"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Zeminiň peşgeşi

Adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýan Nowruz baýramy örän gadymydyr. Nowruz — köňülleri joşdurýan, göwünleri wysala ýetirýän, päkleýän, gözelleşdirýän, agzybirlige çagyrýan, rysgal-bolçulyk eçilýän güýje eýedir. Ol diriligiň we agzybirligiň simwolydyr. Togsan dolup, ýere ýyly girýär. Gyş pasly tamamlanyp, ýaz möwsümi başlanýar. Gije bilen gündiz deňleşýär. Bu döwür musulman ýyl çalşygyna gabat gelýär. Nowruz baýramynda halkymyz üýtgeşik datly tagamlary, ilki bilen, semenini bişiripdirler. Semeni bişirmek dessurynyň müňlerçe ýyllyk taryhy bolup, ol baýramçylyk saçagynyň bezegidir. Dessura görä, semeni gije bişirilipdir. Ol ýaňy maýsalap ugran bugdaýdan taýýarlanylypdyr. Ýagny fewral aýynyň soňky günleri naýbaşy ak bugdaýy gowy ýuwup, arassalap, soňra tagtanyň üstünde endigan serip, Gün düşýän ýerde goýmaly. Günde 3—4 wagtyna suw sepip, berk gözegçilikde saklanan bugdaý maýsalarynyň gökje başy gyrkylyp alynýar. Soňra gyrkylyp alnan başynyň akja köküni sokuda ýenjip, suwuny alyp, üstüne ak bugdaýdan edilen uny gowrup goşmaly we gaýnadyp başlamaly. Gijesi bilen gaýnadylan, uzak zähmeti talap edýän semeni taýýar bolýar.

Sazyň gudraty

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni şatlyk-şagalaňa beslenýär. Şu ýylyň fewral aýynyň 18—28-i aralygynda Italiýanyň Sanremo şäherinde onlaýn aragatnaşygy arkaly aýdym-saz ugrundan halkara bäsleşik geçirildi. Oňa dünýä boýunça 37 döwletiň aýdym-saz söýüjileri — aýdymçylar, sazandalar, hor toparlary wideogörnüşler arkaly özleriniň eserleri bilen gatnaşdylar. Bu bäsleşige gatnaşyp, güýjüni synap görmek höwesi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň üçünji ýyl talyby Aýlar Annamyradowany hem biparh goýmady. Ol konsertmeýster Jennet Hudaýgulyýewanyň pianinoda sazandarlyk etmeginde wiolonçel saz guralynda meşhur rus kompozitory Dmitriý Şostakowiçiň «Birinji konsertiniň birinji bölümini» wideoşekili bäsleşige hödürledi. Türkmen gyzynyň bu saz guralyna ussatlarça erk edip, saz söýüjileriň ýüregine aralaşyp bilmegi köpleri haýran galdyrdy. Oňa onlaýn arkaly sagbolsun aýdanlaryň sany köp boldy. Pasyllaryň soltany baharyň ilkinji günlerinde Sanremodan gelen hoş habar diňe bir Aýlary däl, eýsem, ähli türkmen halkyny buýsandyrdy. Ildeşimiz şol uly bäsleşikde ikinji orny eýelemegi başardy.

Dünýäniň juwan mukamy

Rowaýata görä, ilkinji ynsan çagasyny sudurdan jana getiren saz bolanmyş. Ene süýdüne togap edip ýaşaýan, dogduk topragyň duzuny haklamagy ömrüniň manysyna öwren islendik adamdan: «Bu barlygyň görki näme?» diýip sorasaňyz, «Sallançagy üwräp, hüwdi aýdyp oturan ene» diýip, jogap bererler. Bu, dogrudanam, şeýle. Ene hüwdüsiniň bize şeýle jadylaýjy täsirini nähili düşündirjek, eýsem? Bu mukam her bir adamyň gulagynda däl, ýüreginde ýaşaýar. Sallançagyň ikiýana çyrpynýan siňňitli yrgysy ynsan balasyny aglap durka köşeşdirýär, onuň kalbyna asudalyk, imisalalyk siňdirýär. Şol yrgynyň ýany bilen pessaýja eşidilýän ene hüwdüsinde çaga bir ömürlik sargyt bar. Ýaňy dünýä gelen bala ony diňläp, süňňüne sorýar. Şeýdibem, biziň ruhy synamyz ynsanlyk keşbine gelýär. Nädip gelmesin, eziz eneň saňa ýüreginden çykýan aýdymyny aýdyp hiňlenende:

Uz barmaklaryň hünäri

asudalygyň aýasynda barha kämilleşýär Dünýe döräli bäri munda gözelligem, nepisligem näçe diýseň bar. Zemine ýaraşyk berýän baglaram, güllerem, baýyrlardyr çeşme-çaýlaram, Asmany görke besleýän ýyldyzlaram ynsanyň sünnälige imrinýän teşneligini gandyrýar. Emma nämüçindir bu gezek men zehin-başarnygy şu täsin ýaradylyşdan gönezlikli zenan dünýäsi, olaryň uz barmaklarynyň eliniň yzy galan her bir işiň sungat derejesine ýetýändigi barada sözläsim gelýär. Bu nepis sungatyň haýsy birine üns bereniňde-de, ondan terbiýeçilik äheňini duýmak bolýar. Onda gözellik bar, ol ýerde inçelik görünýär, çeperlik duýulýar, arzuwlaryň ummany tolkun atýar, munda durmuş möwç urýar. Onsoň, näzik kalplarda pyntyk ýaryp, zehin bulagyndan gözbaş alýan işlerem dünýäniň ýaraşygy bolup, bu barlyga siňip barýar. Munuň täsinligini ýa täsirliligini taryplajakmy ýa-da muňa siňen yhlasyň näderejede agramlydygyny saldarlap görjekmi. Asyl, onuň haýsy tarapyndan baranyňda-da bu ýerde yrýalyga gözüň kaklyşmaz, hiç bir artykmaçlyk duýulmaz. Ana, şolaryň netijesinde kemala gelen sungaty dörediji zenanlar biziň öýlerimiziň ýaraşygy, göwünlerimiziň sazlaşygy, durmuşymyzyň goýazylygydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan günlerimizde eli çeper gelin-gyzlarymyz bilen söhbedimizem milli nusgasyny saklap, döwrebap keşbe eýe bolan el hünärimiz dogrusynda boldy.

Gülki barada

Ha ynanyň, ha ynanmaň, ýöne gülkini we onuň adam bedenine ýetirýän täsirlerini öwrenýän ylmyň bardygy hakykat. Ol ylym gelotologiýa diýlip atlandyrylýar. * * *

Bahar göwünli käbäm

Goja Zemine ýaz gelende, meýdan gül-pürçüge beslenýär. Bahar paslynyň enelere meňzedilmegi ýöne ýerden däl. Bahara eneleriň mylaýymlygy, gözelligi, mähri siňen. Bary-ýogy bir pasyllyk döwürde dünýäni ala-ýaz edip, gül-güläleklige, gözellige büräp, gözleriňde hemişelik galýan bahar mydama küýsegli. Ol edil ene ýaly, özüni küýsedýär. Ýaşaýşyň ýaraşygy bolan bahar ot-çöplere jan berýän bolsa, ene öz çagasyna janyndan jan berýär. Bahar — özüniň tebigy güýji bilen gök maýsalygy döredýän bolsa, ene perzentleriniň on iki süňňüniň sagat, akylly-başly, ilhalar ynsan bolup ýetişmegi üçin elinde baryny gaýgyrmaýar. Bahar — mymykdan mylaýym ýelleri bilen ösümlikleri, baglary beýiklige sary ugrukdyrýan bolsa, mähriban ene çagalaryna paýhaslylygy ündäp, olary aklyga sary, dogry ýola gönükdirýär. Hawa, daşdan seleňläp görünýän dag gerişleriniň her ýerlerinde gar görünse-de, eýýäm, howa maýlap, älem-jahan ukudan oýandy. Käbäm bilen ýazlaga gidenimizde, gatyja örülen goşa örüm saçlaryma meýdan güllerinden gysdyryp, meni bezärdi. Ýaz paslynyň gelmegi bilen baýyrlar ýaşyl dona bürenip, depe-düzler gyzyl güläleklerden ýaňa elwan haly ýazylan ýaly bolardy. Şeýle bir owadan güller açylýar welin, giň jahan olaryň ysyndan ýaňa burk urup durandyr. Ol ysy, megerem, hiç ýerden tapyp bolmasa gerek. Bu ajap pursady synlap durşuma, göwün guşum ejem janyň ýanyna telwaslady.

