2023-nji ýylyň 29-njy iýuny ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol gün gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan sebitde deňsiz-taýsyz Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 29-njy iýunynda bolsa ýaşlygyň, ýaşlaryň hem geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň bir ýyllygy dabaraly bellenilýär. Täze şäher türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesidir.