Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Watanymyz tutuş dünýäde oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär, şol sanda sebit boýunça goňşy döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Munuň ýene bir aýdyň subutnamasy hökmünde şu ýylyň 11-nji sentýabrynda döwlet Baştutanymyzyň we Milli Liderimiziň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet nokadynda bolup geçen dabaralary uly buýsanç bilen aýdyp bileris.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermeginde iri ýedi taslama, ýagny Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi. Mundan başga-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedi işe girizildi we Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga berildi.