Sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi

19 Fewral 2021
1448

Watanymyzyň täze taryhyna dahylly şanly senelerde, baýramlarda bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy hem şu döwürde bitirilen işlere, ýetilen sepgitlere nazar aýlap, häzirki günlerde gazanylýan üstünliklere baha bermekde ýene bir ajaýyp pursatlardyr. Şu döwürde ýurdumyzda nähili beýik ösüşleriň, düýpli özgerişleriň bolandygyny biziň özümiz oňat bilýäris. Täzelenişiň we ösüşiň ruhuny halkymyz öz durmuşynda görýär we kalby bilen duýýar. Bizi ýürekden buýsandyrýan ýagdaýlaryň biri, berkarar türkmen döwletiniň ýeten derejesiniň dünýäde ykrar edilýändigini, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ösüş maksatnamalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň artýan kuwwatlyklarynyň goňşy döwletleriň ösüşine-de täsir edýändigini duýmakdyr.

Häzir halkara bilermenleriniň, goňşy döwletleriň hünärmenleriniň çykyşlarynda biziň sebitimizde emele gelen täze hakyky ýagdaý hakynda köp gaýtalanýar. Munuň özi Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda öz orunlaryny pugtalandyryp, ählumumy ösüşde täsirlerini artdyrýandyklary, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda öz milli nukdaýnazarlaryny öňe sürüp, her bir meselä, esasan-da, ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga öz tutýan ýollary bilen çemeleşýändikleri öňe sürülýär diýilse, dogry bolar. Bu babatda Türkmenistanyň aýratyn işjeň ornunyň bardygyny hyzmatdaşlygyň täzeçe çemeleşmeleri aýdyň görkezýär.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.