"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Setirlerde güller

Her gülüň öz ysy bar, Her gyzyň bir näzi.

Ynsan häsiýetleri barada

Paýhaslar äleminiň pälwany Magtymguly Pyragy ynsanyň gylyk-häsiýetiniň dürli-dürlüdiklerini özüniň çuň mana batyrylan dürdäne goşgy setirlerinde şeýle beýan edýär: «Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp», «Ýer bilen asman parhy adam adamdan», «Kimiň sözi zäher, bal damar kimden». Adamlar diňe bir ýüz keşpleri, daşky sypatlary boýunça däl, eýsem, hüý-häsiýetleri babatda hem düýpli tapawutlanýarlar. Adam häsiýetini hemmetaraplaýyn öwrenýän psihologiýanyň bölümine harakterologiýa diýip at berilýär. Adamyň ýüz keşbini, hereketlerini synlap, belli bir derejede onuň häsiýetini kesgitlemek, içki dünýäsine «aralaşmak», käbir maglumatlary «okamak» mümkin.

Magtymguly hakda bilýänlerim

Magtymguly Pyragy diýlende biziň gözümiziň öňünde diňe akylyň ýa-da paýhasyň däl, eýsem, ylmyň, ynsabyň, ygraryň, ykraryň, yhlasyň iň ýokary çäk ölçegini görkezen ajaýyp hem beýik ynsan janlanýar. * * *

Arkadag şäheri

Sözleri: A.REJEBOWYŇKY Sazy: A.TOGTAMYRADOWANYŇKY

Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz

Täze — 2025-nji ýyl ýetip gelýär. Bosaga gelen Täze ýyl müçenama boýunça ýylan ýyly hasaplanýar. Halkymyzyň asylly däbine görä, her täze ýyl joşgunly atlar bilen atlandyrylýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz geljek — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamak barada aýtdy. Diýmek, täze ýyl durmuşymyza täze at bilen girer. Şu ýerde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini bellemek ýakymly. Bu mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy dillerimizde sena bolup ýaňlanýar. Türkmen dilşynas alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly ajaýyp eserinde ýyllaryň atlandyrylyşy barada şeýle maglumat berilýär: «Türkiler on iki dürli haýwanyň adyny alyp, ýyllara at beripdir. Çagalarynyň ýaşyny, söweşiň bolan senelerini hem-de beýleki zatlaryň hemmesini şu ýyllaryň aýlanmagy bilen hasaplaýarlar. Munuň gelip çykyşy şeýledir: Olaryň hanlarynyň biri özünden birnäçe ýyl öň bolan söweşi biljek bolupdyr welin, onuň bolup geçen ýylyny ýalňyşypdyr. Şol sebäpden ol ili bilen geňeş edip, «Biziň söweşiň bolan wagtyny biljek b

Şygryýet

Akmyrat Muhadow

Akyl-paýhaslylygyň, pähimliligiň ýyly

Täze ýyl — maşgala baýramçylygy. Täze ýylda bir saçagyň başyna jem bolup, birek-birege sowgat bermek, adamlarda şatlyk duýgusyny döretmek — bu baýramçylygyň esasy mazmunyny düzýär. Ýene-da sanlyja günlerden 2025-nji ýyl bosagamyzdan ätlär. Ata-babalarymyzyň irki döwürlerden bäri ýöredip gelýän müçenama hasabyna görä, geljek ýyl ýylan ýylyna gabat gelýär. Bilşimiz ýaly, Gündogar senenamasyna laýyklykda, her bir ýylyň öz ady bolupdyr. Her müçe ýylynda howanyň ýagdaýynyň nähili boljakdygy barada il arasynda dürli pikirler, rowaýatlar saklanyp galypdyr. — Ýylan ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň altynjysydyr.

Ýeke nar

(Dokumental hekaýa) — Eý, Çynar, gel-eý bäri, men nar tapdym! Gaty kä-än, özem uly-uly...

Durmuş pursatlary

Oklohoma şäheriniň güneşli şenbe öýlänleriniň biridi. Meniň dostum we onuň kakasy Bobby Lewis bizi kiçi golf oýnuny oýnatmak üçin äkidip barýardy. Ol kassa bardy-da: «Petegiň bahasy näçekä?!» diýip sorady.

Ýatkeşligi nähili berkitmeli?

