Paýhaslar äleminiň pälwany Magtymguly Pyragy ynsanyň gylyk-häsiýetiniň dürli-dürlüdiklerini özüniň çuň mana batyrylan dürdäne goşgy setirlerinde şeýle beýan edýär: «Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp», «Ýer bilen asman parhy adam adamdan», «Kimiň sözi zäher, bal damar kimden».
Adamlar diňe bir ýüz keşpleri, daşky sypatlary boýunça däl, eýsem, hüý-häsiýetleri babatda hem düýpli tapawutlanýarlar. Adam häsiýetini hemmetaraplaýyn öwrenýän psihologiýanyň bölümine harakterologiýa diýip at berilýär. Adamyň ýüz keşbini, hereketlerini synlap, belli bir derejede onuň häsiýetini kesgitlemek, içki dünýäsine «aralaşmak», käbir maglumatlary «okamak» mümkin.