"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Gözüň ýadawlygyny nädip aýyrmaly?

Gynansak-da, käbirimize kompýuteriň başynda oturyp kino görmek ýa-da oýun oýnamak, uzakly gün diýen ýaly el telefonlaryny ulanmak endige öwrüldi. El telefonyny, kompýuteri aşa köp ulanmak, gözüň ýadawlygyndan, gyzarmagyndan başga-da, ýakyndan görmezlige eltip bilýär. Şonuň üçin hünärmenler tarapyndan bellenilen göz maşklaryny çagalardan başlap, uly ýaşlylara çenli ýerine ýetirmeklik maslahat berilýär. Tehnologiýalar işi ýeňletse-de, kähalatda göze agram berip, ýadadyp bilýär. Gözüňiziň görüjiligini goramak hem-de ýadawlygyny aýyrmak üçin maşklary size hödürleýäris. Şeýle maşklary günüň dowamynda iş wagtynyň aralygynda 3 — 5 minut ýerine ýetirip bilersiňiz.

Düýe bezegleri

Düýebaşlyk — dürli-dürli dörtburç mata parçalaryndan küşt tagtasynyň öýjükleriniň görnüşinde tikilýän alajaly, gotazly, seçekli, düwmejikli, bäbek galpakly bezeg. Düýebaşlyk haly görnüşinde-de dokalýar. Düýebaşlyk düýpli gyňaçlaryň nagyşly parçalaryndan hem taýýarlanylýar. Düýebaşlyk kürteler, çyrpylar ýaly keşdelenip hem taýýarlanylýar we düýäniň kellesinden başlap tutuş üstüne atylýar. Ol, köplenç, gelin edinmäge toýa gidilende ulanylypdyr. Düýedyzlyk — düýebaşlyk ýaly, dürli görnüşde taýýarlanyp, düýäniň dyzlaryna bezeg hökmünde dakylýar.

Bölek matalardan düşekçe

Gerekmejek mata bölekleri, geýilmeýän köýnekler her bir gyz-gelinde bar bolsa gerek. Şeýle goşlardan, könelişip ulanylmaýan käbir mata böleklerinden öýleriňize ýaramly zatlary tikip bolýar. Oturgyçlaryň üsti, girelgeleriň öňi ýa-da hammamlar üçin oňaýly, ýeňil hem-de ýuwmasy aňsat düşekçeleri ýönekeýje we amatly usulda taýýarlanylýar. Düşekçeleri öz islegiňiz boýunça dürli ölçegde taýýarlap bilersiňiz.

Öý bikesi öwrense...

Gaplanan pomidor Gerekli önümler: 3 kg iri we suwly pomidor, 2 kg ownuk pomidor, 1 kg bulgar burçy, 2 tokga sarymsak, duz, şeker, ajy burç we döwülmedik gara burç..

Gök-önümler gaplananda säwliklere ýol bermäň!

Dürli miweleriňdir gök önümleriň ýetişýän döwründe gyş üçin işdäaçarlary, mürepbeleri, gaýnatmalary taýýarlaýan gelin-gyzlarymyza birnäçe maslahatlary beresimiz gelýär. Iýmit önümleri gaplananda arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmedik halatynda, dürli keselleriň döremegi mümkin. Botulizm iýmit zäherlenmesiniň arasynda iň agyr geçýäni hasaplanýar. Kesel dörediji mikrobedenler toprakda, suwda uzak wagtyň dowamynda daşyna örtük emele getirip ýaşamaga ukyply bolýar. Olar guşlaryň, ot iýýän we beýleki haýwanlaryň içegelerinde ýaşaýar hem-de daşky gurşawa täret arkaly düşýär. Botulizm keselini döredijiler toprak we suw arkaly ekin meýdanlarynda ýetişdirilýän gök önümlere hem aralaşýar. Arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmese, olar gök önümleriň üsti bilen gaplanýan çüýşeleriň içine hem düşüp bilýär. Keseli döredijiler howasyz, ýagny kislorodsyz şertlerde örtüginden çykyp, howply zäheri bölüp çykarmaga başlaýar. Ähli kesel döredijileriň zäherleriniň arasynda botulizmi döredijiniň bölüp çykarýan zäheri iň howplusy hasaplanýar. Ol iýmit önüminiň hilini we tagamyny üýtgedenok. Keseliň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykmasynyň dowamlylygy adamyň bedenine düşen zäheriň mukdaryna bagly bolýar. Köplenç halatda ol, 6 — 24 sagadyň dowamynda ýüze çykýar.

