"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Garaşsyzlyk – şanly toýuň mübärek!

Eý, Sen, beýik ertirime ynamym,Gözlerimiň agy hemem garasy!Türkmenistan,gözüm açyp görenim,Dünýä içre Watanlaryň seresi! Garaşsyzlyk – şanly toýuň mübärek,Men Saňa şeýle bir guwanýan welin,Özümem Sen bilen günde ulalýan,Ýogsa adam ýylda ulalýar welin...

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Şu gün, ýagny 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli zähmetde tapawutlanan raýatlarymyza döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolup geçdi. Dabara ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bäşleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we gymmatbahaly sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşigiň ýeňijileri işlemäge döredilýän giň mümkinçilikler we şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda sungat ussatlarynyň şowhunly aýdym-sazlary ýaňlandy.

Döwletlilik ýoly bilen

Şu gün, ýagny 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Il sylagly ýaşulularyň, dilleri senaly nurana eneleriň, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy wekilleriniň, ýaş nesliň gatnaşmagynda geçirilen bu döwletli maslahat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna aýratyn şan berdi. Garaşsyz Watanymyzda halkyň bähbidine gönükdirilen döwletli başlangyçlar halk bilen geňeşilip, maslahatlaşylyp amal edilýär. Bu ata-babalarymyzdan dowam bolup gelýän asylly ýörelgeleriň biri. Halk pähiminde: «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, maslahatly edilen işleriň rowaç bolýandygyna geçilen ýollarda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndaky bedew batly ösüşler, oba-şäherlerimiziň döwrebap keşbi, halkymyzyň ertekilerdäki ýaly ajaýyp durmuşy ýylyň-ýylyna geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän il-ýurt bähbitli oňyn çözgütleriň durmuş hakykatyndaky beýanydyr.

Buýsançnama

Haýran edýär Watanymyň ösüşlere beslenişi,Bütindünýä bähbitlere ilki bolup seslenişi,Rowaçlyk ýaran ýyllaryñ, gör, has başgadyr gelişi,Ylym, bilim, medeniýet getirýär ýüzläp ýeňişi,Pedere togaply ogluň tutumyny Alla goldar,Il daýanjy Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar! Yşk düşüp Zemin kalbyna ene Ýer eçilýär läle,Şowlaýar daýhan yhlasy, müňleýär guşgursak däne,Rysgal-döwlet gelýär mydam niýeti dürs, ýagşy päle,Şu topragyň duzun dadan däldir oňa ýat, bigäne,Dosty dogan, dogany dost eýlänlere üstünlik ýar,Il daýanjy Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar!

Ykdysady üstünlikleriň sergisi

Şu gün — 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat şäherindäki «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu gün öz işine başlaýan giň möçberli sergide diňe bir Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri däl-de, eýsem, ýeneki ösüşleriň badalgasyna öwrüljek başlangyçlarymyz, täze taslamalarymyz hem giňden beýanyny tapýar» diýen dürdäne sözleri eziz Diýarymyzyň ösüşleriň täze menziline gadam urýandygyny görkezýär.

Gülçi zenanlaryň üstünligi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli şu gün – 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde yglan eden «Güller gözelligiň, parahatçylygyň aýdymy» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zenanlar owadan güllerden ajaýyp eserleri döredip, olara zamanabap at berip, gülleriň hem-de owazly goşgy-gazallaryň üsti bilen Watanymyzyň ösüşlerini wasp etdiler. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup,  birinji şert «Bagy-bossan Watanym» diýlip atlandyryldy. Bu şertde olar owadan güllere beslenen Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşlerini çeper sözler bilen wasp etdiler. Ikinji şert «Güller gözelligi senden öwrener» diýlip atlandyryldy. «Hünärim bar, hormatym bar» atly üçünji şertde hem toparlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.

Şanly toýa zähmet sowgatlary bilen

Halk Maslahaty halkyň agzybirliginiň, jemgyýeti dolandyrmagyň halkara ähmiýetli guraly hasaplanýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň  beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda  düýpli öňegidişlikler bilen  birlikde, halk häkimýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Ynha, sentýabr aýynda hem ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan  tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de türkmen halkynyň bähbitlerine  gönükdirilen ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu taryhy maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň zähmetkeşleri hem uly zähmet üstünlikleri bilen geldi.

Dünýäni bezeýän Watan waspy

Şu gün — 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХV maslahaty boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 33 ýyllygyna  bagyşlanyp geçirilýän maslahata daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan wekiller hem gatnaşdylar.

