"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Magtymgula düşünmäge hemme kişi borçludyr» — diýip ýazanda Gurbannazar Ezizow hakykatdan daş düşmändir

«Magtymguly aýdypdyr» diýen jümle halkymyzyň dogry ýoly saýlamaga esasy çelgisi hasaplanýar. Biziň makalamyz hem dana şahyryň syrly setirlerine we käbir bentlerindäki söz aýratynlyklaryna, olaryň näderejede hakykylygyna bagyşlandy. Belli magtymgulyşynas alym Amannepes Şyhnepesowyň şahyryň döredijiligi öwrenilende ondan öňki edebiýaty ilik-düwme öwrenmegiň zerurdygyny ýazmagy ýaşlar üçin ýolgörkeziji şamçyrag boldy diýsek ýalňyşmarys. Çünki şahyryň döredijiligine, onuň syrly setirlerine diňe şeýle çemeleşme bilen düşünip bolýar.

Gaýyn-gelin hormaty — maşgalanyň gymmaty

Halkymyzda gyzyň ýedi enesiniň biri hasap edilýän gaýynene hakynda aýdylan nakyllar, atalar sözleri diýseň kän. «Gaýyn-gelin gapakly gazan», «Gaýynatam ganarym, dolup durar dulumda, gaýynenem gazanym, getirip goýar ýanymda» ýaly nakyllar gelniň gaýynlaryna bolan mährem gatnaşygyny, hormat-sarpasyny, pikir-garaýşyny kemsiz suratlandyrýar. Gaýynene — gelniň ýanýoldaşynyň ejesi. Şunuň özi-de gaýynenäniň gelin üçin gymmatyny hem derejesini kemsiz kesgitleýär. Zenanyň özüne Alla tarapyn berlen, ýeke-täk özüne degişli bolan ykbaly kimdir biri bilen paýlaşmagy niýet edinmegi özüni, şu gününi we geljegini şol ynsana doly tabşyrmagy diýmekdir. Şeýle netijä gelmegiň aňyrsynda öz saýlan ynsany bilen maşgala gurup, iki göwre bir ýürek bolup, agzybir ýaşamak, bir-biregi söýüp-sylamak, bir-birege düşünmek, şat we gamly güni bile başdan geçirip, el-ele berip, diňe öňe hereket etmek, perzent ýetişdirip, ony ene-atasyna, il-gününe mynasyp adam edip ýetişdirmek ýaly päk hem asylly maksatlar durýar. Elbetde, bu belent maksatlary kemally amal etmek üçin ýaş çatynjalara olary gurşap alýan jemgyýetdäki ýaşy has uly, tejribesi ýetik adamlaryň hem kömek-goldawy zerur bolup durýar. Kömege ýetişmeli şol adamlaryň iň esasylarynyň biri-de, gelniň gaýynenesidir.

Köňüllere nur çaýýan aýdymlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem berkarar döwletimizde baýramçylyk ruhuna ruh goşup, şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Biz hem žurnalyň şu sanynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýnur Gurbanmyradowa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Aýnur, seni gazanan ýeňşiň bilen gutlaýarys. Ýeňişleriň höwri köp bolsun! «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşan pursatlaryňdaky duýgularyňyzy okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaňyz!

Magtymguly sözlär, sözün soňlamaz...

«Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp garşy almak, şanly ýyly dürli medeni çärelere, döredijilik duşuşyklaryna beslemek, şahyryň edebi mirasyny giň okyjylar köpçüligine ýetirmek maksady bilen taýýarlan ýörite meýilnamasyna laýyklykda, gadymy Merw topragynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölümi bilen bilelikde geçirilen söhbetdeşlik «Ismim düşdi ilden-ile...» diýlip atlandyryldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus paslynyň aýaklap barýan güni Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasy köp adamly boldy. Kaşaň binanyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar şu günümiziň beýany bolup, milliligiň we döwrebaplygyň ajaýyp sazlaşygyny döretdi. Sergide Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny öz içine alan, şeýle-de ömri we döredijiligine bagyşlanan eserlere giň orun berildi. Döwrümiziň bagtyýar zenanlarynyň «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi milli mirasymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň baý görnüşlerini öz içine alan sergi bilen tanyşlykdan başlandy. Söhbetdeşligi «Maru—şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy Bahargül Mejidowa alyp bardy.