DÖRT BURÇLY KIPREÝ / Кипрей четырехгранный

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Dört burçly kipreý - kipreýler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 50-100 sm köpýyllyk otjumak wekili. Ýaşyl we açyk ýaşyl baldakly ösümlik, ýanýapraklaryny emele getirýär. Baldagy ýönekeý ýa-da şahalanan, göni dört sany aşaklygyna, ýokarkylary birneme saýgarylýan uzaboýuna çyzykly, gyralary epilmedik ýaprakly, ýokarsy ýaýraň gysga gysylan tüýlüje, soňra tas tüýsüz. Aşaky ýapraklary garşylyklaýyn, ýokardakylary birnäçe, süýri ýa-da pahna görnüşli, käte tas çyzykly neşder şekilli, sapaksyz, baldakdan gaçmaýar, köplenç, ýeterlik deň däl diş-diş, tüýsüz, ýiti, ýa-da aşagy kütelişen.

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Sentýabr 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Hamallar hem sentýabr aýynda öz häsiýetlerindäki käbir kem-käs ýerleri düzetseler, üstünlige barýan ýoluň ep-esli bölegini geçdikleri bolar. Ilki anyk maksat goýup, soňra hereket ediň. Bu aý siziň iş ýagdaýyňyzyň birsydyrgyn bolmagyna garaşylýar. Eger bilimiňizi artdyrjak ýa-da tejribe babatda goşmaça sapaklara ýazyljak bolsaňyz aýyň başy amatly bolar. Aýyň ikinji ýarymynda ýeňil-ýelpaý isleglere aldanyp, ähmiýetsiz zatlaryň söwdasy zerarly çykdajy etmegiňiz ahmal. Sentýabrda hamallar özlerini örän oňat duýarlar. Şeýle-de bolsa aýyň ahyrynda agyr-artyk hereket etmän, köpräk dynç aljak boluň.

Tüwi we onuň peýdasy

Tüwi gözellik önümi hökmünde köp ýyldan bäri ulanylyp gelinýär. Soňky döwürde tüwi suwy, kremi we düzümi tüwüden ybarat bolan beýleki önümler gelin-gyzlar tarapyndan köp ulanylýar. Tüwi diňe bir iýmitlik üçin däl, eýsem, ýüzüňiziň janly we owadan bolmagy üçin zerur önüm. Onuň düzüminde minerallar, antioksidantlar, B, C we E witaminleri hem-de sekiz sany möhüm aminokislotalar bar. Ol diňe bir bedeniňiz üçin däl, deriňiz we saçyňyz üçin hem örän gymmatly serişdedir.

Keçe ýylysynyň ýakymy

«Adam eli, gyzyl gül» diýleni. Gözellige, bagta teşne bolup, gowulyga ymtylmak, süýji arzuwlary hemra edinmek adamyň tebigatynda bar. Zenanlarymyzyň  mähir-yhlas siňdirip döredýän ajaýyp milli mirasy bolan keçeleri bileklerinde basyp, çeper ellerinde sünnäläp ýylysy ýakymly ajaýyp keçelerimiz zenan kalbynyň syrly hazynasydyr.

Türkmen türgenlerine üstünlik arzuw edildi

Şu gün — 22-nji iýulda Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirjek 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž  şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugradyş dabarasy boldy.  

Beýik söz ussadynyň hormatyna

Şu gün, 17-nji iýulda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik hem-de haly önümleriniň we halyçylyga degişli sungat eserleriniň sergisi guraldy.

Sungatyň hem sözüň baýramy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag şäherinde ýokary derejede dabaralanan Medeniýet hepdeliginde sözüň, sazyň, ussatlygyň güýji belende galdy. Şahyrlaryň süýjüden-süýji goşgulary, ýazyjylaryň çeper söze siňen kyssalary, zergärleriň sünnälige beslenen şaý-sepleri, on barmagyň hünärinden kemal tapan keşdelerdir halylar, dutardyr gyjaklardan syzylyp çykan mukamlar... ýakymy, şirinligi, gözelligi bilen göwünleri çoýdy, ýürekleri has-da ýakynlaşdyrdy, hakydalary bezedi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde myhmanlara Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Älem nury» atly sahna oýnunyň we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Magtymguly» operasynyň görkezilmegi has ir döwürlerde dörän teatr sungatynda kalplara ýakym çaýýan milli ruhuň kemala gelendigini aýan etdi.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: alys ýollar, ýakyn gatnaşyklar

Garaşsyzlyk ýyllary ýurdumyz üçin täze hyzmatdaşlyk ugurlarynyň, söwda-ykdysady ýollaryň açylyp, dünýä halklary bilen dost-doganlyga beslenýän gatnaşyklaryň giňeýän döwri boldy. Berkarar döwletiň esaslarynyň mizemez binýady kemala getirilip, halkyň täze taryhynyň şan-şöhratly ýyl ýazgysy ýatdan çykmajak buýsançly wakalar bilen baýlaşyp gitdi. Şu döwürde döwletliligi pugtalandyrmagyň, içerki ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde daşary gatnaşyklar strategiýasyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde köp oňyn netijeler gazanyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan üçin strategik hyzmatdaş bolan köp döwletler bilen gatnaşyklaryň hemişelik, berk esaslary döredildi. Koreýa Respublikasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu ýurt bilen Türkmenistanyň arasynda indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri syýasy-diplomatik gatnaşyklar üstünlikli dowam edip gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-11-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana iki günlük döwlet sapary döwletara gatnaşyklaryny has ýokary derejelere ýetirmäge täze itergi berdi.

Altyn şuglaly mekan

Döwletimizde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, energetika pudagyny ösdürmek babatda üstünlikli işler amala aşyrylýar. Pudakda önümçilige öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň möçberi ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ýurdumyzda energiýa gurluşykçylarynyň zähmetsöýerligi netijesinde energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak işi taslama laýyklykda dowam edýär. Taslamanyň birinji tapgyry 2021-nji ýylda Ahal—Balkan bölegi, 2023-nji ýylda Mary—Ahal bölegi boýunça işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Daşoguz welaýatynda «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň garamagyndaky «Altyn Tug», «Ýedi tolkun» hususy kärhanalarynyň işjanly gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilen ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň Balkan—Daşoguz ugry boýunça üçünji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi, her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany täze elektrik beketleriniň açylmagy ähmiýetli wakalaryň biridir.

Kalplary şatlyga beslän pursatlar

Durmuşda kähalat garaşylmadyk şatlykly wakalar bolup geçýär. Şeýle şatlykly wakalar, hoş habarlar aýratyn ýatdan çykmajak pursatlary bagyş edip, ynsan ömrüni uzaldýar. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy Tawus Öräýewa hem garaşylmadyk pursatda uly şatlyga eýe boldy. Ol indi on ýyla golaý wagt bäri oguljygy Mekanyň derdi bilen «dertdeşdi». Dogabitdi näsag oglunyň derdine şypa gözläp edilen emler, alnan bejergiler kän bir haýyr bermese-de, ene umydyny üzmedi. Onuň bar arzuwy çagajygynyň deň-duşlarynyň hataryna goşulyp, ýöräp, ylgap gezmegidi. Ynha, bir günem ýaş ene Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde oguljygy Mekanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa ediljekdigi baradaky hoş habary eşitdi. Tawusyň gözlerinde umyt uçgunlary alawlady. Ol indi Mekanjygyň sagalyp, aýaga galjakdygyna ýüregi bilen ynanýardy. Çünki lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda onlarça çaganyň çylşyrymly operasiýalary geçirip, deň-duşlarynyň arasyna goşulandygyndan teleýaýlymlar, metbugat sahypalary arkaly habarlydy. Uly umyt hem sabyrsyzlyk bilen garaşylan günde eli ýeňil lukmanlarymyz tarapyndan edilen operasiýa şowly bolup, Mekan aýak üstüne gald