Ýadyňyzy berkitmek üçin haýsy düzgüni berk berjaý etmeli?! — Hoz biziň üçin tapylgysyz nygmatdyr. Onuň düzümi ýaglara baýdyr. Irden 2-3 däne hozuň maňzyny iýseňiz, ýadyňyzyň berkemegine kömek eder. Şeýle-de çagalaryňyza hem günde hozuň maňzyny bermegi ünsden düşürmäň. Hozuň maňzyny owradyp, ary balyna garyp goýup, gündelik ajöze bir çaý çemçe iýseňiz, üşükliligiňize we saglygyňyza ýardam eder. Onuň düzüminde gan damarlaryny berkidýän E witamininiň we immuniteti berkidýän C witamininiň köp mukdary bardyr. Adam näçe köp hoz iýse, şonça hem sowuklama biomarkerleri pes bolýar. Hoz ýatkeşligi berkidýär, ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, ýüregi we bagry goraýar. Grek hozy beýniniň işini kadalaşdyrmakda we adam bedeniniň kesellere garşy goraýjylyk ukybyny güýçlendirmekde peýdalydyr. Onuň düzüminde B witaminler toplumy, A, C, E, K, PP witaminleri bar. Ondaky askorbin kislotasynyň mukdary limonyňka garanyňda 50 esse köpdür. Şeýle-de bu iýmitiň düzüminde minerallardan sink, kaliý, kalsiý, magniý, ýod, fosfor, demir, kobalt bar. Grek hozy immuniteti güýçlendirmekde, ýatkeşligi ösdürmekde, ganaýlanyşygyny we gan basyşyny kadalaşdyrmakda, ganazlykda, galkan şekilli mäziň, içegeleriň, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde, sowuklamada, süýji keselinde netijeli ulanylýar. Bu iýmiti iýmek, aýratyn hem, hamyla we çaga emdirýän zenanlara, ýaşuly adamlara, şeýle-de

Täze ýylyň keýpiçaglygyny nähili döretmeli?

Täze ýylyň bosagasynda täze bir zada başlamazdan ozal, köne we ýaramaz pikirlerden saplanmaly. Işden boş günüňiz öý-içeriňizi arassalamaly, egin-eşik goýulýan şkaflary, kitap tekjelerini tertipleşdirmeli. Şol bir wagtyň özünde, ulanmaýan zatlaryňyzy, çaga oýnawaçlaryny gerek adama bermeli. Oýunjaklary çagalara, kitaplaryňyzy bolsa okamagy halaýanlara sowgat edip bilersiňiz. Täze ýyl arçasy, elbetde, Täze ýyl baýramçylygyny bezeýän esasy gözellikleriň biri. Täze ýyl arçasyny maşgala bolup bezemekligiň özi hem şadyýanlyk eçilýär. Arçany bezeýän wagtyň göwnüň göterilip, keýpiň çaglanýar. Bir ýylyň içinde bolup geçen gaýgy-aladany unudýarsyň. Şol pursatdaky çagalaryň şatlygyny hiç zada deňäp bolmaýar.

Täze ýyl süýjülikleri

Dürli süýjülikler bilen bezelen desterhanlar, bal tagamly tortlar, ýakymly ysly kökeler Täze ýyl saçagynyň esasy aýratynlygy hasaplanýar. Süýjülik tortlary dostlugyň, parahatçylygyň nyşany hökmünde durmuşymyzy ýakymly ýatlamalara besläp, islendik pursatda keýpiňi göterýär. Süýjüje tortlar çagalaryň hem ulularyň söýýän tagamlarynyň biri. Doglan günlerimizi, ýatdan çykmajak pursatlarymyzy, şeýle-de baýramçylyk agşamlaryny tortsuz göz öňüne getirmek kyn. Tortuň peýda bolan takyk senesi belli däl. Taryhy çeşmelere salgylanyp, ilkinji süýjülikleriň, takmynan, iki müň ýyl mundan ozal, Italiýada peýda bolandygy barada aýdylýar. Tort diýmek italýan sözi bolup, «torta», ýagny «tegelek çörek» diýmekligi aňladýar.

Sowgatlary owadan gaplamagyň görnüşleri

Çagalaryň, şol sanda ulularyň hem sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramy ýetip geldi. Megerem, siz ähli ýakynlaryňyzy gutlamaga howlugýansyňyz. Baýramçylyk ruhuny göterýän, şatlyk-şowhunyny goşalandyrýan zatlaryň biri-de Täze ýyl sowgatlarydyr. Biz hem žurnalymyzyň şu sanynda size sowgatlary baýramçylyk ruhunda gaplamagyň birnäçe görnüşi bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Gerekli esbaplar:

Ýylan ýylynda doglan zenanlar barada

Her ýylyň öz ady, häsiýeti bar. 2025-nji — ýylan ýyly hem rysgal-berekedi bilen desterhanlarymyzy bezär, dünýä ýüzünde parahatçylygyň we birek-birege ynanyşmagyň şöhlesi bolup nur saçar. Eýsem, ýylan ýylynda doglan zenan maşgalalaryň häsiýeti, durmuşy nähilikä we olarda nähili üýtgeşiklikler bolup geçerkä? Hytaý täleýnamasyna görä, ýylan ýylynda doglan zenanlaryň häsiýeti beýleki zenanlaryňkydan tapawutlydyr. Bular medeniýetli we akylly bolýarlar. Özüni ideal görkezmäge çalyşýarlar. Olar syrlaryny daşyna çykarmaýarlar, şol bir wagtyň özünde-de amatly ýagdaýdan peýdalanmagy başarýarlar. Olar beýleki adamlaryň öňünde utanmazlyga, ýalňyşmazlyga çalşarlar, özüniň diňe gowy taraplaryny görkezmäge synanyşarlar. Öýde özlerini has hem mylaýym alyp bararlar.

