«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli şu gün – 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde yglan eden «Güller gözelligiň, parahatçylygyň aýdymy» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zenanlar owadan güllerden ajaýyp eserleri döredip, olara zamanabap at berip, gülleriň hem-de owazly goşgy-gazallaryň üsti bilen Watanymyzyň ösüşlerini wasp etdiler. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, birinji şert «Bagy-bossan Watanym» diýlip atlandyryldy. Bu şertde olar owadan güllere beslenen Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşlerini çeper sözler bilen wasp etdiler. Ikinji şert «Güller gözelligi senden öwrener» diýlip atlandyryldy. «Hünärim bar, hormatym bar» atly üçünji şertde hem toparlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.