Inçe senetden beýik sungata çenli

Ýurdumyzda medeniýet işgärleriniň hünär baýramynyň uludan toýlanýan günlerinde paýtagtymyzyň iň owadan ýerleriniň birinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyny synlap oturyşyma, juwan ýaşlygyň süýji günlerine dolaýan bu ýatlama hakydama şol günki ajaýyplygy bilen doldy. Elbetde, ondan öň hem çykyşlar bolandyr. Ýöne men ony, ol gün ilkinji gezek mawy ekranda synlap, ünsüm düşen pursadym edil şu günki ýaly bolup gözümiň öňüne gelýär. Syrdam syratly, ak ýüzli, maral gözli, şirin owazly gyz ol gün serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň «Men senden özgäni söwer ýar etmen» diýen aýdymyny ýerine ýetiripdi. Başy gültahýaly, şamar gara saçy iki örülip öňüne sallanan gyzyň mahmal owazy, şirin labzy bada-bat ünsümi özüne çekipdi. Çaga-da bolsam, şol wagtky türkmen estradasyna «täze gelen nowgülüň» howalasynyň üýtgeşijek täsirini duýanym häzirki ýaly ýadymda. Il-gün edil terezi mysaly. Ussatlyk derejäňe derrew baha berýär. Şol üýtgeşikligem, köplerden saýlanmaklygam ussat halypany şeýle derejeli günlere ýetirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ruhubelent şygarly ýylda şunuň ýaly ajaýyp sungat ojagynyň bina edilmegi milli medeniýetiň ösüşiň möhüm ugry hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. «Dokmaçylar» medeni merkeziniň ýurdumyzda gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylan medeniýet we sungat edaralarynyň üstün

Daýhanyň daýhan gyzy

(Zarisowka) Öz döwründe päk zähmeti bilen adygan Meret brigadiri diňe bir «Gökdepe» daýhan birleşiginde däl, Baýramaly etrabynda-da tanamaýan az-az eken. Daýhan birleşikde oba hojalygy bilen bagly geçirilýän ýygnaklarda haýsy-da bolsa bir mesele ýüze çyksa, häli-häzirlerem: «Häk, Meret brigadir bolanlygynda, «çöp döwen ýaly» ederdi» diýilýändigi hem ýöne ýerden däl. Gahrymanymyz Nurgözel gelneje-de şol atly brigadir Meret Ataýewiň gyzy. Ömrüni daýhançylyga bagyş edip, daýhan birleşikde 30 ýyldan gowrak brigadir bolup işlän Meret aga öz kesbi-kärini gyzyna-da kemsiz öwredipdir.

«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym»

Eserler içinde bir kitap gördüm,«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym».Okadym, edebiň gülüni tirdim,«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym». Mährem eneleriň keşbi bar munda,Heňňamlara siňen kesbi bar munda,Zenan dünýäsiniň köşgi bar munda,«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym».

Mähir ojagy

(Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). Ejemiň işleklisi. Göwnüme bolmasa, ejemiň hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly işlekli bişiriş usuly bardy. Çünki işlekliniň şol usulda bişirilişine soňy bilen hiç ýerde gabat gelmedim. Ejemiň nahar bişirýän ojagynyň öň (agyz) tarapynda ýer bilen gyradeň edilip, bir inedördül metr meýdança oda çydamly bişen kerpiçlerden tekiz örülendi. Kerpiçleri ojagyň agzyna golaý aralykda örmeginiň sebäbini öten-geçeniň ony basgylamazlygy üçin diýip düşündirerdi. Işlekli bişirjek mahaly şol kerpiçleriň üstüne 5-6 sm galyňlykda arassa çägäni ýazyp, onuň üstünde ojar (sazak) böleklerini üsti-üstüne tertipli örerdi. Soňra ojar oduny tutaşdyryp goýbererdi.

Älemiň täsin aýnasy

(Oýlanma) Tomsuň mährem ýüregiň yssysyna meňzeş howaly günleriniň birinde iş otagymyň penjiresinden daşaryny synlap oturyşyma, dünýäni gelşigine getirýän pasyllar hakda oýlanýaryn. Ynha aýdaly, «gyş» diýilse, eliň tozgalap duran ýumşajyk ak gara degen ýaly bolýar, «güýz» diýilse, hamana, gaýyp gelýän sary ýapraklaryň biri egniňe düşen ýaly, ýakymly tisginýärsiň, «bahar» diýilse, burnuňa elwan gülleriň hoşboý ysy gelip, gulagyňa-da guşlaryň saýrak nagmasy eşidilýär, «tomus» diýilse bolsa...