Bagtyň, bagtyýarlygyň gönezligi
Ir döwürlerde bütin ömrüni kitap okap, kitaphanada geçiren bir dana: «Eý, parasatly goja, siz ömrüňizi kitap okap, ylym-bilim öwrenmäge bagyş eden adam. Hatda, siziň her bir sözüňiz, hereketiňiz biziň üçin ullakan mekdep, giden bir durmuş akademiýasy. Şol okan kitaplaryňyzyň haýsysy siziň hemişelik hakydaňyzda galyp, tutuş ömrüňize täsir edip, köp zatlary öwrenmegiňize we şolardan ruhlanyp, ýene-de okamagyňyza getirdi?» diýlip, berlen sowala, ol bir sözde: «Ejem» diýip, jogap berýär. Çünki bütin ömrüne perzentleri, maşgala ojagy, ýar wepasy üçin ýaşaýan enelerimiziň ýüregi söýgüden we mähirden pürepür bolup, olaryň sözi-de, hereketi-de çagalarynyň ýagty ertiriniň gönezligidir. Ene, gör, nähili belent mukaddeslik, ol maşgalanyň söýesi, ojaklaryň ýylysy, agzybirligiň gaýasy, oba-kentlerimiziň ýaraşygy, märekeleriň gelşigi. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, çuňňur pähim-parasadyndan kemal tapan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserini okanyňda we onuň içinden eriş-argaç bolup geçýän gelin-gyz edebi, zenan mertebesi, ene mukaddesligi bilen baglanyşykly durmuş filosofiýasyna aralaşanyňda magat göz ýetirýärsiň. Çünki hormatly Prezidentimiziň ata-enesine goýýan hormaty nusgalyk ýol bolup görünýär. Kitabyň «Sözden başlanýan ägirtlik» atly ilkinji bölüminde: «Elbetde, adamyň kemala gelmegi üçin jemgyýetiň täsiriniň hem iňňän uly ähmiýeti bardyr.