"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Dünýä uzaýan ýollar

He JIN, Hytaý Halk Respublikasynyň «Hainan Weidu Internasional Travel Co., Ltd» syýahatçylyk kompaniýasynyň prezidenti:

Ýeňiljek torbanyň tikilişi

Torba üçin gerekli esbaplar: — Ini 40 sm, uzynlygy 60 sm bolan güllüje we reňklije mata bölegi

Arpyşdaklamak

Tikiniň bu görnüşiniň düşnükli bolmagy üçin köýnegiň ýakasyny mysal alalyň. Ir wagtlarda ýakanyň gyýysyna-da bir alaja işilip, berklik-owadanlyk üçin tikilerdi. Ýa-da alaja ýüpe derek ýüpegiň gowy hilini nepis işip, iňňä sapyp, ýakanyň gyrasy ýa-da gyýynyň gyrasy ilki özüňe tarap ýörmelerdi, soň bolsa onuň tersine ýörmelerdi. Şeýdip, terslin-oňlyn ýörmelende, iňňäniň girip-çykýan ýerleri birigip, ýaňky ýüpek sapakdan arynyň öýjügine, aýak yzyna meňzeş, şeýle hem hünji düzülen ýaly tikin emele gelýär. Şol tikine hem arpyşdaklamak diýilýär.

Öý bikesi öwrense...

Ýumurtgaly börek Gerekli önümler: 500 g un, 11 sany ýumurtga, 8 nahar çemçe ösümlik ýagy, ýarty desse arpabadyýandyr şibit, gaýmak, suw, duz, gara burç.

Gün urmadan goranyň!

Tomus aýlarynda käbir adamlar Günüň şöhlesine gyzyp ýatmagy halaýar. Ultrafiolet şöhlesi adamda begenç gormonynyň (serotoniniň) bölünip çykmagyna kömek edýär. Şonuň üçin ýyly, aýdyň howada adamyň keýpi göterilýär. Mundan başga-da, Günüň şöhlesiniň täsiri astynda adamda «D» witamin sintezirlenýär, bu bolsa adamyň kesele garşy immun ulgamynyň birsydyrgyn işlemegine ýardam berýär. Gynansak-da, Günüň aşagynda köp gezilmeginiň Gün urma bilen gutarmagy mümkindir. Bu ýagdaý — Gün şöhlesiniň kelläniň üstüne uzak wagtlaýyn täsir etmegi merkezi nerw ulgamynyň işiniň bozulmagyna getirip bilýär. Gün urmada esasy urgyny kellebeýni çekýär:

DEŇIZ PIŞIKGUÝRUGY/ Многобородник морской

Häsiýeti. Dagetek-düzlük derman ösümligi. Deňiz pişikguýrugy - däneliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 5 — 40 sm birýyllyk otjumak wekili. Oky çuň iki kepjeli, ujy teňňelije. Gül teňňejigi gylçyksyz ýa-da gysga näzik okly, uzynlygy 10 (15) millimetrden geçmeýär, käte ol uzynrak. Aşaky gül teňňejigi gylçyksyz. Okunyň başjagazy teňňejikli, ondan 3-4 esse uzynrak. Oky başjagazly ýa-da gül teňňejikli. Başy azda-kände tüýlüje, seýrek tüýsüz.

Ýyldyzlar näme diýýär? Awgust 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Hamallar bu aýyň başyndan işjeň häsiýetde bolarlar. Bu, aýratyn-da, döredijilik, sungat bilen meşgullanýan hamallar babatda şeýle bolar. Olara aýyň başynda gyzykly tanyşlyklar garaşýar. Bu tanyşlygyň soňunyň has ulurak netije bermegi-de ähtimal. Hamallar meýilleşdiren işlerine juda jogapkärçilikli çemeleşmelidirler. Tejribeli adamlaryň beren degerli maslahatlary olaryň işinde öňegidişlikleriň bolmagyna oňyn ýardam eder.

Owadan görnerin diýseňiz...

Tomus aýlarynda ýüzüňize nähili ideg etmeli? Bu gyz-gelinleri gyzyklandyrýan esasy sowallaryň biridir. Güneşli günlerde derä ideg etmekligi, hakykatdan hem, ünsden düşürmeli däl. Diňe şeýle ýagdaýda öz gözelligiňizi gorap, ýaşlygyňyzy saklamak mümkin bolar. Owadan, parlak deriniň esasy syry ýüze gündelik ideg etmekdir. Ideg üç basgançakdan ybarat: derini arassalamak, nemlendirmek we Günden goramak. Derini günde iki wagtyna irden we agşam arassalamaly we nemlendirmeli. Tomus möwsüminde ýüzüň derisiniň ýagdaýyna we daşky görnüşine ýaramaz täsir edýän birnäçe faktorlardan gaça durmaly. Olaryň biri ultramelewşe şöhleleridir. Olaryň täsiri astynda deriniň reňki garalyp, öýjükleriň garrap, ýygyrtlaryň emele gelmegi çaltlanýar. Şonuň üçin telefony hem-de kompýuterleri ýeterlik derejede ulanmaly. Güneşli howalarda gözüňize äýnek dakynyp, saýawan götermeli.

Täze eýýamyň üme dessury

Eziz Diýarymyzda milli gymmatlyklarymyzyň, gadymy däp-dessurlarymyzyň has-da kämilleşmegi hem-de dünýä ýaýylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.  Ene-mamalarymyzyň el hünäri bolan keşdeçilik, halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.  Ýurdumyzda üme dessury bilen baglanyşykly «El hünäri — il gezer» ady bilen birnäçe çäreler we bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Dabaraly çäreleriň dowamynda sungat derejesine ýetirilen çeper el hünärimiziň özboluşly aýratynlyklary giň beýanyny tapýar. Keşdelere, göllere siňen durmuş hakykaty barada söhbet edilýär.

«MAGTYMGULY ZERGÄR» ESERI

Garaşsyzlyk döwrüniň syýasy we ruhy talaplaryny berjaý etmekde şekillendiriş sungatynyň orny uludyr. Türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly goşant goşan suratkeşleriň birnäçesi Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini dürli usullarda janlandyrypdyrlar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden «Magtymguly Pyragy» kanoniki portretinden başlap, şu günlerde döredilýän Pyragynyň keşbini synlanyňda şol döwre mahsus duýguny başdan geçirýärsiň. Aýhan Hajyýew 1959-njy ýylda ýerine ýetiren «Magtymguly zergär» atly işini şahyryň kanoniki portretine esaslanyp, şahyry ХVIII asyra degişli egin-eşikler bilen suratlandyrýar, şeýle hem Magtymgulynyň diňe bir şahyr däl-de, eýsem ussat zergärdigini açyp görkezýär. Eserde Magtymguly Pyragy ak öýüň içinde eline zergärçilik gurallaryny alyp, gülýaka ýasaýan pursatynda şekillendirilýär. Şahyryň keşbine seredeniňde, onuň öz kärinden lezzet alýan adamyň duýgusyny, rahatlygyny, özüne bolan ynamy görýärsiň. Şahyryň garaýşynda öňdengörüji pikirli adamyň häsiýetini görmek bolýar.

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

 2023-nji ýylyň 29-njy iýuny ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol gün gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan sebitde deňsiz-taýsyz Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 29-njy iýunynda bolsa ýaşlygyň, ýaşlaryň hem geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň bir ýyllygy dabaraly bellenilýär. Täze şäher türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesidir.

Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy

Şu gün, 27-nji iýunda  Medeniýet  we sungat  işgärleriniň  hem-de  Magtymguly  Pyragynyň  şygryýet  güni  mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine  gatnaşyjylar säher bilen  Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goymak dabarasyna gatnaşdylar. Tebigatyň sergin howaly ajaýyp künjeginde geçirilen bu dabara medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar.

Şatlyga beslenýän şowhunly günler

Gojaman Köpetdagyň eteginde, türkmen tebigatynyň iň bir ajaýyp künjeginde ýerleşýän ýaşlygyň hem geljegiň şäheri gözel Arkadagda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi uly şatlyk-şowhuna beslenip dowam edýär. Hepdeligiň şu gününde, ýagny 26-njy iýunda ir säher bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary» atly maslahat hem-de neşir önümleriniň sergisi geçirildi. Maslahatda kitaphana işgärleri işleri täzeçe guramagyň ýollary hakynda özara pikir we tejribe alyşmaga giň mümkinçilik tapdylar. Neşir önümleriniň dürli görnüşlerini öz içine alan sergi hem köp adamly boldy.

«Dokmaçylar» medeni merkezi

25-nji iýunda Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy bolup geçdi.

MEDENIÝET HEPDELIGI DOWAM EDÝÄR

Köpetdagyň eteginde seleňläp oturan Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäreleri dabaraly ýagdaýda dowam edýär.

“Magtymguly - söz ummanynyň ägirdi” atly bäsleşige

Gözüm düşüp belent daga meňzäp duran heýkele,«Magtymguly atam!» diýip, pyşyrdanym duýmadym.Golda kitap, serde owaz, şygyr bilen beýgelip,Bu ajaýyp gözellikden asyl-asyl doýmadym.

Sazyň hem sözüň baýramy

Şu gün — 23-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi säher bilen Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly aýdym-sazly dabarasy bilen başlandy. Baýramçylyk çykyşlarynda bagtyýar nesilleriň ýürek joşguny belentden ýaňlandy.

Medeniýet hepdeligine badalga berildi

Şu gün – 22-nji iýunda Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligi öz işine başlady. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda sungat baýramçylygynyň açylyş dabarasy geçirildi. Teatryň eýwanynda şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy.

Zerim bar, zergärim bar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalary il-ulsumyzyň bagtyýarlygyny, ruhubelentligini artdyrýar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tutulýan toý dabaralary milli gymmatlyklarymyzy, baý medeniýetimizi dünýä aýan edýär.

RÖWŞEN GELJEGIŇ ÝOLY

Şu gün, ýagny 12-nji iýunda Garaşsyz Watanymyzda Ylymlar güni uludan bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ylym ulgamy düýpli ösüşlere eýe bolýar. Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralara, baý mazmunly çärelere ýurdumyzyň alymlary, ylmy işgärleri bilen birlikde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor mugallymlarydyr talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Şol dabaralarda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory Aýjahan Babaýewa bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol: - Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr” diýýär. Milli ylym ulgamy şu günlerde bolup geçýän täzelikler bilen baýlaşýar. Muňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesiniň berilmeginiň, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanylan uly üstünlikleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu ylmy bäsleşige menem “Daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini kämilleşdirmek” atly ylmy işim bilen gatnaşyp, ýeňiji boldum. Milli ylym ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda kämil derejede ösdü