«Magtymguly haýwan bilse balasyn...»

Ene ýaly perzende bagryny baglaýan başga hiç kim ýok. Perzendi üçin hiç zatdan gaýtmaýan, oňa geljek bela-beteri ýüzüni çytman, özüne kabul edip bilýän ýeke-täk ynsan — enedir. Muhammet pygamber «Jennet eneleriňiziň dabanynyň astyndadyr» diýen bolsa, beýik akyldarlaryň biri: «Dünýädäki iň beýik ýadygärligi eneler üçin gurardym» diýýär. «Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar» diýip, türkmen nakylynda aýdylýar. Perzent üçin bagryny paralamak diňe bir adamzada mahsus däl ekeni. Eýsem, haýwanlaram öz çagasy üçin... Gowusy has anygyny eşitmek üçin bu hekaýatlara gulak goýuň.

Durmuş pelsepeleri

Agşamlaryna asmana, daş-töwerege syn edip, tümlügiň çäksizligi hakda pikir öwürýärin. Gündizlerine bolsa nurly Güni we tebigaty synlap, ýagtylygyň hem çäksizligi hakda oýlanýaryn. * * *

Her keşp bir dünýäm

Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşan ussatlar barada gürrüň gozgalanda Aman Gulmämmedow, Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Nury Halmämmedow, Bazar Amanow, Sona we Suraý Myradowalar, Ýelizaweta Garaýewa, Sabyr Ataýewa, Alty Garlyýew, Gurbannazar Ezizow... ýaly läheňler bakylyga ýaň salýan heýkeller kimin göz öňüňde janlanýar. Olaryň hersi bir dünýä, hersi bir taryh. Beýikleriň durmuş ýoly nesillere görelde. Arada Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatryna tarap ýola düşenimde, teatryň ýerleşýän köçesiniň Sabyr Ataýewanyň adyny göterýändigini görüp, ömrüni teatr we kino sungatyna bagyşlan zehinli aktrisa goýulýan sarpanyň belentdigine buýsandym. Onuň ady öň hem ebedileşdirilip, ömrüni geçiren köçesine — Aşgabadyň Baýkal köçesine dakylypdy.

Şygryýet

Babanyýaz SUWHANOW

Ýaşaýşyň manysy (Hekaýa)

Bu zatlaryň bary obamyza arkasy torbaly ötegçiniň gelen gününden soň başlandy. Obamyz uly ýoldan sowa bolsa-da, garaz gel-git tapylýardy. Kim ýiten düýesini idäp gelýärdi, kime ýene şoňa meňzeş zat bahana bolýardy. Bu gezek gelen ötegçi olara meňzemeýärdi. Sebäp arkasynda torbasy bardy. Ilki obamyzyň adamlary oňa ownuk-uşak zatlary satyp ýören jerçidir öýtdüler. Onuň gözleri birhili okumyş adamyňky ýaly gamlydy. Has beterem giň maňlaýydyr selçeň goýberilen uzyn sakgaly ony hasam beter tassyklaýardy. Haçan-da ötegçiniň torbasyndan çykaran kitabyny gören obadaşlarymyz oňa aýratyn hormat bilen seredişdiler. Seredişmez ýalam däldi. Ol häkibir içi suratly kitap däldi-de, hemmeleriň hyýalynda göterip ýören Magtymgulynyň kitabydy. Obamyzyň köp adamsy Magtymgulynyň goşgularyny tas ýatdan diýen ýaly bilýärdi. Şonuň ýalam «şahyryň ol sözi pylan zat diýdigi, bu sözi pylan zat diýdigi» diýşip, ony biri-birine düşündirýärdilerem. Ýöne hiç kimde Magtymgulynyň kitaby ýokdy. Şonuň üçin obamyzyň uludan kiçisi Magtymgulynyň goşgusyny diňlemek üçin bary ötegçiniň daşyna hümer boldular. Hatda obamyzyň garry iti Baltaga çenli bardy.

