Türkmenistan — ýagşy niýetleriň ýurdy
(«Garaşsyzlygyň eşretli zamanasy» atly makalalar toplumyndan) 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi biziň ýurdumyzyň öz ösüşlerini ýagşy niýetleriň ýoly bilen dowam etdirýändigini ýene bir ýola äşgär etdi. Döwlet Garaşsyzlygynyň otuz ýyla golaý ösüş ýolunda biziň ýurdumyz umumadamzat gymmatlyklaryna sarpa goýýan, halkara hukugynyň ynsanperwer ýörelgelerini berk goldaýan, dünýäniň ähli halklary üçin bähbitli bolan başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde milletler bileleşiginde öz ornuny pugtalandyrdy. Türkmen halky dünýäde ýagşy niýetli, hoşmeýilli millet hökmünde özüni tanatdy. Halkymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan iň oňat häsiýetlerini hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň tutýan ýoly, syýasy ýörelgeleriň esasy many-mazmuny hökmünde halkara derejesine çykardy.