"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Sahnada durmuş dowam edýär

Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa bu hakykaty öz durmuş ýoluna salgylanyp aýdýar. Ol ata-eneden ir jyda düşýär. Hossarlary gowy adamlar bolsalar-da, ýaş gyz boýny buruk gezýär. Göwni ýykylan ýerde mähriban käbesini, peder mährini küýsäp, ýeke-ýalňyz aglan wagtlary az bolmaýar. Nätjek-dä, bu durmuş, onuňam öz ýollary bar... — Durmuşda bir zadyňy ýitirseň, ikinji bir zadyňy tapýan ekeniň. Gowy adamlara sataşmagym meniňem durmuşymy düýpgöter özgertdi. Olar meniň daşymy gallap alyp, ýoluma şamçyrag boldular. Her gezek şol günleri ýatlasam, şahyr Gurbannazar Ezizowyň:

Ukyňyz gelýärmi?

Iş wagtynda ukynyň tutmagy hemmämize mälim ýagdaý bolsa gerek. Kämahal şeýleräk pursatlar bolýar, iş wagtynda gözleriňiz özüňize boýun egmeýär. Şeýle pursatlarda uky bilen göreşmek üçin näme etmeli? — Sowuk suw. Kofe däl, sowuk suw (buz aralaşan bolsa has hem gowy) ukudan açylmagyňyza kömek eder. Mundan başga-da, sowuk suw bedeni ýeterlik suw bilen üpjün edýär we metabolizm tizligini artdyrýar.

Köp bolsa-da, az ýaly

Çagalyk pursatlaryň göz öňüňde janlananda, eneli-ataly günleriň näçe köp bolan hem bolsa, az ýaly görünýär. Sebäbi olaryň ýyly mährinden, söýgüsinden, mährem keşbinden, didaryndan hiç ganma ýok. Güler ýüzleri hemişe göz öňüňde baky heýkel bolup, zybanyndan çykan hoştap, ýakymly sözleri gulagyňda ýaňlanyp dur. Dünýäde olary hiç bir mukaddeslik bilen deňäp bolmaýar. Gyz maşgalanyň durmuşynda ejäniň orny has hem uly. Sebäbi ol her bir duýgyňy gözüňden aňyp, saňa syrdaş bolýan EJE! Ejemiň alty aýlyjak wagtym meni gujagyna alyp düşen suratyny günde diýen ýaly synlaýaryn, käbäm bilen didarlaşýaryn. «Eje jan, käbäm, sen ýanymda bolsaň bolmaýarmy?» diýip, onuň bilen hyýaly sözleşýärin. Göwnüme bolmasa, ol: «Gyzym, men mydama-da seniň ýanyňda ahyryn» diýýän ýaly. Ol dogrudan hem şeýle bolmaly, sebäbi käwagt başlan işiňe ugur tapman, dümtünäýýän halatyňda ýa-da başyňa bir iş düşüp, ejizleseň hem ejeň saňa medet-hemaýat berýär. Ol ýuwaşlyk bilen gulagyňa çawuş çakýan ýaly bolýar. Kalbyňda ýaňlanan owazy ruhuňy galkyndyrýar, bedeniňe güýç-kuwwat berýär.

Gülzarda bir gülçi bar

Ýaşy segsene ser uran bu gülçi zenan Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Nowbahar geňeşliginiň Gülzar obasynda ýaşaýar. Bibijan Elnazarowa 20 ýyldan gowrak wagt bäri öý şertlerinde otag güllerini ösdürip ýetişdirýär. Owadan zatlar gözeilgiç bolýar. Döredijilik sapary bilen baranymyzda Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowanyň iş otagyngaky güller hem bada-bat ünsümizi çekdi. Otaga bezeg berip duran owadan gülleriň bagbany bilen gyzyklandyk. Gülruh bu gülleriň müşderisiniň ýetikdigini, at-owazasynyň welaýata ýaýrandygyny aýdyp, onuň bagbany bilen tanyşdyrmaga döwtalap boldy. Gülçi zenanyň döwletli ojagynda bizi gelni Dildar garşy aldy. Ol: — Geliň, geçiň, gaýynenemem basym geler. Buýurma boýunça gyssagly gitmeli boldy — diýdi-de, howla girmegimizi mürähet etdi. Gül plantasiýasy derwezäniň agzyndan başlanýan eken. Iç ýüzünde ýörite güller üçin niýetlenen giň otag bar. Otagyň içinde dürli güller oturdylan güldanlar hatara goýlupdyr. Al-elwan gülleriň gyra-töweregini öý arçalarydyr palmalar bezeýär. Olary ýeke-ýeke synlap barşymyza, Dildar:

Çarwa zenany

Öň adyny eşidenem bolsak, ýurdumyzyň günbatarynyň gyra çetinde, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän Tüwer obasyna heniz baryp görmändik. Nesibämiz çeken bolmaly. Türkmen topragynyň keramatly ýerlerine, gadymy ýadygärliklerine aýlanyp görmek, taryhda yz galdyran meşhur şahsyýetlerimiziň, dana alymlarymyzyň, beýik pirlerimiziň aramgählerine zyýarat etmek maksady bilen, Balkan welaýatyna tarap ýola düşüp, müňlerçe kilometri geçenimizden soň, iň soňky düşelgämiz Tüwergyr depesi boldy. Bu depede geçmiş taryhymyzda gahrymançylygy, edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen tanalan Ärsarybabanyň aramgähi ýerleşýär. Beýikli-pesli depe-düzlerden, asman boýlaýan dag-derelerden, alyslara uzaýan giň sähralyklardan geçip, bu keramatly ýere baranymyzda, bizi mähribanlyk bilen garşy alan çarwa zenany Täçbibi daýzady. — «Zyýaratçylaryň arasynda zenanlar-da bar» diýseler, Gurbanmuhammede: «Onda bizi-de äkitmeseň bolmaz» diýdim. Bular meniň gelinlerim, gyzlarym — diýip, ol daşymyzy gallap alan gelinlere ýüzlenip gürledi:

Gadamyň batly, ädimiň şowly bolsun!

Mekdep möwsüminiň başlanmagy bilen, alty ýaşyny dolduran körpejeler çagalar baglary bilen hoşlaşyp, ak mekdeplere gadam basdylar. Ýaş nesli sagdyn, bilimli, ruhubelent, watansöýüji edip ýetişdirmekde hormatly mugallymlaryň we ene-atanyň orny uludyr. Çagalar köp zady bilesi gelip, okuwa uly höwes bilen gatnaýarlar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen olaryň gün tertibi, iýmiti, dynç alşy düýpgöter üýtgeýär. Mekdebe ilkinji gezek gadam basmak bilen, öwrülişikli pursady başdan geçirýän çagalaryň ruhy we beden saglygyny goramak, mekdebiň gün tertibine öwrenişdirmek birbada kynrak düşýär. Şeýle-de bolsa, çaganyň gün tertibiniň dogry guralmagyny, onuň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagyny, akyl zähmetini fiziki zähmet bilen utgaşdyrmagyny, ýeterlik dynç almagyny, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmegini gazanmak zerurdyr. Bu babatdan, mugallymlar, ene-atalar çaga täze durmuşa uýgunlaşmaga, özgerişlikleri kabul etmäge kömek bermelidirler. Mekdep ýaşyndaky çagalaryň oňurga süňküniň doly bekeşmeýänligi sebäpli, göwre durşunyň nädogrulygy, esasan hem, mekdep döwründe ýüze çykýar. Çaganyň oturgyçda dogry oturmaklygyň düzgünlerini bilmezligi, doly we dogry berjaý etmezligi ýaşlykdan çagalaryň oňurgalarynyň gyşyk ösmegine, oňurga süňkleriniň gurluşynyň näsazlyklary bilen bilelikde, içki agzalaryň işleriniň bozulmagyna, netijede, dürli keselleriň ýüze çyk

Gyzym gözel — edebi ozal

Halkyň içinde biri bilen guda bolunjak bolsa: «Enesini gör-de, gyzyny al» diýilýär. Sebäbi gyz maşgala enesiniň görüm-göreldesine eýerip kemala gelýär, oňa enäniň edep-ekramy, hüý-häsiýeti, hereketleri geçýär. Gyzyň enesiniň hereketlerini gaýtalasy gelýär. «Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde» bolanda, enäniň perzendine bolan söýgüsi, mähri gyz maşgalanyň durmuşyna şamçyrag bolup şöhle saçýar. Biz maşgalada bäş gyz bolup ulaldyk. Ejem agşamlaryna, el işlerini etmäge üýşenimizde geçmişimiziň hakyky edep mekdebine degişli «Melike Danyşment ýa-da müň sowal» atly dessandan gürrüň bererdi. «Dessanda «Gelin-gyzlara näme ýaraşar?» diýlen sowala: «Gelin-gyzlara utanç-haýa ýaraşar» diýlip, jogap berilýär. Gyz maşgalanyň gözelligi, esasan, onuň gylyk-häsiýetinde, edebinde jemlenýär. Edepli-ekramly, mähir-mylakatly, asylly gelin-gyzlarymyz mydama görüm-göreldäniň nusgasy bolup ýaşamalydyr» diýip, käbäm ýagşy gylyk-häsiýetlere ünsümizi çekerdi.

