"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Ojagyň öçmejek nury

Maşgalanyň sütüni we abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyz hem enelere hormat goýmak bilen halkymyza sowgat eden «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda her bir ojakda enäniň mukaddesligini aýdyp geçýär. Enäniň söýgüsi hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmajak ýakymly duýgudyr, ony ýönekeý söz bilen düşündirip bolmaýar. Ynsandaky asylly häsiýetler enäniň söýgüsinden döreýär. Enelerimiz bize elmydama görelde bolup durýar. Ene hakynda pikir ýüwürdenimizde şahyr Mämmet Seýidowyň şu goşgy setirleri ýadyma düşýär:

Baş döwletim — maşgalam

Öý her bir maşgalanyň ýaşaýan mukaddes ojagydyr. Öý-ojak, maşgala mukaddesligi hakynda söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasyndan syzylyp çykan, akyl dürüne, paýhas goruna ýugrulan ajaýyp eserlerindäki manyly setirler kalbyňy gaplap alýar. Alym Arkadagymyzyň: «... öý-ojak ynsanyň örküniň baglanan mukaddesligidir... Öý gurmak mukaddeslik ojagyny bina etmekdir. Türkmen öýi — türkmen paýhasynyň dünýä inýän giňişligidir» diýen paýhasly setirleri, öý-ojagyň türkmen maşgalasy üçin beýik mukaddeslikdigini aýdyň ýüze çykarýar. Halkymyzyň arasynda: «Öý — öwlüýä» diýlip ýöne ýere aýdylanok. Öýüň öwlüýä deňelmegi, onuň mukaddeslik saýylmagydyr. Ýurduň, jemgyýetiň tertip-düzgüni, abadançylygy, sagdynlygy, agzybirligi maşgalanyň sagdynlygyna, abadançylygyna, tertip-düzgünine, agzybirligine baglydyr. Maşgala berk bolanda jemgyýet hem berk bolýar, jemgyýet berk bolsa ýurt sarsmazdyr. Bu babatda alym Arkadagymyz: «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Maşgalada özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär» diýip, örän jaýdar belleýär.

Köňül içre ýagşy niýet

Ynsan durmuşyny ýagşylyklar bezeýär. Ýagşylyk etmek, durmuşda haýsydyr bir sebäp bilen kyn ýagdaýa düşen ynsanlary goldamak, ýardam etmek bu biziň ata-babadan gelýän häsiýetlerimiziň biri. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Elden gelen ýagşy işiň bolmasa, Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr» diýýär. Eýsem, durmuşda kimdir birine ýagşylyk etmek üçin hökman egniň «adatdan daşary gahrymanyň» eşigini geýen adam bolmagyň geregi ýok. Ýagşylyk etmek üçin ýaş tapawudam gerek däl, gazanjyň hem durmuşda tutýan ornuň hem hökman däl. Iň esasy ynsanlara we ýakynlaryňa zerur wagty kömek bermegi, ýaşaýan dünýämizi az-kem bolsa-da ýagşylyklar bilen gözelleşdirmegi başarmakdyr. Deňiz suwunyň damjalardan emele gelşi ýaly, ýagşylyklar hem kiçijik, owunjak ýagşylyklardan kemala gelýär. Biz gündelik durmuşymyzda şeýle ýagşylyklaryň ýüzlerçesine gabat gelýäris ýa-da ony dost-ýarlarymyzdan eşidýäris. Geliň, onda ýagşylyklar dünýäsine seýil edeliň.

Bagşyly halk — bagtly halk

«Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýýär, pederlerimiz. Bu, hakykatdan, şeýle. Şahandazlygy bilen asyrlar aşan türkmen iliniň saýrak owazly bagşy-sazandalary ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, bagtyýar ýaşaýşyny aýdym-sazyň üsti bilen wasp edip, halka hemişe ruhy lezzet berip gelýärler. Şu ýerde aýdym aýtmaga höwes bildirip, eline dutar alyp, kynçylyklara garamazdan, halkyň öňüne çykan ilkinji zenan bagşylar barada gürrüň bermek has gyzykly bolsa gerek. «Mukamyň syry» kinofilmine tomaşa eden her bir adam Karkaranyň gaýduwsyzlygyna buýsanýar, oňa meňzäsi gelýär. Şirin owazy bilen kalplara siňen zenan bagşylaryň ilkinjileriniň biri Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurjemal Adyýewa diýsek, ýalňyşmasak gerek. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk obasynda Hanaly aga bilen Aýlar ejäniň maşgalasynda dünýä inen Nurjemal kakasynyň günde-günaşa öýlerine çagyrýan bagşy-sazandalaryny, ýomakçylaryny çaga höwesjeňligi bilen diňlär eken. Hanaly aganyň dutaryň kirişlerine ezberlik bilen erk edişine haýran galyp, barmaklaryny oýnadyp, kirişleri yzarlar eken.

