Hawa, şol gün parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hasaplanýan Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum dünýäniň birnäçe döwletleriniň wekillerini bir supranyň başyna jem eýledi.
Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen halkara forumda bolan çykyşlar bir hakykaty aýan etdi. Ol beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň asudalyga hem abadan durmuşa hormat goýýan ynsanlaryň kalp gözelligine öwrülenligidi. Hormatly Prezidentimiziň: «Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni, döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar» diýip, beýik münberden aýdan sözleri dana şahyryň her sözüniň, her setiriniň gudratdygyny, her bendiniň hikmetdigini subut etdi. Magtymgulynyň döredijilik dünýäsiniň Älemi Gün nury dek ýyladyp bilmegi, adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrülen eserleriniň örüsiniň giňemegi ynsanyýet nesli üçin wajyp bolmagyndadyr. Halkymyzyň maşgala gymmatlygyna öwrülip, diňe bir kitabyň kömegi bilen däl-de, hatda ýürekleriň üsti bilen hem göwünlere, döwürlere aralaşyp bilýänligindedir. Halkara forumda belent mertebeli myhmanlaryň şahyryň «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn, Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn», «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň», «Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili, Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz» diýen ýaly ençeme setirlerine ýüzlenmekleri-de watansöýüjilik, agzybirlik, ynanyşmak, mertlik, myhmansöýerlik ýaly ýagşy häsiýetleriň ynsanlary birek-birege ýakynlaşdyrýandygy, hoşniýetli gatnaşyklara ýol açýandygy bilen baglanyşyklydyr. Akyldar şahyryň pikirdir garaýyşlary halkara foruma gatnaşýanlary täsirli duýgulara besledi.