«Hakyda göwheri» hakydalarda

11 Dekabr 2024
223

Milli buýsanç! Iki sözden ybarat bu jümlede çuňňur many bar. Ol türkmendigiňe, bu beýik milletiň şöhratly taryhyna, taryhy şahsyýetlerine, döwletlilik ýörelgelerine, baý milli mirasyna, köpöwüşginli ruhy-medeni gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna buýsanjyň beýany. Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde halkymyza sowgat eden «Hakyda göwheri» atly täze eserinde: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýip ýazýar. Milli Liderimiz täze eserinde şöhratly taryhymyza, şanly geçmişimize ýene-de bir gezek ýüzlenmek bilen, her birimiziň kalbymyzda bagtyýarlyga ýetirýän milli buýsanjy oýarýar.

Turuwbaşdan, täze kitabyň taryhy maglumatlara, ylmy garaýyşlara baýdygyny, many-mazmun, edebi-çeperçilik taýdan tapawutlanýandygyny bellemeli. Çünki mydama döredijilik gözleginde bolan Milli Liderimiz ony döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetiren kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlaryň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täze taryhy garaýyşlaryny peýdalanandygyny beýan edýär. Täze kitap iki bapdan ybarat bolup, «Taryha syýahat» diýlip atlandyrylan birinji baby «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri», «Horezmşalar döwleti» diýen bölümleri öz içine alýar. Olarda şöhratly taryhymyz, şol taryh bilen bagly bolan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, beýik şahsyýetlerimiz, ata-babalarymyzyň geçen manyly ömür ýoly hakynda söhbet edilýär. Onda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taryhy ýylyň wakalarynyň, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly çäreleriň beýany geçmiş bilen şu günüň ajaýyp sazlaşygyny döredýär.

«Zenan kalby».