Gülli keçe — ak öýüň görk-zynaty

Biz nepis sungatyň ussady mugallym zenan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 93-nji orta mekdebiniň mugallymy Bazargül Annaýewa bilen söhbetdeş bolup, onuň keçe sungaty we onuň döreýiş aýratynlyklary baradaky gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegii makul bildik. — Keçe taýýarlamak üçin saýgyç, ýüňdarak hem keçe gamşy ýaly gurallar ulanylýar. Keçe senetçiliginde ulanylýan her bir guralyň özüne görä ýerine ýetirýän işi bar. Keçe senetçiliginde gaýratly we başarnykly zähmeti talap edýän esasy işleriň biri hem ýüň saýmak. Ýüňi saýmak üçin saýgyç guraly ulanylýar. Saýgyç tebigatymyzda ösýän gyzyl ýylgynyň çybygyndan taýýarlanylýar. Onuň üçin gyzyl ýylgynyň iň uzyn we göni ösen çybygy saýlanyp alynýar. Çybygyň daşky gyzyl gabygy gyrlyp arassalanýar we ýüň ilişmez ýaly, ýanyp sönen oduň goruna gorsalýar. Saýgyç inçe we ýogyn görnüşde taýýarlanylýar. Inçe saýgyç gytyk ýüňleri hem-de kiçi saýymlary saýmak üçin, ýogyn saýgyç bolsa, ösgün ýüňleri hem-de uly saýymlary saýmak üçin ulanylýar. Keçe üçin, esasan, güýz ýüňi saýlanyp alynýar. Olaryň arasyndan ösgün, gytyk, guzy hem-de baýzy ýüňleriň hersi aýratynlykda saýylýar. Toklynyň güýz gyrkymyndan alnan ýüňe «baýzy» diýilýär. Saýanyňda ösgün ýüňleriň uçlary tiz ýazylýar, gytyk ýüňlere bolsa saýgyjy köpräk urmaly bolýar. Bir saýym ýüňi gowy saýmak üçin azyndan ýüz, ýüz elli saýgyç urmaly bolýar. Ýüň saýyp oturan zenana: «Elleriňe g

Sungata teşne ýürek

Gözellik dünýäsi uç-gyraksyz umman ýaly. Ajaýyp sungat eserlerini synlanyňda dideleriň gözellikleriň dünýäsine atygsaýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Gülara Babaýewa keramikadan dürli şekilleri ýasamagyň ussady, ol ökde nakgaşçy, küýzegär hem dizaýner hökmünde-de tanalýar. Bu zenana ukyp-başarnykdan ýeterlik paý berlipdir. Ussat zenan olaryň sazlaşygyndan ajaýyp sungat eserlerini döredýär. Gülara çagalykdan surat çekmäge höwesli bolýar. Ol, esasan, küýzeleriň, güldanlaryň, çäýnek-käsedir dürli gap-gaçlaryň suratlaryny çekip, ýüzüni dürli nagyşlar bilen bezemegi gowy görýär. Orta mekdebiň soňky synplarynda okaýan wagty ýaş gyzda öz çeken suratlarynyň şekillerini ýasamak höwesi hem döreýär. Gülara ilki plastilinden dürli şekilleri ýasaýar. Soňra olary palçykdan ýasamaga synanyşýar. Bu işde oňa kakasy Ereş aga, ejesi Hemragül ene ýerli-ýerden kömek berýärler. Çagalykdan ýüreginde beslän arzuwy ýaş zehini Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebine alyp barýar. Ol ýerde mugallymy Tatýana Ostaşowadan sungatyň inçe syrlaryny öwrenýär.

