Bu Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bagşy zenanyna bagyşlap ýazan goşgy setirlerinden alnan ajaýyp jümle. Ylahy zehinli zenan Jemal Saparowa ömrüni aýdym-saz sungatyna bagyş edip, uzak ýyllaryň dowamynda yhlasly we döredijilikli zähmet çekip gelýär. Mahmal owazy bilen halkymyza ruhy şatlyk paýlap, aýdym-saz sungatymyzy milli ruhda ösdürmäge, dünýä ýaýmaga uly goşant goşýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede uludan bellenilýän ýyly bagşy zenanyň durmuşynda aýratyn ýatdan çykmajak ýakymly wakalar bolup geçdi. Bu ýyl gözellikde deňsiz-taýsyz Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň açylmagy mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli aýdym-saz sungatymyza goýýan çuňňur hormat-sarpasynyň neneňsi belentdiginiň aýdyň beýany bolup, joşgunly köňüllerde uly buýsanç döretdi. Bu bagtyýar pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň: «Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz! Kämile gol beren Jemal bagşy Siz!» diýen setirleri öz içine alan ajaýyp goşgusyny diňlemek, hemmämiz üçin diýseň ýakymly boldy.
Biz medeniýete, sungata, aýdym-saza sarpaly döwürde ýaşaýarys. Milli sungatymyzyň hossarly, howandarly döwrüniň aýdymçysy bolmakdan, Garaşsyz Watanymyzyň toý-baýramly günlerini owazly aýdym-sazlary bilen bezäp, il-günümize ruhy şatlyk paýlamakdan uly bagt bolup bilermi?! Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ençeme gezek ýeňijisi Jemal Saparowa şeýle bagtyň eýesi. Ol bu hormatly atlara, derejeli döwlet sylaglaryna joşgunly aýdym-sazlary döredip, milli sungatymyzyň bedew batly ösüşlerine goşýan uly goşandy üçin eýe boldy. Şolardan iň mertebelisi hem-de ýakymlysy hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent derejeli adyň eýesi bolmakdyr.