Döwrüň bagtly enesi

Enä barýan ýol... Bu ýoluň sogaby, ýakymy, ýalkawy barada näçe gürrüň etseňem, az görünýär. Bu ýoly her bir ynsan balasy özüne mukaddes saýýar. Bu ýola düşen badyňa ýadawlyk diýen zatdan nam-nyşan galmaýandygy barada köp gezekler oýlanýarsyň. «Ejemlere barýaryn!» diýip, göwnühoş halda töweregiňe mähir bilen bakýansyň. Hamana diýersiň, bu ýol ene paýhasyna eýlenen müdimi nesihatlardan nemlenen ýalydyr. Mähriban käbäňiň mylaýym sesi, ruhuňa medet berýän mylakatly keşbi seni bu barlykda bagtly edýändir. Şol gezek goýny 360 pirli toprakda döredijilik toparymyz bilen iş saparynda bolan günlerimizde welaýatyň uzak ýaşly enesi bilen didarlaşyp, onuň baý durmuş tejribesi barada söhbetdeş bolmak üçin ýola düşenimizde göwünler şeýle ahwallar bilen doludy. Bize ýolbelet bolup barýan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowanyň gürrüň bermegine görä, Äşe Babaýewa 1932-nji ýylda dünýä inýär. Ömrüniň köp bölegini ýaşlara bilim-terbiýe bermäge bagyş edýär. 1956-njy ýylda ýanýoldaşy Ata Karaýew bilen Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 22-nji orta mekdepde mugallym bolup zähmet ýoluna başlaýar. Agzybir maşgalada 4 gyzy, 2 ogly terbiýeläp ýetişdirýärler. Ajaýyp zamanamyzda ene 21 agtygyna, 42 çowlugyna guwanýar.

Şirwan perdeleriň owazy geldi

Sungata, aýdym-saza sarpasy belent halkymyzda «Bagşyly il — bagtly il», «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýen kelam bar. Aýdym-saz parahatçylygy wasp edýär, bagtyýarlygy dünýä ýaýýar. Ynsan kalbynyň inçe duýgularynda ýaşaýan hoş owazlar geçmiş taryhymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, bagtyýar geljegimiziň waspydyr. Pederlerimiz sazyň güýji bilen parahat durmuşyň, asuda ýaşaýşyň, agzybirligiň kemal tapýan nusgalyk ýoluny miras goýupdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserinde aýdym-saz sungatynyň ynsan kalbyna ruhy gözelligi bagyş edýändigi aýdyň beýanyny tapýar. Ruhy gözel, göwni hoş, ýüregi päkize ynsanlar ýagşylyklaryň ýarany, sogaply işleriň hemrasy hasaplanýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň ruhy hazynasynyň mertebelenmesidir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýurdumyzyň dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýaňlanan aýdym-sazyň jadylaýjy güýji ýüreklere ýol saldy. Dutarçy bagşy-sazandalar gazma dutaryň şabram şelpelerinden çykýan ajaýyp mukamlary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylara ruhy l

