Watan sylagy mukaddesdir

4 Oktýabr 2024
494

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzi şanly wakalara, ýakymly pursatlara, hoş habarlara baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýylda ildeşlerimiziň ykbalyny bezeýän, ömrüniň ýatdan çykmajak günlerini artdyrýan wakalar bolup geçdi. Il-ulsumyzyň täze dogjak Güne, bagtyýar geljege ynamy göwünleriň tugy bolup pasyrdaýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen berk ykdysady binýat eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleriniň ygtybarly girewidir. Biz ýurdumyzyň özgertmeleriň ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de möhüm işleri durmuşa geçireris» diýen sözleri ildeşlerimizi uly ruhubelentlige besleýär. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň dabaralara beslenýän günlerinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi hem-de eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşlerine badalga berjek çözgütleriň kabul edilmegi taryhy wakalaryň üstüni ýetirdi.

Baýramçylyk günlerinde ildeşlerimiziň birnäçesine döwlet sylaglary gowşuryldy, hormatly atlar dakyldy. Žurnalymyzyň şu sanynda olaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Söhbetdeşligi taýýarlan Amangül AMANOWA,
«Zenan kalby».