Sadaja bagtyň bolsun!

Enemiň nurana keşbi, çuň mana ýugrulan mylaýym sözleri häli-häzirem göz öňümden gidenok. Agtyklaryny söýgüläp aýdan hüwdüleri, gürrüň beren gyzykly rowaýatdyr hekaýatlary ýadyma düşende kalbym aram tapýar. Çagakak eşiden sözlerimiziň manysyna indi-indiler akyl ýetirjek bolýarys. Bir gün enem ýanyna çagyryp, kemputdyr köke berdi-de, başymy sypap: «Altyndan tagtyň bolandan, sadaja bagtyň bolsun-da, balam!» diýip, ýüzüme mähirli garady. Men enemiň sözlerine düşünmän: — Ene! Ol diýdigiň näme bolýar? — diýip soradym. Enem bolsa mährem ellerini başymdan aýyrman, gözlerini uzaklara dikip, gürrüň bermäge başlady.

Üzärlikli sabynlar — tämizlik hem sagdynlyk

Işdeş gyzlarymyzyň biri: «Üzärlikli sabyn bilen bir hepde ýüzümi ýuwdum welin, düwürtiklerim el bilen aýrylan ýaly bolaýdy» diýmedik bolsa, mende bu täsin sabyna gyzyklanma döremezdi, belkem. Bu mahabatdan soň ýöriteläp dükana gitdim. Ýüzümdäki düwürtikleri aýryp bilmän kän kösendim. Her ýerden bir zat okap, eşiden-bilenlerimi ulanyp, em baryny etdim, ýöne düwürtiklerim aýrylybermedi. Üzärlikli sabyn bilen ýüzümi ýuwup başladym welin, üç gün diýende täsirini duýdum. Düwürtiklerim gurap, aýrylyp başlady. Şonda müň bir derdiň dermany bolan üzärligiň jadyly şypasyna ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Ulandygymça-da, onuň başga-da täsir edijilik syrlary açylyp barýan ýaly. Üzärlikli sabynyň diňe ýüzdäki düwürtikleri däl, endamdaky islendik ýarany aýyrmaga-da täsiri bolup, derini ýumşadýandygyna, barmaklaryň bogunlarynyň yzasyny azaldýandygyna hem göz ýetirdim. Häzirki wagtda täze tehnologiýalar esasynda iş alyp barýan hususy pudakda üzärlikli sabynlary öndürýän karhanalaryň sany köpelýär. Olaryň hatarynda «Täç hil», «Mähirli dogan», «Argyş» hususy kärhanalary-da bar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän üzärlikli sabynlary sabyn önümleriniň nusgawy toparyna degişli bolup, onuň zyýanly bakteriýalara garşylygy ýokarydyr. «Argyş» hususy kärhanasynyň öndürýän «Adelwir» haryt nyşanly üzärlikli sabynlary barada berilýän maglumatlara görä, onuň düzüminde palma we mal ýaglarynyň ýag kislotalaryn

