"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Zenjebil (imbir)

Zenjebil ajyja tagamy we ýakymly ysy bilen tanalýan tebigy ösümlik bolup, dermanlyk hökmünde ulanylýar. Ol Ýaponiýada, Hindistanda, Indoneziýada hem-de Hytaýda tropiki we ýarym tropiki howa şertlerinde ösýär. Onuň esasy ulanylýan bölegi köki bolup, daşky gabygy goňur, içi bolsa sary reňklidir. Zenjebiliň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar, witaminler, suw we mikroelementler bar. Ol saglygy goraýyş pudagyndan başga-da, köplenç, gazly we gazsyz içgi önümleriniň, ys berijileriň we kosmetiki şerişdeleriniň düzüminde ulanylýar. Zenjebil nämelere peýdaly?

Göwünlere ganat baglan wakalar

Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda bolup geçen buýsançly wakalar göwünlere ganat baglady. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna we Kararyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda göreldeli zähmet çekýän ildeşlerimiziň ýüzlerçesi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy. Şu gün, ýagny 10-njy dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlaryny ösdürmäge, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmäge uly şahsy goşantlaryny goşan ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolan ildeşimiz, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Dursun-Solmaz Muhammedowa öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

Şekillere siňen gözellik

Düýn – 2-nji dekabrda  Türkmenistanyň  Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Gujurly ýaşlar» atly talyplaryň we uçurymlaryň sergisi açyldy. Sergä gatnaşan mugallymlaryň we talyp gelin-gyzlaryň her biri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başynda saýlanyp alnan temanyň üstünde işläp, nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, halyçylyk, zergärçilik, külalçylyk, sungaty öwreniş ugurlary boýunça taýýarlan döwrebap eserlerini sungaty söýüjilere hödürlemegi başardylar.

«Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşigiň jemi jemlendi

Dünýä ýüzünde çeper döredijiligi bilen tanalýan halkymyz müňýyllyklara dowamat boljak medeni-taryhy ähmiýetli gymmatlyklaryň ençemesini döredipdir we nusgawy derejelere ýetiripdir. Häzirki nesillerimize milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy öwrenmäge uly goldaw berýän gymmatlyklarymyzyň hemmesi hem terbiýeçilik ähmiýetli.

Halkara sport ýaryşyna badalga berildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni türkmen sportunyň altyn sahypalary bezeýär. Garaşsyz Türkmenistan ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň depginli ösýän, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýurduna öwrüldi. Ynha, şu gün – 11-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän «Ashgabat Open 2024» atly halkara sport ýaryşyna badalga berilmegi bu hakykaty ýene bir ýola subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň tennis boýunça  «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Eziz Diýarymyzyň  sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň  ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, tennis boýunça ýaş türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn» diýen dürdäne sözleri berk bedenli, sagdyn ruhly nesliň kemala gelmegi baradaky üns-aladanyň dowamlydygynyň aýdyň güwäsidir.

Toýly ýylyň şanyna

Şu gün, ýagny 6-njy noýabrda «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Her jümlesi, her sözi geljegmize rowandyr» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi. Etrap medeniýet merkezinde geçirilen söhbetdeşlikde dana akyldaryň baý edebi mirasyna ýüzlenildi. Şahyryň goşgularynyň labyzly okalyp, aýdym bolup ýaňlanmagyhas-da täsirli boldy. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň çäginde guralan medeni çärä etrabyň öňdebaryjy ýaşlarynyň uly topary gatnaşdy. Olar Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, gadymy şäheriň taryhy ýadygärliklerine aýlanyp gördüler.

Geljege nur saçýan hyzmatdaşlyk

Hanym Jalpa Ratna, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili. Türkmenistan bilen BMG-niň 30 ýyldan gowrak wagty öz içine alýan hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşýar. ÝUNISEF-niň Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alyp barýan işleri barha öňe ilerleýär. Biziň esasy maksadymyz zenanlaryň öz arzuwlaryna ýetip, ýurduň jemgyýetçilik özgerişlerine mynasyp goşandyny goşmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Munuň üçin ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti we ýerli guramalar bilen bilelikde zenanlaryň tutuş ýurtda jemgyýeti ösdürmekde uly güýç bolmak mümkinçiligini üpjün etmek meselesine aýratyn üns berýär.