Hemme zat halk üçin, halkyň bähbidine

Şu gün, ýagny 10-njy sentýabrda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Daşary işler ministrlikleriniň bilelikde guramagynda geçirilýän halkara foruma ýerli hünärmenler bilen bilelikde abraýly halkara maliýe guramalarynyň ýüzlerçesinden wekiller gatnaşýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOWYŇ Garaşsyzlygymyz hakynda aýdanlaryndan:

— Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlyk arzuwyndan wysal bolan Garaşsyzlyk bu günki gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. * * *

Garaşsyzlyk bagtymyzyň ganaty

Mukaddes Garaşsyzlyk hakynda söz açylanda, göz öňüňde birbada hem geçmiş, hem geljek, hem şu gün janlanýar. Munuň sebäbi hakynda oýlananyňda bolsa, Garaşsyzlyk bagtynyň näderejede gymmatlydygyna, beýikdigine has-da içgin düşünýärsiň. Halkymyz mukaddes Garaşsyzlyga geçen asyryň aýaklaryna eýe boldy. Muňa garamazdan, geçmişde pederlerimiziň garaşsyz bolmak arzuwyny amal etmek ugrunda göreşmekleri, her dem şonuň isleginde ýaşamaklary, berkarar döwlet gurmak üçin eden synanyşyklary garaşsyzlyk düşünjesiniň taryhyň gatlarynda müdimi ornaşmagyna sebäp boldy. Asyrlardan-asyrlary aşyp, heňňamlaryň hakydasy içre halkyň kalbynda ýaşap gelen bu arzuw bagtyýarlyk döwrümizde hasyl bolup, ata Watanymyzyň mertebesine mertebe, şanyna-şan goşdy. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk şu günümize ýalkymly nur saçyp, durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna millilik bilen bir hatarda, täzeçillik ruhuny çaýdy. Bu bolsa garaşsyz bolmak arzuwyna gol berip, öz arzyly arzuwyna ýeten türkmeniň geljeginiň mundan hem nuranadygynyň, şöhratlydygynyň kepili bolup, äleme ýaýyldy. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň beýleki baýramlara garanyňda has dabaraly, has şowhunly, has derejeli geçýändigini-de hut şu aýratynlyklar bilen delillendirip bolar. Garaşsyzlyk — bu türkmen dutarynyň şirwan perdede ýaňlandyran iň şirin hem joşgunly sazydyr. Bu sazyň owazynyň häli-häzirler hem asyrlaryň aňyrsyndan eşidilip durmagynyň örän inçe hikmeti bar. O

Halk Maslahaty: Garaşsyzlygyň berkararlyk binýady

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramyny garşy alýan günlerimizde geçilen ýola, bitirilen beýik işlere göz aýlap, hakydamyzda orun alan ýatlamalary gaýtadan seljerip görýäris. Şonda biz bu döwrüň üýtgeşikdigine, beýikdigine, şöhratlydygyna has çuň akyl ýetirýäris. Ýyllar türkmen paýhasynyň asyrlardan kök alýan çuňluklaryny, geljege barýan nurana ýollara şöhle saçýan gymmatlyklaryny ýüze çykarýar, dünýä ýaýýar. Türkmeniň tutýan ýolunyň umumadamzat ähmiýetli, dogry ýoldugy ykrar edilýär. Döwürleri döwür edýäniň, halkyň taryhyny şan-şöhrata besleýäniň beýik şahsyýetlerdigi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän mizemez hakykatdyr. Bu hakykatyň anyk beýanyny garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler aýdyň görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz çuňňur pähim-paýhasy, ýiti akyly, öňdengörüjiligi we köptaraplaýyn sowatlylygy bilen döwrümiziň beýik ösüş ýoluny pugta esaslandyryp, türkmen halkyny mertebeli, abraýly millet derejesinde dünýä tanatdy.

Ýollaryň asudalygy — maşgala bagtyýarlygy

Biziň her birimiz ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etsek, özümiziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň jan saglygyny aýadygymyz bolardy. Şonuň üçin sürüjilerem, pyýada ýolagçylaram ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidir! Iň ýokary gymmatlyk adamdyr — diýilýän ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletimizde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi ynsan saglygyny goramakdan, il-gününiň abadan durmuşda ýaşamagyndan gözbaş alýar.

