Şanly toýa zähmet sowgatlary bilen

17 Sentýabr 2024
468

Halk Maslahaty halkyň agzybirliginiň, jemgyýeti dolandyrmagyň halkara ähmiýetli guraly hasaplanýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň  beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda  düýpli öňegidişlikler bilen  birlikde, halk häkimýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.

Ynha, sentýabr aýynda hem ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan  tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de türkmen halkynyň bähbitlerine  gönükdirilen ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu taryhy maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň zähmetkeşleri hem uly zähmet üstünlikleri bilen geldi.

Orazgül ABDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat Sakarçäge etrap birleşmesiniň başlygy.