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bagly bolýar. Häzirki döwrüň ösen täze başlangyçlary diňe adamzadyň howpsuz, asuda ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatlary durmuşa geçirmäge hyzmat etmelidir».

Magtymguly, halk ýadyndan aýrylma «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdan soňky oýlanmalar

Hawa, şol gün parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hasaplanýan Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum dünýäniň birnäçe döwletleriniň wekillerini bir supranyň başyna jem eýledi. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen halkara forumda bolan çykyşlar bir hakykaty aýan etdi. Ol beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň asudalyga hem abadan durmuşa hormat goýýan ynsanlaryň kalp gözelligine öwrülenligidi. Hormatly Prezidentimiziň: «Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni, döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar» diýip, beýik münberden aýdan sözleri dana şahyryň her sözüniň, her setiriniň gudratdygyny, her bendiniň hikmetdigini subut etdi. Magtymgulynyň döredijilik dünýäsiniň Älemi Gün nury dek ýyladyp bilmegi, adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrülen eserleriniň örüsiniň giňemegi ynsanyýet nesli üçin wajyp bolmagyndadyr. Halkymyzyň maşgala gymmatlygyna öwrülip, diňe bir kitabyň kömegi bilen däl-de, hatda ýürekleriň üsti

Ata Watanyň asudalyk aýdymy

Biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny, şygyrlaryny okanymyzda gozgalýan temalaryň, öňe sürülýän pikirleriň örän derwaýysdygyny, döwrümiziň ruhuna, talaplaryna laýykdygyny, zerurdygyny görýäris. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri türkmen halkynyň taryhy, durmuş, ruhy ýolunyň, edim-gylymlarynyň, däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň beýany bolsa-da, olaryň düýp mazmunynda dünýäniň, adamzadyň şu gününe, geljegine dahyllylyk bar. Dünýäniň şu güni bolsa gapma-garşylyklaryň çylşyrymly ýagdaýlara öwrülip, umumadamzat durmuşynyň geljegi baradaky aladany öňe çykarýanlygy, parahat, asuda ýaşaýşy, ylalaşykly gatnaşyklary üpjün etmek ugrunda umumy tagallalary güýçlendirmekde aýgytly hereketlere zerurlygyň artýanlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletlilik ýolunyň binýadynda parahatçylyk, ynanyşmak, dostlukly gatnaşyklar baradaky belent maksatlaryň durýanlygy, bu ugurda bütin dünýäde goldanylýan, adamzat bähbitli uly tutumly işleriň alnyp barylýanlygy türkmen halkynyň asuda geljeginiň kepilidir.

Saglyga sarpa — bagtyýarlyga barýan çelgi

Halk üçin gurmak, döretmek, elbetde, iň bir sogaply işleriň biri. Haçan-da şol binalar halkyň saglygyna gönükdirilende bolsa onuň sogabynyň müňlerçe esse artjakdygy öz-özünden hem düşnükli bolsa gerek. «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar» diýýän lukman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenilip taýýarlanylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgerýär, ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde uly ösüşler gazanylýar, belent-belent sepgitlere ýetilýär. Diýarymyzda uludan bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, paýtagtymyzda, şeýle-de ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda açylyp ulanmaga berlen saglyk maksatly binalar hem bu aýdanlarymyza aýdyň mysaldyr. Şol günki säher bilen şaýat bolan wakalarymyz kalbyňy şatlykdan pürepürleýär. Sebäbi şol gün gözel paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň dabara bilen açylmagy tutuş halkymyza egsilmez şatlyk paýlady. Täze lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy b

«Dünýäniň ýoly bize, biziň ýolumyz dünýä!»

