyly dünýäsine gadam goýan günleriňe, gyzyl çog kürtäni başyňa atyp, gelnalyjynyň şowhuny bilen gelinlik älemine aralaşan pursatlaryňa dolaýar. Ondan soňra bolsa, seniň zenan bolup dünýä inmek bilen ykbalyňa ýazylan iň uly bagt — enelik bagtyny ýüze sylyşyň... Ilkinji gezek «Eje!» sözüni eşiden çagyň, joşgundan ýaňa ýere-göge sygmaýşyň... Yzyny zenan dünýäsine mahsus, başga-da ençeme sanasaň sanap oturmaly ýakymly ýatlamalar bilen dowam edip bilýärkäň, zenan bolup dünýä inendigiňe buýsanýarsyň, edil şonuň ýaly-da, saňa Hak tarapyn nähili belent borjuň hem jogapkärçiligiň ynanylandygyna düşünýärsiň. Özeninde Watana mynasyp, ile haýyrly perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly asylly maksat duran ol jogapkärçilik, seniň ene bolan günüň başlanyp, ömrüň boýy dowam edýär.

Zenan maşgala türkmen neslini dowamat-dowam edýän ynsan. Zandy asylzadalykdan gaýdýan türkmen zenanlarynyň maşgala ojagyna wepa-ygrary, perzentlerine bolan hamraklygy barada birnäçe eserler döredilipdir. Ine, elimde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň süňňi-sütüni söýgä ýugrulan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby! Men, ummanlaryň goýnunda san-sajaksyz dür-göwherleri ýygşyryp goýşy ýaly, her sahypasyna dünýä ýaly giň manyny siňdiren bu mähre baý esere kämillige teşne kalbym, aňym bilen berlip, onuň her jümlesinden çogýan ylham goruna ýylanyp otyryn. Gözlerimi, ýüregimi özüne kökeren bu jümleleri her okanymda göwnüme nur çaýylyp, kalbyma ylham inýär. Edil eneleriň perzentlerine mähir paýlaýşy ýaly, ajaýyp eser her bir okyjysynyň ruhuny ganatlandyryp, ýüregine joşgun paýlaýar.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».