Gahryman Arkadagymyz: «Döwletmämmet Azady türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan ahlak ýörelgelerini, wagyz-nesihatlaryny, öwüt-ündewlerini özünde jemleýän özboluşly dünýäni — terbiýe mekdebini döreden hem-de adamzadyyň iň arzyly oý-hyýallaryny jahana ýaýan beýik şahyry — Magtymguly Pyragyny terbiýelän kämil ata we görnükli ussatdyr» diýip jaýdar belleýär.
Magtymguly Pyragy başlangyç sowadyny atasyndan öwrenýär. Pederiniň berýän öwüt-ündewleri, döredýän çuň manyly eserleri Pyragyny ýaşlygyndan şygryýet dünýäsine ynamly gadam goýmagyna iterýär. Şeýlelikde, ol özüniň çuň mana ýugrulan goşgularyny gije-gündiz senaly setirleriň dünýä inýän ýerinde — mukaddes ata ojagynda döredipdir. Azady oglunyň şygryýet dünýäsinde ýagşy taplanmagy üçin oňa birnäçe çözmesi kyn sowallary beripdir. Otda poladyň mäkäm taplanyşy ýaly şeýle synaglar Magtymgulyny ýagşy taplapdyr. Wagtyň geçmegi bilen Pyragy öz döredijiliginde pederiniň eserlerinde gozgaýan pikirlerine ýüzlenip, onuň edebi däplerini ösdürip ugrapdyr. Muny dürli deňeşdirmeler arkaly ýüze çykarmak mümkindir.