Türkmenistan — parahatçylygyň, dostlugyň mekany. Parahatçylygyň bar ýerinde, asuda owaz, dostlugyň bar ýerinde, söhbetdir saz bar. Bu günki gün bütin dünýä toýlarynda dürli röwüşli tomaşalar edip, milli ýörelgelerini dabaralandyryp, şany ýedi yklyma maglum bolan halkymyz bilen bilelikde toý tutmagyň arzuwynda. Şonuň üçinem, Türkmenistan iň naýbaşy toýlaryň tutulýan ýurduna öwrüldi. Ine, ýatdan çykmajak şeýle toýlaryň biri hem şu ýylyň 18 — 20-nji oktýabr aralygynda ýurdumyzda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalydyr. 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda bu medeni çäräniň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Festiwalyň açylyşy teatryň öňündäki meýdançada Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyz we Türkiýe Respublikalarynyň, şeýle-de ýurdumyzyň teatr toparlarynyň dabaraly ýörişi hem-de edebi-çeper çykyşlary bilen ýaýbaňlandyryldy. Halklaryň özboluşly milli ýörelgesi, ruhy taýdan bir hörpden gopýan aýdymdyr sazlary, tans hereketleri tomaşa edenlere lezzet paýlady.

Serhetçiniň ýary bolmak...

Watana gulluk etmek her bir ynsan üçin beýik mertebe, onuň mukaddes goragyna ömrüňi bermek bolsa, bagtyň çürbaşy bolsa gerek. Çünki dünýäde mukaddes zatlaryň goragy her kese ynanylmaýar ahyryn. Ýurt goragyny ykbal saýlan merdanalaryň eginlerine ýyldyz dakylmagy hem ýönelige däl. Owaldan-ahyra mukaddesligiň nyşany saýylyp gelen mawy gögüň goýnuny bezän ýyldyzlaryň keşbini adamzat paýhasy, megerem, mukaddes topraklaryň goragyna ykbalyny bagyş edip, dünýä, il-güne parahatlygy peşgeş eýläp bilen merdana gerçeklere mynasyp görendir. Biziň aýtmak isleýän esasy gürrüňimiz dost-doganlyk araçäklerimizde gije-gündiz sak duran şol merdana ýigitlerimiziň öz gulluk borçlaryny üstünlikli berjaý etmekleriniň aňyrsynda mukaddes ojaklaryndan gözbaş alan zenan yhlasy hakynda.

Mert çykar myhmana güler ýüz bilen

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň il-ulsumyzy şanly wakalar, taryhy pursatlar bilen serpaýlaýan günlerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly alymlardyr magtymgulyşynaslaryň birnäçesini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Žurnalymyzyň şu sanynda ýokary sylaga mynasyp bolanlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. Neda Berger,

Keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň şan-şöhratynyň bütin dünýä dabaralanmagyna uly goşant goşýan gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän jahana nusgalyk türkmen keşdeçilik sungatyny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde Arkadag hem-de Aşgabat şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanan zenanlar gatnaşdy.

«Siz dogan ahyry!»

«Uýalar — şol bir bagyň dürli reňkli gülleridir». Bu jümläni nireden okanym ýadyma düşenok, ýöne bary-ýogy ýedi sözden ybarat sözlem mende şeýle bir täsir galdyrdy. Men şol wagt duran ýerimden, meni ugradanyna enteklerem ökünýän ýaly, haçan barsam gujagyny açyp duran şadyýan çagalygymyň geçen mährem öýüne — atam öýüme tarap ganat ýaýyp uçan ýaly boldum. Gulagyma ejem jan bilen kakam janyň gürleşýän sesleri gelse, doganym bilen ikimiziň öz soraglarymyz bilen olary gürleşmäge goýman, sözlerini bölüşimiz göz öňümde janlanýar... Hany, akyllyja boluň-da, biri-biriňiz bilen oňşupjyk oýnaň. Siz dogan ahyry!» Bu sözler biziň çagalygymyzda gulagymyzyň ganan, soňra bolsa öz çagalarymyza nesip edip, agtyk-çowluklarymyza diýýän we diýjek sözlerimiz. «Siz dogan ahyry!» Bu sözleriň manysy hakynda oýlandygyňça doganly bolmak bagtynyň neneňsi uly hem çuňdugyna göz ýetirýärsiň.