El kompýuterler üçin örtük

Gündelik ulanýan enjamlarymyzy uzak wagtlap aýawly saklamak öz elimizdäki zat. Ine, şolaryň käbirleri kompýuterler we uly göwrümli iş telefonlardyr (planşetler). Biz olary okuwda, işde we öýde dürli maksatlar üçin yzygiderli ulanýarys. Olaryň daşyna örtügiň tikilişiniň aňsat usulyny size hödürleýäris. Gerekli esbaplar:

Reňklerden döreýän gözellik

Suratkeşe hyýalyndakyny we hünär ussatlygyny ulanyp, ajaýyp önümleri döredýän ussat hünärmen diýse bolar. Şunda ol diňe bir işiniň estetiki tarapy bilen çäklenmän, eýsem, müşderileriň we ulanyjylaryň hem isleglerini göz öňünde tutmaly bolýar. Öýümizde abatlaýyş işlerini geçirýän wagtymyzda internet arkaly döwrebap otaglaryň içki bezeglerine üns etdim. Şol gözleglerde hem öýüň içki bezegi üçin taýýarlanylan portretdir asma otag sagadyna, dürli suratlara gabat geldim. Sahypa girip, edilen işleri içgin synlaýan wagtym, ol gözellikleri döredýäniň zenan maşgaladygy meni buýsandyrdy. Ol zenanyň mahabatda görkezilen el telefonyna gyzyklanyp jaň etdim. Suratkeş zenan meniň bilen diýseň mylakatly gürleşdi. Maksadymy aýdanymda bolsa, iş ussahanasynda duşuşmagy teklip etdi.

Biler bolsaňyz...

Kädi çigidi. Ol beden üçin peýdaly önümleriň biridir. Onuň düzüminde PP, A we E, D, C, B topar witaminler bar. Bu onümiň düzümindäki pektin, Omega-6, Omega-3, sellýuloza, aminokislotalar, demir, marganes, fosfor, mis, sink, ýod, kobalt, hlor we kremniý ýaly maddalar gymmatly iýmit çeşmeleri bolup durýar. Kädi çigidi horlanmak isleýänler üçin gerekli önüm bolup durýar. Kädi çigidiniň saglygy goramakda we berkitmekde peýdaly taraplary sanardan köp. Önümi yzygiderli kabul etmek gan aýlanyş ulgamyny kadalaşdyrmakda, gan damarlaryny giňeltmekde, ýürek keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almakda, nerw ulgamyny kadalaşdyrmakda, bedeniň kesellerden goraýjylyk ukybyny artdyrmakda örän peýdalydyr. Süýjülikleri yzygiderli kabul etmek ynsan bedenine ýaramaz täsir edýär. Bu endikden saplanmakda hem kädi çigidi peýdalydyr. Kädi çigidi süýjülikleri iýmek islegini peseltmäge ukyplydyr. Çigidi çig görnüşinde iýmek maslahat berilýär. Ol bagryň, içegäniň işini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. * * *

Güller dünýäsine syýahat

Hindistanda baýramçylyklar, toýlar, doglan günler gül bezeglerisiz geçirilmeýär. Mysal üçin, hindi toýlarynda gelniň we ýigidiň töweregine gül bezegi goýulmasa ýa-da gül ýapraklary ýuwulmasa, däpleriň doly ýerine ýetirilmeýändigini görkezýär. Bu gün okyjylary Hindistanyň meşhur ajaýyp gülleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrmak isleýäris. Lotos hindileriň milli güli hasaplanýar. Ynanja görä, hindiler bu täsin güle suwuň mukaddes güli hökmünde garaýarlar. Şeýle-de bu güle Hytaýda, Ýaponiýada, Müsürde, Şri-Lankada duş gelmek bolýar. Lotosyň hindi lukmançylygynda ulanylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Onuň düzüminde ýüzüň ýygyrdyny aýyrýan ýag bar. Lotos gülüni suwuň ýüzüni, howuzlary bezemek üçin ulanýarlar. Bu gül iýul-awgust aýlarynda gülläp başlaýar.