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Gyşyn-ýazyn, günde-günaşa diýen ýaly, çygly esgi bilen süpürenimizde-de, tozansoruja sorduranymyzda-da, öýüň tozanyndan dynyp bolanok. Yzygiderli arassaçylyk işleri geçirilmese, her gün çökýän tozanjyklar gat-gat bolup dykyzlanyp gidýär. Göze görünmeýän tozan bölejikleri diňe pola, mebellere, kitap tekjelerine, lýustralara, penjire tutularyna çökmän, sähelçe yş tapyp, geýim-gejim, gap-çanak, aýakgap saklanýan şkaflara-da girýär. Mikronyň ülüşlerinden 0,1 millimetr aralykdaky ölçegli öý tozanynyň düzümi barlananda, onuň içinden çägeden, daş zerrelerinden, deňiz duzundan başga, kirşen, ösümlik bölejikleri, gül tozgajyklary; ulag tigirleriniň rezin pytraňňylary; her dürli kömelejikler, mikroblar; adamyň we öý haýwanlarynyň derisiniň ölen epidermisi—goňaklary, saç-gyl bölejikleri; sozulan geýim-gejimleriň, keçe-halynyň, sütükli çaga oýunjaklarynyň süýümleri; sürtülen diwan-kürsileriň prolon bölejikleri; kagyz, pamyk, ýüň übtüjekleri; gurum, kül, demir posy, ýag zerrejikleri we ş. m. tapylýar. Deňizleriň, ummanlaryň daşgynlarynyň tolkunlary ýylçyr gaýalary, daşlary ýuwup-ýülmäninde daş zerrejikleri deňiz duzy bilen garyşyp, kenara ýaýraýar, soňra olar guransoň, ýel bilen asmana galýarlar-da, howanyň umumy tozanyna garylýarlar. Köwsarlaýan ýel, apy-tupan dünýäniň iň uly çöli, Saharadan bir ýylyň dowamynda 6 milliondan 200 milliona çenli çägäni asmana göterip, Ýeriň ähli künjegine se

Göwün guşum ganatlydyr

Baýramsoltan GURBANOWA Göwün guşum ganatlydyr

Baldyzym — barlygym

(Mätäji hakyndaky hekaýalar toplumyndan) Annagylyçlaryň sawçysy yzyna gaýtarylansoň Annagülüň keýpi bolmady. Gül ýüzi saraldy. Gözüniň öňi halka atyp, gyzgylt öwsüp duran ýaňaklary solgun göründi. Hemişe timar berip ýören gara saçlary göwünli-göwünsiz tokgalanyp taşlanan gül dessesini ýada saldy. Hiç kim bilen sözleşesi gelmedi. Onuň ozalky şadyýanlygy zym-zyýat boldy. Oňa hiç kimiň hereketi ýaramady. Syr alyp, syr berişýän gelnejesi Maralam oňa indi bigäne ýaly bolup göründi. Bu ýagdaý öýdäkiler üçin onçakly üýtgeşik görünmese-de, Maral üçin geňdi. Baldyzynyň özi bilen sowuk-salalygyna birhili geňirgenýärdi.

Çigme

Ýüpek sapakly iňňäniň hem-de örän usully el ýördümi bilen islendik ölçegde gyýa sanjymda çigip öndürilýän nepis işe çigme diýilýär. Gültahýanyň depesiniň etegine birigýän ýerine salynýan «çigme» nagşy muňa mysal bolup biler. Nagyş üçin bellenen ýeriň ortasyna goňur ýüpekli iňňäni sünjüp, çep tarapa gyýtaklap 5—6 gezek sanjym edip, sag tarapa-da 5—6 gezek gyýtaklap sanjym edilende sapak çigilýär. Şeýdip çepe, saga gezekme-gezek gyýa sanjymlar, goňur ýüpek bilen tamamlanýar. Onsoň, goňurlaryň aralary ak, sary çigimler bilen doldurylýar. Keşde, gaýma üçin işlenýän ýüpek sapaklar çigme üçin hem gowy gelişýär. Çigme sanjymda ýerine ýetirilýän nagyşlar keşde ýaly owadan görünýär.