Sowal

Çaga diýeniň beýle soranjaň bolýan eken. Bir soragdan sypsaň ikinjisini, onsoň üçünjisini, dördünjisini... aý garaz, şol sorag baryny ýagdyryp gidip otyr. Özem jogabyňdan hiç kanagatlanmaz. Barmajygyny agzyna sokup, gözleri bilen soraga öwrülip, şol ýüzüňe seredip durandyr. Berýän soraglary käte aljyradyp barýar. Çaga diýjeksiň weli, seniň beýläňden gelip, bilmeýäniňe müýnürgemeli edip dur, asyl käte. Käbir berýän soraglarynyň jogabyny biljek bolsaň, uzakly gün pikirlenip ýörmeli. Göräýmäge berýän sowallary bir görseň-ä çylşyrymly ýaly, bir görseňem juda ýönekeý ýaly, bir görseň bir sözde jogap tapyp boljak, bir görseňem näçe ýaňrasaň-da jogabyňdan kanagatlanmajak ýaly bolup dur. «Näme üçin gündiz Gün dogýar?», «Menem siz ýaly uly bolarmykam?», «Näme üçin ýyldyzlar şeýle köp bolsa-da, Gün ýaly ýalbyrap duranok?». Bir gün jaýyň daşyny agardyp ýörkäm, oglum bir ýerlerden haýdaşlap geldi. Durup-durmanam sowal ýagdyryp başlady:

Obam (oýlanma)

Eziz obamyň ýakymly, salkyn şemally säheri, asuda gijesi, onuň mähriban adamlarynyň ýüz keşbi gaýta-gaýta hyýalymda janlanýar. Çagalygymyň geçen ýerlerine gaýybana syýahat edýärin. Ýaşlygymyň süýji ýatlamalary meni hyýalymda ýene göbek ganym daman topraga, eziz obama, mähriban ýaýlama dolaýar. Göwnüme bolmasa, çagalygymyň aýak yzlary obamyň gumaksy ýollarynda heniz-henizlerem saklanan ýaly. Anha, okamagy, ýazmagy öwreden, durmuşyň ak ýollaryna ak pata beren mekdebim otyr, obanyň bir gyrasynda. Bilim-terbiýe berip, edep-ekram öwreden mähriban mugallymlarym ýaşaýar, eziz obamda. Topragynda ezizlerimi, pederlerimi penalap oturandyr, mähriban obam. Önüp-ösen ojagym, her wagt doganjyklarymy bir saçagyň başyna jemleýän düýp öýüm, garry öýüm bar, obamda. Syr alşyp, syr berşen deň-duşlarym, joralarym ýaşaýar, obamda.

Şahyryň sowgady

Geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegini halkara derejede wagyz etmek maksady bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat guraldy. Bu zyýarata Türkmenistandan baran wekiliýetiň düzüminde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekili hökmünde maňa hem gatnaşmak miýesser etdi. Türkmen edebiýatynyň iki ägirdiniň egin deňläp ýatan aramgähinde dünýä meşhur akyldarlarymyzyň ruhlaryna salama barlan pursatlarda Türkmenistandan baranlar ýerli türkmen watandaşlarymyz bilen örän tolgundyryjy duýgulary başdan geçirdiler. Goňşy döwletde ýaşaýan ildeşlerimiziň senaly dillerinde Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň ruhlaryny tirsegine galdyryp, olary hatyralap, şeýle-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, daşary ýurtly türkmen doganlarymyzyň türkmenistanly watandaşlary bilen didarlaşmagyna döreden mümkinçilikleri üçin iki ýurduň Prezidentlerine, türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza soňsuz alkyşlar beýan tapdy. Sapar tamamlanyp, ulaga münjek bolup duran wagtymyz ýanymyza Eýranda ýaşaýan iki sany türkmen gelni gelip, salaml

Rowaýatyň mesgeni

Giň meýdany tutýan Daýahatyn kerwensaraýy (il arasynda «Baýhatyn» diýlip atlandyrylýar) gadymy Jeýhunyň çep kenaryndan uzak bolmadyk çäkde ýerleşýär. Ol bir müň ýyla golaý mundan öň Amuldan Horezme alyp barýan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, häzirki Türkmenabat şäherinden 170 km demirgazyk-günbatarda bina edilipdir. Bu Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýoly boýunça Gündogaryň we Günbataryň arasynda güýçli söwda bolan döwürden has kämil görnüşde saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir. Onuň diwarlary, derwezeleri, toplumlary we gümmezleri çig we bişen kerpiçden gurlupdyr. Kerwensaraý ýerleşiş meýilnamasy boýunça 53 metr bolup, taraplary dörtburçluk görnüşe eýedir. Içerki dört eýwanly howlusynyň daşyny gurşaýan otaglaryň öňünde gaýtalanýan arkaly däliz ýerleşýär. Daýahatyn kerwensaraýy gala diwarlary bilen emele gelen örän uly gönüburçly howly giňişliginde bina edilipdir. Galanyň burçlarynda hem tegelek minaralar gurulypdyr. Olaryň arasynda peştag böleginden başga-da simmetrik ýerleşdirilen gönüburçly diňjagazlar bar. Arheologik gözlegler onuň diwarynyň IX-X asyrlarda gurlandygyny we «tahyriýa» diýlip atlandyrylan arap köşgüniň galan bölegi bolup durýandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Gazak edebiýatynyň kerwenbaşysy

