Bu zatlaryň bary obamyza arkasy torbaly ötegçiniň gelen gününden soň başlandy. Obamyz uly ýoldan sowa bolsa-da, garaz gel-git tapylýardy. Kim ýiten düýesini idäp gelýärdi, kime ýene şoňa meňzeş zat bahana bolýardy. Bu gezek gelen ötegçi olara meňzemeýärdi. Sebäp arkasynda torbasy bardy.
Ilki obamyzyň adamlary oňa ownuk-uşak zatlary satyp ýören jerçidir öýtdüler. Onuň gözleri birhili okumyş adamyňky ýaly gamlydy. Has beterem giň maňlaýydyr selçeň goýberilen uzyn sakgaly ony hasam beter tassyklaýardy. Haçan-da ötegçiniň torbasyndan çykaran kitabyny gören obadaşlarymyz oňa aýratyn hormat bilen seredişdiler. Seredişmez ýalam däldi. Ol häkibir içi suratly kitap däldi-de, hemmeleriň hyýalynda göterip ýören Magtymgulynyň kitabydy. Obamyzyň köp adamsy Magtymgulynyň goşgularyny tas ýatdan diýen ýaly bilýärdi. Şonuň ýalam «şahyryň ol sözi pylan zat diýdigi, bu sözi pylan zat diýdigi» diýşip, ony biri-birine düşündirýärdilerem. Ýöne hiç kimde Magtymgulynyň kitaby ýokdy. Şonuň üçin obamyzyň uludan kiçisi Magtymgulynyň goşgusyny diňlemek üçin bary ötegçiniň daşyna hümer boldular. Hatda obamyzyň garry iti Baltaga çenli bardy.