Jähek

Ýörite niýetlenip, ýumşak tow berlip taýýarlanan gyzyl, gara reňkli ýüpekleriň barmaklarda çapraz geçirilip çalt dokalýan, şol pursatda-da sapakly iňňe bilen donlaryň, tahýalaryň, kürteleriň gyrasyna ýörmelýän nepis işe jähek diýilýär. Jähek çalmak üçin tahýany mysal alalyň. Jäheklik gara ýüpekden tahýanyň etegine deňäp, ýüpegi üzmän, deňän ýüpegiňizi üç gatlap, girintgi üçin dördünji gat goýbermeli-de, ýüpegi bek tutup, gatlary uzynlygyna açyp, ujuny jähek çaljak gyz saklamaly. Şu dört gatyň uzynlygy tahýa jäheginiň ýüpeginiň uzynlyk ölçegi bolar. Onsoň, iki bolup, şol ölçegi uzynlygyna dartyp, şoňa deňäp, ýüpekden on alty gat gatlamaly. On alty gat sekiz halkany emele getirýär. Onsoň, jähek çaljak gyz her eliniň dört barmagyny halkalara salyp, iki ýumrugyny deň tutup saklamaly. Jähek ýörmejek gyz ýüpekleriniň gatlaryny sypalap, deňläp, elindäki uçlary sapakly iňňesi bilen tahýanyň etegine çatyp berkitmeli. Jähek çalýan gyz çalasyn barmaklary bilen sag elindäki ýüpek halkalary, çep elindäki ýüpek halkalaryň arasyndan geçirip, ýüpek halkalary çalşyp alar. Şol pursatda tizlik bilen jähekçi gyz çep eliniň dört barmagy bilen ýüpegiň aşaky dört taryny basyp, sag eliniň barmaklary bilen ýüpegiň üstki dört taryny kakyp saklap, ýüpekli iňňesi bilen ýörmäp ýetişer. Ýörmeleýän pursatda, jähek çalýan gyz çakgan barmaklary bilen ýüpek halkalary çapraz geçirip, çalşyryp çalyp alar. Iş purs

Biz adamzadyň hyzmatynda

Bu jümläni internet sahypalarynyň birinde okadym-da: «Ynsanyň özünden başga oňa hyzmat edip bilýän kimkä?!» diýip, şol jümläniň aşak ýanynda ýerleşdirilen habar bilen tanyşdym. Görüp otursam, muny Ýaponiýanyň tehnologlary tarapyndan döredilen Asimo atly robot aýdan eken. Internet sahypasyndaky habaryň deňesinde ýerleşdirilen wideoýazgyny görüp, muňa hasam göz ýetirdim. Asimo oturanlara çaý getirýär, işdäaçar üçin gök önümleri kesişdirýär, pökgi oýnaýar, töweregindäkilere goşulyp tans oýnaýar... Eýsem, bu täsin dälmi?! Biz bu gürrüňe makalamyzyň soňragynda ýene-de dolanyp geleris. Häzir bolsa gözümiziň öwrenişen durmuş hakykatlaryna dolanalyň. Şu günki gün tehnikanyň ynsanyň durmuşynyň ähli gatlaklaryna galtaşmaýan ýeri ýok. Tehnikalaryň dürli görnüşleri bar, üstesine-de, olar günsaýyn diýen ýaly täzelenip, özgerdilip dur. Şu gün tehnikanyň bir görnüşi durmuşa ornaşdyryldymy, ertir onuň täze nesline garaşybermeli. Ylym ösdügi saýyn köp işler ynsanyň oturan ýerinde dolandyrylýar. Köp zat «eliň aýasynda» diýlişi ýaly, aglaba işler ýa düwmelerine ýa-da ýylmanak sensorlaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Ine, «Akylly öýi» alyp göreliň. Öý «Akylly» diýlip gurlan hem bolsa, ony dolandyryjysyz göz öňüne getirip bolmaýar. Dolandyryjysam tehnika, elbetde, telefon ýa-da planşetdir. Öýde oturdylan dürli hyzmat ediji enjamlar öz işini olara barýan buýruk tolkunlary (Signal) arkaly ýerine ýe