Ene süýdi — bagtyň gözbaşy

Perzent — maşgalanyň arzuwy, göz-guwanjy. Çaganyň sagdyn dogulmagyny gazanmak üçin, ilki bilen, enäniň saglygyny goramak gerek. Munuň özi olaryň sagdyn we berk bedenli bolmagyna ýardam eder. Ene hem çaganyň sagdyn dünýä inmegi üçin, öz gezeginde, lukmanyň degerli maslahatlaryny doly ýerine ýetirmeli. Ene süýdi çaganyň sagdyn ösüp-ulalmagynda esasy zerurlykdyr. Çünki ene süýdüne taý geljek, onuň ýerini tutup biljek başga bir zat ýokdur. Dünýä inen çaganyň ilkinji iýmiti ene süýdi bolup durýar. Şonuň üçin, ilki bilen, çaganyň ene süýdi bilen iýmitlenmegini gazanmaly. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek çagany doglan pursadyndan, şeýle-de bäbeklik döwri we irki ýaşlarynda dürli kesellerden we ýokançlyklardan goraýar. Ene süýdi arkaly enäniň geçiren ýokanç kesellerine garşy gorag antitelalar çaga geçýär we onuň immun ulgamyny berkidýär. Çaganyň boý-syraty, süňk başynyň iri, boýunyň uzyn bolmagynyň, gönüden-göni ene süýdi bilen baglydygy barada ene-mamalarymyz köp gürrüň bererdi. Ene süýdüniň düzümi dürli ýokuma baý. Bu barada Lukman Hekim: «Çaga emdirýän zenan günde bir gezek süňkli etden bişirilen çorbany iýmeli, süňkden çykan ýag çaganyň süňküniň berk, oňurgasynyň sagdyn bolmagyna, boýunyň ösmegine ýardam edýär» diýip ýazypdyr.

Ak öýlere ýaraşyk...

Ir zamanlar sallançak, esasan, ýüpden bolupdyr. Sallançak çaganyň başy günorta ýa-da günbatara goýlar ýaly ýagdaýda gurlupdyr. Geçmiş taryhymyzda pederlerimiz öýüň dulundan 2,5 — 3 metr aralykda iki sany agaç dikip, ýörite pagta süýüminden ýa-da geçi çöpründen, goýun ýüňünden egrilen ýüpden sallançak ýasapdyrlar. Dikilen agaçlar «ýaba» diýlip atlandyrylyp, esasan, söwüt agajyndan bolupdyr. Iki gat ýüpüň her ujuny bir agaja birikdiripdirler. Sallançak gurmak üçin mährem enelerimiz yhlas siňdirip, ýörite kilim, palas, hatda haly hem dokapdyrlar. Palasy sallançagyň ilki ýüpüne gerip, her ýüpden aralary açylar ýaly, üç garyşdan sähel geçýän sallançak agajyny germäpdirler. Sallançak agajyň agzy ýüpe iler ýaly, her ujuny köwüpdirler. Sallançak palasy gowşap, ýer sürpäp durmaz ýaly, iki tarapyndan berk edip, ýogyn sapakda temen bilen tikip, sallançak agajyna berkidipdirler. Owadan alaja işip, sallançak bagyny dakypdyrlar. Sallançak ýüpüne, sallançak bagyna dürli ýüplerden gotazlar dakyp bezäpdirler. Batly üwrelende çaga ýykylmaz ýaly, sallançagyň ortasyndan ýüp daňypdyrlar. Sallançak gurmak üçin dikilen agaçlara mör-möjek dyrmaşmaz ýaly, her tarapda dikilen agajyň düýbüni ýüň bilen sarapdyrlar. Çaganyň ýüzi ýelpeler ýaly, ýokardan matadan guralan ýelpewajy asypdyrlar. Ýelpewajyň eteginden elýeter ýerde çaga oýnar ýaly düwme, şelpe, monjuk, aşyk we matadan ýasalan gurjak asypdyrlar. Ça

Şygryýet

Annaoraz BERDIÝEW

Daglardan aşan owaz

(Hekaýa) Bu gün Garrymollanyň ojagynda uly ogly Muhammetsapanyň durmuş toýy tutulýardy. Il arasynda uly abraýdan peýdalanýan bu maşgalanyň ojagynda oba adamlary ir säherden toý gazanlaryny atardylar, ýere halydyr palas düşediler. Gelnalyja gitjek kejebe bezeldi. Kejebä dakyljak atgulaklary taýýarlap oturan Orazgül ýeňňe deň-duşlary bilen oýnap ýören Magtymgula:

Müň ýyl ömür

Aýdyşlaryna görä, bir gezek abraýly emeldaryň geçiren mejlisine meşhur alymlaryň biri çagyrylypdyr. Emeldaryň mejlise alymy teklip etmeginiň sebäbi hem onuň danalygy we parasatlylygydy. Şonuň üçin hem alym bilen söhbetdeş bolmagy emeldar köp wagtlardan bäri ýüregine düwüp ýördi. Alym mejlise gatnaşýanlaryň ählisi bilen hem gadyrly görüşdi. Ahyrynda bolsa emeldara ýüzlenip:

Miweleri we gök önümleri gyşa taýýarlamak

Her möwsümiň iýmitleriniň özüne mahsus tagamy, süýjüligi we ýakymy bolýar. Iň esasy bolsa, olaryň ýokumlylygyny saklamak. Tomus paslynda gyşa huruşlyk taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu döwür öý bikeleriniň hysyrdysy köp bolýar. Tomus-güýz aýlary gelin-gyzlarymyz datly ir-iýmişlerden, miwelerden dürli şiredir mürepbeleri, duza basylan önümleri taýýarlamak bilen meşgul bolýarlar. Tebigatyň eçilen peşgeşini diňe bir çüýşe gaplara gaplaman, başga-da birnäçe usullar arkaly olaryň dürli görnüşlerini taýýarlaýarlar. Şol usullaryň biri-de gök önümleri we miweleri doňdurmak we guratmakdyr.

Öý bikeleriniň ynamdar kömekçisi

2000-nji ýylyň başyndan bäri «Electrolux Trilobite», «Roomba», «Samsung NaviBot», «Xiaomi», «Okami» we şuňa meňzeş kompaniýalar tarapyndan öý işlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen, tozan sorujy robotlar öndürilýär. Tozan sorujy robotlar otaglary adam gatyşmazdan, awtomatiki usulda arassalamak üçin döredilen enjamdyr. Ol tigir hereketlendirijileri, nawigasiýa datçikleri we dolandyryş mikrokontroly bilen enjamlaşdyrylyp, garaşsyz hereket etmäge we öz-özüni ugrukdyrmaga ukyply.

Akgaýma

Alym Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly. Hiç bir zat taý bolmajak mähirli garaýyşly käbämiň keşbinde ýyllaryň möhüri galypdyr. Ondan dünýäniň manysyny okap bolýar» diýip, türkmen milli mirasynyň mynasyp waspyny milli keşdeçilik sungatynda görüp bolýandygyny belläp geçýär. Türkmen milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdedir. Keşdeler diňe bir öňki döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ene-mamalarymyzyň we işine ökde hünärmenleriň döredijilik başarnyklary barada hem maglumat berýär.

Jalbary nähili gysgaltmaly?

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen her öýde, her hojalykda okuw köýneklerini tikmek we jalbarlary taýynlamak işleri bilen meşgul bolunýar. Satyn alynýan taýýar kostýum—jalbarlaryň aglabasynyň üstki beden ölçegleri gabat gelse-de, jalbarlaryň aşagynyň uzynrak gelýän wagtyna köp duş gelinýär. Şeýle ýagdaýda, okuwçy jalbarlaryny öý usulynda nädip gysgaldyp bileris? Geliň, öwreneliň. Gerekli esbaplar:

Maňyzlaryň peýdasy

Hozlaryň we maňyzlaryň ähli görnüşleri mikroelementlere, witaminlere, beloklara we aminoturşulyklara örän baýdyr. Badam, arahis, grek hozy, keşýu hozy, kädi çigidi ýaly hozdur maňyzlaryň dürli görnüşleri biziň durmuşymyzda peýdalanylýar. Hersiniň hem özüne ýetik witaminleri we minerallary bar. Hozdur maňyzlary gündeki iýmitinde yzygiderli ulanýan adamyň bedeninde zyýanly galyndy bolmaýar, onuň ýüregi we beýnisi has gowy işleýär.

Altyn barada

Altyndan ýasalan bezegleri zenanlarymyzyň ählisi diýen ýaly, uly höwes bilen dakynýar. Bu bezeg metaly üstünligiň, berekediň, gözelligiň nyşany hasaplanýar. Il arasynda: «Altynyň gözelligi Aý bilen Günüň arasyndaky asudalygy, ýaraşygy baglaşdyrýar» diýilýär. Emma altyn metalynyň güýji diňe onuň gözelliginde ýa-da gymmatlygynda däl. Dogrusy, ol hemişe beýleki gymmat metaldyr, gymmatbahaly daşlar ýaly, ynamly maýa goýum serişdesi hökmünde ulanylýar. Altyn ylmy tarapdan öwrenilen gadymy metal bolup, ol hem bezeg, hem lukmançylykda ulanylyp gelinýär. Häzirki wagtda hem altyn ylymda we senagatda talap edilýän metal. Dünýäde meşhur bolan bu metalyň möçberiniň ondan bir bölegi farmakologiýada, plastik hirurgiýada, radiasiýa terapiýasynda, kosmetologiýada ulanylýar.