Seýrek duşýan gymmat bahaly daşlar

Grandidýerit. Käbir seýrek duş gelýän gymmat bahaly daşlaryň atlaryny ýatda saklamak kyn. Köp minerallaryň ady ony açyş edenler bilen baglylykda atlandyrylýar. Gürrüňini edýän daşymyz hem şeýle minerallaryň biri. Bu mineral ilkinji gezek 1902-nji ýylda Madagaskary öwrenen fransuz gözlegçisi we tebigaty öwreniji Alfred Grandidýer tarapyndan tapyldy. 1911-nji ýylda Jeýms Duaýt Dan daşyň beýanyny «Mineralogiýa ulgamynyň» altynjy neşirine goşdy. Käbir çeşmelere görä, grandidýeritleri diňe Madagaskarda däl, eýsem, ABŞ-dan, Täze Zelandiýadan, Norwegiýadan, Italiýadan we Şri-Lankadan hem tapyp bolýar. Grandidýerit owadan ýaşyl, gök, mawy reňklerde bolup, trihroizm häsiýetli mineraldyr. Bu daş ak reňkde hem öwüsýär. Mineralyň näderejede seýrek duş gelýändigi aşakdaky maglumatlardan hem mälim bolsa gerek. Häzirki wagtda bary-ýogy sekiz daş hakyky grandidýer hasaplanýar. Mineral şaý-sepleriň daşy hasaplansa-da, ony şaý-seplerden tapmak mümkin däl diýen ýaly. Iň arassa ýüzli grandidýerite başda bir seýrek duş gelýän mineral, ýagny serendibit diýlip ýalňyşyldy. Hakykat ýüze çykarylandan soň, aslynda, Şri-Lankadan gelen bu daş 2000-nji ýylda Şweýsariýanyň gymmat bahaly minerallara ökde hünärmeni, professor Gübelin tarapyndan satyn alyndy.

Uly baýlyga çenli...

Ozeola Makkarti 1908-nji ýylda Amerikanyň Missisipi ştatynyň Hattisberg şäherinde dünýä inýär. Ol ýönekeý maşgaladan. Ozeolanyň çagalyk arzuwy şepagat uýasy bolmakdy. Günorta Missisipi uniwersitetinde okap, bu ugurdan ýörite bilim almakdy. Ol ejesi, enesi we ýarawsyz daýzasy bilen bile ýaşaýardy. Şol döwrüň ýaşaýyş şertleri agyrdy, ujypsyzja pul bilen eklenmek kyndy. Ejesiniň ýetirinip bilmän kösenýändigini görüp, Ozeola 6-njy synpda mekdebi terk etmeli bolýar. Işe girmäge synanyşýar, ýöne ýaşynyň ýetmeýänligi sebäpli, ony işe kabul etmeýärler. Şeýlelikde, ol barly adamlaryň öýlerinde kir ýuwujy bolup işleýär. Gündelik zähmeti üçin ujypsyzja hak alýar. Bir gün Ozeola banka barýar we pul birikdirmek üçin öz adyna hasap açdyrýar. Ol her iş gününiň ahyrynda banka baryp, öz hasabyna gazanjyndan 1,5 dollar geçirip gidýär. Gündelik pul geçirimleri ýaş gyza ýaşan ömrüniň dowamynda endik bolup galýar. Makkarti 75 ýyllap kir ýuwujy bolup işleýär. Hossarlary aradan çykansoň, daýysyndan miras galan köneje agaç jaýda ýeke özi ýaşaýar. Durmuşa çykmaýar. Ýyllaryň geçmegi bilen, ýurtda birnäçe banklar ýapylyp, galan banklara birikdirilýär. Ýapylan banklaryň pul hasaplary hem galan banklara paýlanýar. Ozeolanyň bankdaky hasaby hem başga banka geçirilýär. Bankyň işgärleri tarapyndan oňa hasabyny barlap, gol çekmegi duýdurýarlar. Ozeola syrkaw bolansoň, baryp bilmejekdigini aýdýar

Öý bikesi öwrense...

Börek Gerekli önümler: 300 — 400 g üwelen et, 1 kg kelem, 2 sany käşir, 2 sany sogan, 3 bulgur un, 1 ýumurtga, 4 nahar çemçe ösümlik ýagy, çalnan süzme, duz we burç.

Adyna eýe bolsun!