Telegepleşikleriň tanymal alypbaryjysy

Opra Uinfri dünýäde iň meşhur zenanlaryň biridir. Ol özüniň teleýaýlymda taýýarlaýan gepleşikleri, surata düşen ençeme kinofilmleri we alyp baran haýyr-sahawat işleri bilen diňe bir Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda däl, eýsem, dünýäde-de meşhurlyk gazanmagy başarypdyr. Ol 1954-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Amerikanyň Missisipi ştatynda dogulýar. Onuň ejesi Wernita Li öý hyzmatkäri, kakasy — Wernon Uinfri kömür käninde şahtýor bolup işleýär. Soňra dellekçi we başga-da dürli kärlerde işläpdir.

Täze ýylyň tumar daşlary

Ýene-de sanlyja günlerden ajaýyp luw ýylynyň ýerine ýaşyl ýylanyň ýyly geler. Süýrenijiler örän akylly, sabyrly we duýgurdyrlar. Müneçjimler geljek ýyl ýylandan sabyrlylygy we akylly hereket etmegi öwrenmäge mümkinçiligiň boljakdygyny aýdýarlar. Makalamyzda hünärmenleriň bellemeklerine görä, geljek ýylda üstünlige, bagta, söýgä we abadançylyga ýetmek üçin haýsy daşlary hemra edinmelidigi barada durup geçmek isleýäris. Şowlulyk daşy

Täze ýyl saçagyna

Kömelekli tagam Gerekli önümler: 15 — 20 sany kömelek, 300 g towuk eti, 100 g peýnir, 8 nahar çemçe gaýmak, 100 g sogan, 5-6 diş sarymsak, islege görä, duz we burç.

Kyrk çile däbi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda birnäçe maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň tabynlygyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hereket edýän «Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Şu gün biz ähmiýetini ýitirmeýän adatlary bolan kyrk çile däbi barada gürrüň ederis. Ene-mamalarymyzyň öz tejribelerine esaslanyp, paýhaslary bilen döreden ajaýyp ýörelgeleriniň biri hem täze dünýä inen çaganyň kyrk çile däbidir. Çaga doglup, tä kyrk gün geçýänçä, ol çileli hasaplanýar. Çile sözüniň özi pars sözünden gelip çykan «Kyrk» diýen manyny berýär. Kyrk günlük çile dessury diňe türkmenlerde däl, eýsem, beýleki türki dilli halklaryň hem birnäçesinde ýöredilýär.

Irdenki Gün şöhlesi

Irdenki Gün şöhlesiniň adam saglygy üçin peýdasynyň uludygyny alymlar öz ylmy işleriniň netijesi arkaly subut etdiler. Irdenki Gün şöhlesi adam bedenine düşende, ol D witaminini köp öndürýär, süňkleriň nädogry ösmeginiň öňüni alýar hem-de kalsiý bilen üpjün edýär. Onuň üçin her gün 15 minut Gün şöhlesine çoýunmak ýeterlikdir. Lukmanlar D3 witamininiň adamyň immunitetini, kesele garşy göreşijiligini ýokarlandyrmakda zerurdygyny belleýärler. Şonuň üçin Gün şöhlesiniň yzygiderli düşýän ýerinde çoýunmagy maslahat berýärler. Bu operasiýa geçiren adamlar üçin hem möhümdir.

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? 2025-nji ýyl — Ýylan ýyly

Dünýä belli müneçjimleriň maglumatlaryndan çen tutsaň, Täze 2025-nji ýyl, müçe hasaby bilen ýylan ýylynyň mümkinçiliklere baý boljakdygyny söz berýär. Göreli-bakaly, täze ýyl müçe hasabyna görä, bize aýratynlykda nähili sowgatlary taýýarlapdyr?! Syçan. 2025-nji ýyl syçan ýylynda doglanlara üstünlik babatda şowlajak ýyldyr. Geljek ýyl olaryň ruhubelentligine görä, maksatlary-da şonça ulalyp, göwünlerine bolmasa, özlerini dünýäniň ünsüni çekip biläýjek adam ýaly duýarlar. Bu ýagdaý, elbetde, ösüş üçin peýdaly hem bolar.