Halk üçin gurmak, döretmek, elbetde, iň bir sogaply işleriň biri. Haçan-da şol binalar halkyň saglygyna gönükdirilende bolsa onuň sogabynyň müňlerçe esse artjakdygy öz-özünden hem düşnükli bolsa gerek. «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar» diýýän lukman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenilip taýýarlanylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgerýär, ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde uly ösüşler gazanylýar, belent-belent sepgitlere ýetilýär. Diýarymyzda uludan bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, paýtagtymyzda, şeýle-de ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda açylyp ulanmaga berlen saglyk maksatly binalar hem bu aýdanlarymyza aýdyň mysaldyr.
Şol günki säher bilen şaýat bolan wakalarymyz kalbyňy şatlykdan pürepürleýär. Sebäbi şol gün gözel paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň dabara bilen açylmagy tutuş halkymyza egsilmez şatlyk paýlady. Täze lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara öwrüljek pursatlara aýratyn many berdi.