Tomus aýlarynda ýüzüňize nähili ideg etmeli? Bu gyz-gelinleri gyzyklandyrýan esasy sowallaryň biridir. Güneşli günlerde derä ideg etmekligi, hakykatdan hem, ünsden düşürmeli däl. Diňe şeýle ýagdaýda öz gözelligiňizi gorap, ýaşlygyňyzy saklamak mümkin bolar. Owadan, parlak deriniň esasy syry ýüze gündelik ideg etmekdir. Ideg üç basgançakdan ybarat: derini arassalamak, nemlendirmek we Günden goramak. Derini günde iki wagtyna irden we agşam arassalamaly we nemlendirmeli.
Tomus möwsüminde ýüzüň derisiniň ýagdaýyna we daşky görnüşine ýaramaz täsir edýän birnäçe faktorlardan gaça durmaly. Olaryň biri ultramelewşe şöhleleridir. Olaryň täsiri astynda deriniň reňki garalyp, öýjükleriň garrap, ýygyrtlaryň emele gelmegi çaltlanýar. Şonuň üçin telefony hem-de kompýuterleri ýeterlik derejede ulanmaly. Güneşli howalarda gözüňize äýnek dakynyp, saýawan götermeli.