Geçen asyrlarda ägirt uly döredijilik kuwwatynyň pajarlap ösmegine, köpasyrlyk taryhy gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýmak, ygrarly goňşuçylyk däpleriniň, umumy ruhy gymmatlyklaryň uly üstünliklere beslenmegine bimöçber goşant goşan söz sungatynyň wekilleriniň onlarçasy ýaşap geçipdir. Şolaryň biri hem gazak halkynyň akyldary Abaý Kunanbaýewdir. Gurply maşgalada kemala gelen dananyň hakyky ady Ybraýymdyr. Onuň «Abaý» adynyň manysy «örän ünsli», «üşükli» diýmegi aňladýar. Gazak halkynyň görnükli jemgyýetçilik işgäri, tanymal akyldary we meşhur söz ussatlaryň kerweniniň ilkinji wekili hasap edilýän Abaý Kunanbaýew 1845 — 1904-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçýär. Häzirki zaman gadymy we köp žanrly gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy, iň öňdebaryjy döwlet, jemgyýetçilik işgärleriniň biri bolan Abaý Kunanbaýew Semipalatinsk şäherindäki Ahmet Reza adyny göterýän medresäni we ýerli rus mekdebini üstünlikli tamamlaýar. Ol bu okuw jaýynda dürli dillerdäki golýazmalary, hatdatçylyk ýazuwlaryny okamakda, jiltlemekde, sözleýşiň köpdürli orta asyr medeniýetiniň hazynalarynyň, folklor miraslarynyň, türkmen, gyrgyz, özbek, uýgur, tatar, rus we ýewropa halk hünärmentçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň aýratynlyklaryny kämillik bilen çuňňur, düýpli özleşdirmekde, taryhy, edebi-çeperçilik miraslaryň görnüşlerini, ygtybarly we nepis ýazuw ýadygärliklerini, şahyrana sýužet ýordumlar

Dymma

Geçen asyryň segseninji ýyllarydy. Işe ýaňy başlan döwürlerimde bir tanşym: — Dost, aýtsana, seniň üçin ýanýoldaşyň bir diýeniňe ikini gaýtaryp duran, dogumly bolany gowumy ýa-da dymma bolsa gowumy? — diýip sorady. Meniň bolsa ýaňy öýlenen günlerimdi. Onuň haýsynyň gowudygyna entäk doly göz ýetirip ýetişemokdym. Onda-da meniň göwnüme dymmarak bolsa kem däl ýaly bolansoň:

Türkmen gyzy, ýeňiş seniňki bolsun!

Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň nyşany bolan sport äleminde öz mynasyp ornuna eýe bolup, at-abraýyny barha berkidip gelýän ýurdumyzyň ezber türgenleri bu gün nobatdaky dünýä möçberli halkara sport ýaryşyna gatnaşýar. Bu buýsançly waka mynasybetli paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda geçirilen 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiada gatnaşýan türkmen türgenlerine iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz türgenleri XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň öňde boljak dünýäniň iri sport baýramçylygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde parlatjakdyklaryna ynam bildirdi. Şeýle belent ynama mynasyp bolan türgenleriň deň ýarysynyň gyzlar bolmagy, türkmen zenanynyň dogumly hem edenli keşbi bolup aňymyza müdimi siňen Altynjan hatyn, Zarina, Nurça perreň, Güljemal han ýaly taryhda uly yz goýan zenan şahsyýetlerimizi hyýalymyzda gaýtadan janlandyrdy. Pariž Olimpiadasyna sportuň dzýudo görnüşi boýunça gatnaşýan 19 ýaşly Maýsa Pardaýewa, suwda ýüzmek boýunça güýjüni synajak 17 ýaşly Aýnura Primowa sport äleminde ýaş türgendiklerine garamazdan, öň milli

Şygryýet

Şeker HUSEÝINOWA

Ýagşy söz dünýäni gezýär

(Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). — Uzaga şaýlandyňyzmy?

Ýatkeşligi ösdürmegiň ýollary

Ýatkeşlik ýaşaýyş-durmuşymyzda esasy zerurlyklaryň biri. Okan zadyňy, eseri we başdan geçirmeleri ýatdan çykarmazlyk gymmatly hazynadyr. Käbir zatlary ýatda saklamakda kynçylyk çekip bilersiňiz. Esasanam, soňky döwürde bu diňe bir uzak ýaşlylaryň arasynda däl, eýsem, ýaşlaryň arasynda-da ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Ýatkeşligi ösdürmegiň ýörite bejergisi ýok, onuň üçin psihologiki goldaw, özüňize bolan ynam we isleg gerek. Şeýle ýagdaýda iň möhüm zat ýatkeşligi ösdürmegiň ýollaryny gözlemekdir. Olaryň käbirleri dogrusynda aýdyp geçeliň.

Süýt önümleri barada

Mirasgär Ogulbaýram Kulyýewanyň süýt önümleri, ony taýýarlamak baradaky maslahatyny okyjylarymyza hödürleýäris. Geçi süýdi

Ýandakly gawun suwsatmaz

Baldan süýji gawunlar türkmen halkynyň milli baýlyklarynyň biridir. Täze döwrebap görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda bitýän türkmen nygmaty halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, mähirli gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär. Kerwen arkaly Gündogardan Günbatara geçen täjirler Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen türkmen halkynyň myhmansöýerligine, bu toprakda ýetişýän datly miweleriň tagamyna haýran galypdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda edilýän söwda-satyk emelleriniň biri-de türkmen gawunlary bilen baglanyşykly bolupdyr. Kerwenler bilen äkidilýän tagamy boýunça iň süýji gawunlar Merwde bitipdir. Bu gawunlar uzak ülkeleriň baý öýleriniň islegli harydy bolup, olar arap halyflarynyň, hytaý imperatorlarynyň, hindi patyşalarynyň saçagyny bezäpdir. Gawunlar Soltan Sanjaryň, Baýram han Türkmeniň we beýleki türkmen hökümdarlarynyň lezzetli iýmitleriniň biri bolupdyr.

Islendik tagamyň islendik wagtda

Täze tehnologiýalaryň, «akylly» enjamlaryň eçilýän nygmatlary ynsana lezzet berýär, şol bir wagtda hem gymmatly wagtymyzy tygşytlaýar. Edil innowasion dünýäniň özi ýaly olar hakdaky gürrüňler hem giň, şonuň ýaly-da, gyzykly. Bilşimiz ýaly, tehnologiýanyň kämilleşmegi bilen, aşhana enjamlary hem has döwrebaplaşýar. Munuň özi öý bikeleriniň zähmetiniň azalmagyna, esasan hem, wagtynyň tygşytlanmagyna getirýär. Sözbaşymyzda agzan mümkinçiligimizi biz «Xiaomi» meşhur hytaý kompaniýasy tarapyndan öndürilen «AirFryer» atly aşhana enjamynyň kömegi arkaly gazanyp bileris. Ol türkmen dilinde «gowrujy enjam» diýmegi aňladýar. Döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, özboluşly we amatly dizaýny, mümkinçiliklere baýlygy, täsin görnüşi bilen tapawutlanýan bu enjam eýýäm uly meşhurlyga eýe boldy. Häzirki wagtda oňa milli aşhanalarymyzda hem gabat gelmek mümkin. Bu innowasion enjam köp ýag sarp etmezden ýa-da düýbünden ýagsyz dürli tagamlary bişirmek üçin amatlydyr. Şonuň bilen birlikde, ol islendik nahary çalt bişirmäge mümkinçilik berýär. Diýmek, az ýagly iýmitleri tiz taýýarlamak isleýänlere indi hiç hili bökdençlik ýok.

Binagärligiň ussady

Ak mermere beslenip oturan gözel paýtagtymyzyň köçelerinden ýöräp barşyňa, daş-töweregiňdäki kaşaň-kaşaň, biri-birine meňzemeýän, milli öwüşginli binalary synlap, ynsanyň döredýän gözelliklerine haýran galýarsyň. Mukaddeslikleriň sanawyna girýän bina gurmak ýaly asylly iş nesillere ýadygär bolýar. Şu zatlar barada pikirlenenimde, zenan synçylygy, duýgurlygy bilen täsinlikler dünýäsini döredýän zenanlar ýadyňa düşýär. Eýsem, ajaýyp sungat eserleri bilen özüni dünýä meşhur eden bu zenan kimkä? Kazuýo Sejima 1956-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Ýaponiýanyň Ibaraki ülkesinde dünýä inýär. Agaç ussaçylygyny edýän atasynyň binagärlik we dizaýn işlerini synlamak ýaşajyk Kazuýo uly täsir edýär. Ol Ýaponiýanyň Zenanlar uniwersitetinde okaýar. Binagärçilik hünärini has içgin öwrenmegi, onuň daş-töwerek bilen yzygiderli garyşýan giňişlikleri döretmäge bolan höwesini artdyrýar.