Halkymyzda il bähbitli, şu gün hem geljek üçin ähmiýeti uly bolan binalary gurmak iň sogaply işleriň biri hasap edilýär. Bu gün ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýan ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etmegi bilen gurlup ulanmaga berilýän döwrebap binalaryň hatary günbe-günden artýar. Ak guwa çalymdaş, iň häzirki zaman durmuş şertlerini özünde jemleýän dürli maksatly bu binalar halkyň bagtyýar ýaşaýşynyň buýsançly kepilidir. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumy we Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasy-da paýtagtymyzyň görküne görk goşan gözellikleriň biri boldy.
«Bu gün biziň gursagymyzda gurmaga we döretmäge güýç-kuwwat bagyş edýän Watana bolan beýik söýgi joş urýar. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu buýsançly sözleri biziň her birimiz üçin nusgalyk ýörelgedir. Hakykatdan hem, Watanyň bähbidi üçin başy başlanan işler hemme işlerden rowaçlydyr, Watanyň ady bilen ýörelen ýollar ýollaryň rowaçlysydyr, Watanyň şanyna tutulan toýlar ähli toýlardan zyýadadyr, dabaralydyr. 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda düýbi tutulan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumy paýtagt şäheriň keşbine aýratyn gözellik çaýypdy. Ýurdumyzyň mukaddes goragy ýaly belent borjy buýsanç bilen egnine alan Watan goragçylarynyň gününde binýady goýlan binanyň ylym-bilim ulgamynyň hünär baýramçylygy bolan Bilimler we talyp ýaşlar gününde açylmagy taryhy wakany has-da ýatda galyjy häsiýete eýe etdi. Zehinli ýaş Watan goragçylarynyň neslini kemala getirjek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri, dürli harby hünärlerini özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilen bu toplum innowasion muzeýi, elektron kitaphanany, okuw-edara binalaryny, bir müň orunlyk mejlisler zalyny, lazerli türgenleşik zalyny, taktiki söweşjeň taýýarlyk, robototehnika bilen meşgullanmak üçin niýetlenen okuw otaglaryny özünde jemläp, döwrebap enjamlar we sanly tehnologiýalar bilen doly enjamlaşdyrylandyr. Täze binalar toplumy ýüregi Watan diýip urýan, ykbalyny Watana baglajak Görogly beg, Jelaleddin Meňburny, Alp Arslan ýaly edermen şahsyýetlerimiziň mynasyp nesli bolmaga taýýar gerçekleriň bilim aljak ajaýyp okuw merkezi bolar.