Ilimizde täze bäbek doglanda oňa: «Ýaşy uzyn bolsun!» diýlip arzuw edilýär. Taryhy çeşmelerde-de bellenilişi ýaly, ene-atanyň ilkinji borjy perzendine ilhalar gözel at dakmakdyr. Tanymal şahsyýetler hem uly ili çagyryp, olardan çaga at goýmagy sorar ekenler. «Gorkut ata» şadessanynda Derse han ogly bolanda toý tutup, Gorkut atadan perzendine at goýmagy soraýar. Şonda Gorkut ata oglanjyga ak pata berip, «Oglan hakyky adyny özi gazanar» diýýär. Hakykatdan-da, oglan ýetginjek wagty uly märekäniň öňünde öküzi ýykyp, Bugaç adyny alýar. Ýa-da «Görogly» şadessanynda Adybegiň merhum aýalynyň guburynyň başyndan oglanjygy getirenlerinden soň Jygalybeg iline sala salýar. «Garaňky dünýäden ýagty dünýä geldi, adyna Röwşen goýalyň!» diýýärler. Şonda bir ýaşuly: «Bu çaga ady bilen geldi, ady Görogly bolsun!» diýýär. Röwşeniň Görogly ady asyrlardan-asyra, nesillerden-nesle geçdi. Edil şolar ýaly-da «Zöhre—Tahyr» dessanynda Babahan patyşanyň gyzy asmanda Zöhre ýyldyzy dogan wagtyna gabat geleni üçin adyna Zöhre goýýarlar.

DÜREK DÄLIJEMÄŞ / Вика гибридная

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Dürek dälijemäş — kösükliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 30 — 70 sm birýyllyk otjumak wekili. Ösümlik tüýsüz ýa-da ýönekeý tüýlüje, örän seýrek mäzjagazly. Baldagy gyraňly, ýa-da görnetin ýygyrt-ýygyrtly ýa-da inçe ganatlyja. Ortaky we ýokarky ýaprajyklary süýri, esasy pahna görnüşli, uzynlygy 6 — 12 mm, ini 4 — 6 mm, aşaky ýapraklary has ownuk, ters pahna görnüşli. Okarajygynyň hemme dişjagazlary (ýa-da bolmadyk halatlarda olardan 2-si) trubkadan gysga. Sütünjigi tutuşlaýyn tüýlüje. Gülüniň uzynlygy 17 — 20 mm. Tyçinka trubkasynyň bir bölegi bitişen. Sütünjigi towlanmadyk, hemme tarapy ýa-da diňe içi tüýlüje. Baýdagynyň daşy tüýlüje.

Ýyldyzlar näme diýýär? Noýabr 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Noýabrda hamallar daş-töwereklerindäki zatlary üýtgetmäge döwtalap bolarlar. Sabyrly boluň: dost-ýarlaryňyzyň siz bilen bu meselede pikirdeş bolmazlygy ahmal, şeýle-de bolsa ruhdan düşmäň. «Özüňe özüňden ýakyn adam ýok» diýlişi ýaly, özüňize daýanyň. Eger-de iş ornuňyzda size dynç günlerinde hem işlemegi teklip etseler, boýun towlamaň. Ýogsa, golaý gelen üstünligi yza tesdirmegiňiz mümkin. Girdeji babatda bu aý eliňize garaşylmdyk ýerden pul düşmegine garaşylýar, ýöne siz ony derrew sowmaga howlukmaň.

Ýüzi mahy-tabanym

Yssy howa deride kiçijik düwürtikleriň ýa-da tegmilleriň peýda bolmagyna, gözlerimiziň töwereginde ýygyrtlaryň döremegine sebäp bolýar. Şol sebäpden hem ýörite gün kreminden peýdalanmaly hem-de gara reňkli äýnekleri ulanmaly bolýar. Howanyň derimize ýetiren zyýanlaryndan halas bolmak üçin ýapgylardan peýdalanmaly. Terje bir hyýary alyp gyrgyçdan geçirmeli we ony ýüzümize ýapmaly. Üstünden çygly hasany hem goýmaly-da ýapgyny 20 minut saklamaly. Şonda ýapgynyň täsir edijiligi güýçlener. Hyýaryň galyndylaryny pamyk bilen süpürip aýyrmaly we ýüzümizi ýyly suw bilen ýuwmaly. Bu ýapgy ýüzlere tämizlik berer hem-de deriniň çekilmegine kömek eder.