Ömür menzilinde ýakymly sene

Ynsan durmuşyny bezeýän biri-birinden ähmiýetli, biri-birinden şatlykly seneler sanardan kän. Şol seneleriň içinde aýratyn bir sene seni ömrüň her tapgyrynda özboluşly röwüş bilen garşylap, saňa täzeden-täze bagt eçilýär. 1-nji sentýabr! Meniň ak mekdebe tolgundyryjy hem şatlykly duýgular bilen ilkinji gezek gadam basan günüm! 1-nji sentýabr! Meniň mähriban mekdebimiň gujagyndan uçurym bolup, ganat ýaýyp, öz arzuwymdaky ýokary okuw jaýyna gelip gonan günüm! 1-nji sentýabr! Meniň her günümi ynsan saglygyny goramagyň maksady bilen ýaşap, degişli bilim alyp, öz okan ýokary okuw mekdebimiň bosagasyndan mugallym bolup buýsanç bilen ätlemegime şaýat bolan gün! Mende seniň bilen bagly süýji ýatlamalar, näçe diýseň köp?! Bagtyýar ene hökmünde bu gün men öz ýatlamalarymyň üstüni bu taryhy senede balajyklarymyň gül çemenli elinden tutup, ak mekdebe eltmegim bilen dolduryp bilýändigimi hem begene-begene aýdasym gelýär. Nesip bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günleriniň birinde perzentlerime öz arzuwlan ýokary okuw mekdepleriniň bagtyýar talyplary bolmak bagty hem miýesser eder. Şonda men olaryň begençden ýaňa lowurdaýan gözlerine seredip, öz ýanymdan güýz paslynyň her bir ynsan üçin neneňsi şatlykly hem arzyly gündügini ýene bir gezek tassyklaryn. Şeýde-şeýde bu ýatlamalaryň yzy agtyk-çowluklarymyzyň şatlygyna şärik bolmagymyz bilen utgaşyp, hemişelik dowam

Ene mähriniň gudraty

Türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda «Ene — beýikleri dünýä inderýän beýiklik» diýip belleýär. Hakykatdan-da, üç harpdan ybarat «ENE» sözüniň mazmunynda ymgyr dünýä jemlenýär. Ene — howa! Diýmek, ene — başlangyç! Ene — daragt! Diýmek, ene — dowamat, bagtyýar geljek! Şonuň üçin halkymyz asyrlaryň dowamynda ene hormatyny keramat derejesine göterip, olaryň ruhuna, keşbine tagzym edipdir. Goňurdepäniň, Parfiýanyň taryhy tapyndylary we beýleki arheologiýa maglumatlary bu pikiri aýdyň tassyklaýar. Dünýä inen çaganyň, ilki bilen, nazarynyň didarlaşýan ýüzi onuň üçin ýerdäki perişdesi bolan mähriban enesidir. Ene hakda, onuň mukaddesligi, gyzgyn mähir-şepagaty, çäksiz söýgüsi hakynda aýdym aýtmadyk bagşy, saz çalmadyk sazanda, goşgy düzmedik şahyr ýok bolsa gerek... Enäniň ady, onuň gözel, mährem keşbi bakydyr, sönmeýän nurdur! Çaga ilkinji mähir-söýgini öz mährem enesinden alýar. Enäniň süýdi ýaly halallygy, hüwdüsi ýaly şirin mukamy, eli ýaly mylaýym melhemi hiç ýerden tapyp bolmajakdygy şübhesiz hakykat. Ene diňe bir adamzat nesliniň gudratyny dowam etdiriji bolman, eýsem, ol maşgala ojagynyň eýesi hem diregidir.

Okamak höwesinde

Magtymguly atamyz ilkinji sowady öz atasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Bilimini oba mekdebinde dowam edýär. 1747-nji ýylda Nedir şa öldürilenden soň, mejbury edilip äkidilen, şa köşgünde köp ýyllar mürze bolup işlän Nyýaz Salyh diýen adam gerkezleriň arasyna gelip ýaşaýar. Ol türkmenleriň ärsary taýpasyndandyr. Ol özüniň edepliligi, sowatlylygy bilen adamlara ýaraýar. Ony oba mekdebine, şu günki dil bilen aýdanyňda, mugallym edip goýýarlar. Magtymguly atamyz ondan köp ylym öwrenýär. Nyýaz Salyh gören ýurtlary, gezen ýerleriniň geň-taňlyklary barada gürrüň berýär. Hywadaky, Buharadaky we Eýrandaky medreseler barada köp zatlary aýdýar. Birnäçe ýyl geçip, syýasy ýagdaýlar durnuklaşanda, Nyýaz Salyh öz ýurduna — Lebaba gaýtmak isleýär. Ol iru-giç Magtymguly okuwyny dowam etmek islese, özüni gözläp tapmagyny, ýagny Idris baba gelmegini tabşyrýar. Haçanda, Magtymguly kämillik ýaşyna ýetip, okamak islegi dörände, ilki bilen, häzirki Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Gyzylaýak obasynyň golaýyndaky Idris baba medresesine barýar. Ol Idris baba medresesine baranda, birnäçe ýyl öň Nyýaz Salyhyň dünýäden ötendigini eşidýär. Onda-da, okuwyny dowam etdirýär. Medresede alyp biljek bilimini alandan soň, ol ýerden gidip, halypa gözleginde gezýär. Rowaýata görä, ol özüne halypa gözläp ýörşüne Nyýazguly halypanyň hanasyna (düşelgesine) barypdyr. Gapynyň agzynda nobatçylyk edip oturan sopa piriniň

