Hanym Jalpa Ratna, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili.
Türkmenistan bilen BMG-niň 30 ýyldan gowrak wagty öz içine alýan hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşýar. ÝUNISEF-niň Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alyp barýan işleri barha öňe ilerleýär. Biziň esasy maksadymyz zenanlaryň öz arzuwlaryna ýetip, ýurduň jemgyýetçilik özgerişlerine mynasyp goşandyny goşmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Munuň üçin ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti we ýerli guramalar bilen bilelikde zenanlaryň tutuş ýurtda jemgyýeti ösdürmekde uly güýç bolmak mümkinçiligini üpjün etmek meselesine aýratyn üns berýär.