Sanly bank hyzmatlary ösdürilýär

Häzirki döwürde döwrebap ösen innowasion sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan bankyň müşderilerine we ilata edilýän sanly bank hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmek, olaryň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, täze görnüşli döwrebap sanly bank hyzmatlary yzygiderli ösdürilýär. Olaryň hatarynda, «Internet bank», «Mobil bank», «QR-cod» sanly tehnologiýaly galtaşyksyz töleg ulgamlary, «Cash back» höweslendiriji hyzmaty, «Halkbank terminal» sanly bank hyzmaty, «Goýum bank karty», «Maşgala» bank karty we başga-da birnäçe bank kartlary bilen nagt däl görnüşinde geçirilýän hasaplaşyklary işe girizildi. Bu döwrebap sanly bank hyzmatlary ýurdumyzyň söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny artdyrmak maksady bilen, işlenilip taýýarlanylan sanly bank hyzmatlarydyr.

Soltan Sanjaryň Gyzlary

Mahmelek hatyn Mahmelek hatynyň ady Mahmelek hatyn, Mahy Mülk hatyn, Mah Mälik hatyn, Sitti hatyn ýaly görnüşlerde hem gabat gelýär. Orta asyr çeşmelerinde soltanyň beýleki gyzlaryna garanyňda, Mahmelek hatyn hakynda köpräk ýatlanylýar. Mahmelegi Soltan Sanjar öz agasy Soltan Muhammet Taparyň ogly Soltan Mahmyda durmuşa çykarypdyr.

Zenanlar hakynda

Zenanlaryň gözýaşlary dür ýalydyr. Olar döküldigiçe, siziň gymmatyňyz gaçar. * * *

Peýdaly maslahatlar

Bedeniň bir ýeri ýananda ýa-da ary çakanda, täze ýolnan atgulagyň ýapraklaryndan garylyp ýasalan bulamagy ýara ýerine ýapyp, ony 2—3 sagatdan çalşyp durmak peýdalydyr. Beden agzalarynyň birine ýanyk düşende diş pastasyny çalmak bolmaýar. Çünki onuň düzümindäki ftor bedene zyýan ýetirýär. Onuň ýerine 100 gram düýp sogany owradyp, 100 gram saryýagda gowrup, soňra ony süzüp ýara ýapsaňyz peýda berer.

Ýönekeý pikir — ýokary netije

Dünýädäki oýlanyp tapylan zatlaryň köpüsi ýönekeý pikiriň ýa-da bolmasa, täsin wakalaryň netijesinde ýüze çykypdyr. Geliň, gündelik durmuşymyzda kiçi we ýönekeýdigine garamazdan, giňden ulanylýan käbir zatlaryň nähili dörändigini öwreneliň. Ýapyşýan kagyzlar

Dünýäniň gymmatbahaly daşlary

(Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda.) Taaffeit — ýene bir öz täsinligi bilen tapawutlanýan, seýrek duşýan gymmatbahaly daşlaryň biridir. Mineral ony ilkinji açyş eden graf Riçard Taaffeniň hatyrasyna «taaffeit» diýlip atlandyrylýar. Ol 1945-nji ýylda duýdansyz ýagdaýda bu daşyň öň hiç kime mälim bolmadyk üýtgeşik görnüşine gabat gelýär. Bu mineral näzik benewşede açyk gülgüne reňkde bolýar. Bu günki gün ajaýyp mineralyň kiçiräk möçberlerine Şri-Lankanyň, Tanzaniýanyň ýataklarynda duş gelmek bolýar.