«Ykbalymdan razy men»

Ogulsona gelnejelere baranymda, ol agtyklaryny daşyna üýşürip, türkmen halkynyň medeni mirasy barada gyzykly gürrüň berip oturan eken. Enesiniň gürrüňini dykgat bilen diňläp oturan Aýşa: — Ene, şol wagtlar dinozawrlaram barmydy? — diýip, çaga soranjaňlygy bilen enesiniň ýüzüne seretdi.

Söýýän güýz paslyny — sarylygyny...

Ozalam bir bagşynyň «Söýgim galdy güýzlerde» diýip aýdym aýdyşy ýaly, güýz hemmeleriň duýgusyna täsir edýän pasyllaryň biri. Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň: «Her güýzde täzeden gülleýärin» diýşi ýaly, deň-duşlarymyz bilen söhbetdeş bolan mahalymyz, güýz hakda gürrüň edilse, güýz pasly gelse gussa batýandyklaryny, käbirleri bolsa bu aýda işleriniň köpelýändigini, döredijilik adamlary bolsa ylhamlarynyň joşýandygyny aýdýarlar. Güýz üýtgeşik pasyl. Güýz paslynyň üýtgeşik gözelliginiň ýazyjy-şahyrlara, nakgaşlara aýratyn döredijilik ylhamyny bagyşlaýanyny güýz bilen bagly döredilen eserleriň köplüginde-de görýäris. Dünýäni sarylyga öwrüp gelýän güýz döredijilik üçin duýgularyň giden ummanyny, ony wasp etmäge reňkleriň hem baý dünýäsini açýar. Güýzde şahyrlaryň döwet galamlaryndan şahyrana, inçe lirizime ýugrulan ajaýyp eserler döreýär. Ol günler iň bagtly çagalyk ýyllarymyzdy. Güýz gelende howlymyzdaky işleriň köpelýändigine garamazdan, biz bagtlydyk. Güýzüň jana şypaly howasyndan dem alyp, datly miwelerdir bakja önümleriň şirinligindenem iýip doýup bilmezdik. «Güýzde ýapraklar gaçanokda, uçýarlar» diýýän dana mamla. Agaçlardan saralyp gaçýan ýapraklar, ýere has golaýlaşýan bulutlar, tutuk asman — bularyň barysy bize indi günleriň gysgalyp, gijeleriň uzaljak günleriniň hem uzakda däldiginden habar berýärdi. Birdenem, asmany gara bulut gaplap, güýz ýagmyry başlar, ýygnalyp ýetişmedik

Magtymguly hakynda halk rowaýatlary

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip, Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyraga ýokary baha berýär. Geçmiş taryhymyzda uzak ýyllaryň dowamynda söz ummanynyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň durmuşyna, döredijiligine degişli dürli rowaýatlar döredilipdir. Halk rowaýatlary dilden-dile geçip, soňra alymlaryň hem-de edebi mirasy öwrenijileriň hyzmaty netijesinde, ýazuw üsti bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. Halk rowaýatlary durmuşyň aýnasy, göwünleriň çeper ýazgysy hasaplanýar. Her bir rowaýatyň gymmaty, öňi bilen, onuň terbiýeleýjilik ähmiýetine eýeligindedir. Ruhy islegi ganatlandyrmakda rowaýatlar esasy çeşme hasaplanýar. Halk rowaýatlarynyň ýene-de bir aýratynlygy, hyýaly ýagdaýda bolsa-da, okyjyny beýan edilýän wakanyň jümmüşine ataryp, göz öňüne getirmäge ýardam edýänligindedir. Muňa beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň durmuşy bilen baglanyşykly rowaýatlaryň käbirinde hem göz ýetirmek bolýar.

Okanlarym, eşidenlerim, görenlerim

«NTW» teleýaýlymynda belli aýdymçy Iosif Kobzonyň 80 ýaş ýubileýine bagyşlanan uly dokumental film görkezdiler. Şonda onuň bir ýatlamasy has ýiti täsir etdi. ...Bir gezek daşary ýurtda uzagrak dowam eden gastroldan-sapardan gaýdyp gelen badyna oňa ejesi jaň edipdir: