Biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny, şygyrlaryny okanymyzda gozgalýan temalaryň, öňe sürülýän pikirleriň örän derwaýysdygyny, döwrümiziň ruhuna, talaplaryna laýykdygyny, zerurdygyny görýäris. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri türkmen halkynyň taryhy, durmuş, ruhy ýolunyň, edim-gylymlarynyň, däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň beýany bolsa-da, olaryň düýp mazmunynda dünýäniň, adamzadyň şu gününe, geljegine dahyllylyk bar. Dünýäniň şu güni bolsa gapma-garşylyklaryň çylşyrymly ýagdaýlara öwrülip, umumadamzat durmuşynyň geljegi baradaky aladany öňe çykarýanlygy, parahat, asuda ýaşaýşy, ylalaşykly gatnaşyklary üpjün etmek ugrunda umumy tagallalary güýçlendirmekde aýgytly hereketlere zerurlygyň artýanlygy bilen tapawutlanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletlilik ýolunyň binýadynda parahatçylyk, ynanyşmak, dostlukly gatnaşyklar baradaky belent maksatlaryň durýanlygy, bu ugurda bütin dünýäde goldanylýan, adamzat bähbitli uly tutumly işleriň alnyp barylýanlygy türkmen halkynyň asuda geljeginiň kepilidir.