Düýş we huş

Gidip barýarmyşym öýmüze bakan,Egnimde goşhaltam, elimem boşdy.Uly ýolda, heniz öýe ýetmänkäm,Arabaly gelýän atam sataşdy. Salam berdim, arabasyn saklady.Diýdi ol: «Geldiňmi? Men ota barýanEnçe mahal bäri gara bermäňsoň,Eneň garaşýandyr gözleri girýan».

Göwün bagym aýal dogan

Adam näçe uzak ýaşadygyça, durmuşa, daş-töweregindäkilere garaýşy, gatnaşygy belli bir derejede özgerýän eken. Bir öýde önüp-ösüp, bir saçakdan nan iýýän doganlaryň bilen käte-käte basdaşlyk edip, öýkeleşen wagtlaryň — çagalyk döwrüň yzda galýar. Her kim bir ojagyň eýesi bolýar. Özüň ene bolup, durmuşyň köp aladaly ýollaryndan ýöräp, ep-esli ýaşa ýeteniňden soň, ene-atanyň, doganlaryň gadyr-gymmatyna has çuňdan, bütin kalbyň bilen düşünýärsiň. Ylaýta-da, aýal doganyň orny aýratyn bolup, göwün bagyň ýyl-ýyldan berkeýär eken. Aýal doganyň bilen häli-şindi görşüp durmak, birek-birege jaň edip hal-ahwal soraşmak, aladalaryňy paýlaşmak ömrüň, ýaşaýşyň üçin iň bir zerurlyk bolup durýar. Işigiňde toý bolsa, ilki bilen, aýal doganyň ýetip gelýär. Nähoşlap, başyň ýassyga ýetse, halyňdan habar alyp, hemaýat berýän hem aýal doganyň.

Edebi täsir — döredijilige ganat

Gahryman Arkadagymyz: «Döwletmämmet Azady türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan ahlak ýörelgelerini, wagyz-nesihatlaryny, öwüt-ündewlerini özünde jemleýän özboluşly dünýäni — terbiýe mekdebini döreden hem-de adamzadyyň iň arzyly oý-hyýallaryny jahana ýaýan beýik şahyry — Magtymguly Pyragyny terbiýelän kämil ata we görnükli ussatdyr» diýip jaýdar belleýär. Magtymguly Pyragy başlangyç sowadyny atasyndan öwrenýär. Pederiniň berýän öwüt-ündewleri, döredýän çuň manyly eserleri Pyragyny ýaşlygyndan şygryýet dünýäsine ynamly gadam goýmagyna iterýär. Şeýlelikde, ol özüniň çuň mana ýugrulan goşgularyny gije-gündiz senaly setirleriň dünýä inýän ýerinde — mukaddes ata ojagynda döredipdir. Azady oglunyň şygryýet dünýäsinde ýagşy taplanmagy üçin oňa birnäçe çözmesi kyn sowallary beripdir. Otda poladyň mäkäm taplanyşy ýaly şeýle synaglar Magtymgulyny ýagşy taplapdyr. Wagtyň geçmegi bilen Pyragy öz döredijiliginde pederiniň eserlerinde gozgaýan pikirlerine ýüzlenip, onuň edebi däplerini ösdürip ugrapdyr. Muny dürli deňeşdirmeler arkaly ýüze çykarmak mümkindir.

Jöwher daşy

Il içinde jöwher daşy barada köp gürrüň edilýär. Biziň hem gürrüňimiz jöwher daşy hakynda. Ir döwürler bir akylly kerwenbaşynyň akylly aýaly bolupdyr. Günleriň bir güni aýaly oňa şeýle diýýär.