«Magtymguly aýdypdyr» diýen jümle halkymyzyň dogry ýoly saýlamaga esasy çelgisi hasaplanýar. Biziň makalamyz hem dana şahyryň syrly setirlerine we käbir bentlerindäki söz aýratynlyklaryna, olaryň näderejede hakykylygyna bagyşlandy.
Belli magtymgulyşynas alym Amannepes Şyhnepesowyň şahyryň döredijiligi öwrenilende ondan öňki edebiýaty ilik-düwme öwrenmegiň zerurdygyny ýazmagy ýaşlar üçin ýolgörkeziji şamçyrag boldy diýsek ýalňyşmarys. Çünki şahyryň döredijiligine, onuň syrly setirlerine diňe şeýle çemeleşme bilen düşünip bolýar.