"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat jan, Aşgabat!

(aýdym) Aziýanyň merjeni,

Maşgala türkmen jemgyýetiniň binýadydyr

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr.

Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Arkadagym adyllykda halkyna gol berýändir, Il-gün üçin yhlas edip, täze zaman gurýandyr,

Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!

Ylhamlar şäheri gözel Aşgabat! Seni söýgüläp-taryplan dilleriň senasyny diňleýän. Olaryň buýsançly owazy ýürek tarlaryna şeýle bir hoş ýakýar. Arka atan 140 ýylyň içinde bolan wakalar barada oýlanýan. Ganatly ylhama atlanan kalbym gadymy rowaýatlaryň güzerine gonýar... Aýdyşlaryna görä, gadym döwürde Nusaý patyşasynyň ogly Änew hanyň perizat ýaly owadan, asylzada gyzyna aşyk bolanmyş. Magşuk gyz göwün söýen ýaryna gowuşmagy arzuw edipmiş. Emma Arşdan ýaňlanan owaz ýowuz çykyp, aşyk-magşugy ajy aýralyga sezewar edipdir. Ýaşlar gaçmagy ýüregine düwüpdirler. Uç-gyraksyz çölüň gyzgyn çägeli aňňatlary aşyk-magşugyň nalasyna eýermändir. Gözýetimde ikiýan at çapýan oýunçy salgymlar olara gol bulap, halys ysgyndan gaçyrypdyr. Birdenem, ho-ol aňyrda göm-gök baýyrlar görnüpdir. Suwsuzlykdan ýaňa agzy gurap, dodaklary jaýryk-jaýryk bolan aşyklar şol ýana ylgapdyrlar. Süýr günortanlar olar bir şatuduň saýasynda lummurdap akýan çeşmäniň başyna özüni atypdyrlar. Ýöne haýp, teşneligini gandyrmak üçin buz ýaly suwa eňegini basan badyna suw topraga siňip, köne güzer gurap galanmyş. Aşyklar başyny galdyrsa welin, dag çeşmesi ýene bal ýaly süýji suwdan dolup akýar diýýär. Halys mejaldan gaçan aşyklar ykbalyň bu ýeser oýnundan ejizdigini boýun alanmyş. Ahyry, perisypat gyz armanly gözüni ýumanmyş. Emma onuň hüýrmelek husnuna hatda ajal perişdesiniň özem dözmändir, tersine, oňa aşyk b

Ýoluňdan başlanan ýodalam ýagty

Eneler — mähir ojagy. Aslynda, ynsan balasynyň ýüregini şol ojaga baglaýan hem enäniň yssy mähri bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň her bir setiri ene mähribanlygy barada söz açyp, ýurdumyzda enelere goýulýan sylag-sarpanyň beýikliginiň güwäsi bolup ýaňlanýar. Bu ajaýyp kitapdaky: «Eneleriň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly. Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar.

Ýürek mähri siňen sungat

Ýaşaýyş-durmuşymyzda maşgala iň gymmatly baýlyk bolup, ol jemgyýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde şahsyýetleriň dogry we sazlaşykly kemala gelmegine ýardam edýär. Mähriban Arkadagymyz taryhy çykyşlarynda, ajaýyp eserlerinde jemgyýetiň sarsmaz sütüni bolan maşgala mukaddesligi, onuň agzybirligini berkitmekde, gorap saklamakda, watansöýüji, ynsanperwer nesilleri kemala getirmekde eziz enelerimiziň paýynyň uludygy barada aýratyn nygtap geçýär. Gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan milli däp-dessurlarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň asyrlar aşyp, dowamat-dowam bolmagynda-da enelerimiziň mynasyp goşandy bardyr. «Dünýäniň ähli syry enede jemlenýär, ynsan ömri ene bilen bagly» diýilýär. Ene durmuşymyzyň bezegi, döwletli ojaklarymyzyň diregi. Jadyly hüwdülerinde durmuşyň ähli gowulyklaryny arzuwlaýan enelerimiz mukaddesdir, beýikdir. Türkmen halky ene mukaddesligini öý-ojak mukaddesligine deňeýär, enä goýulýan hormaty öý-ojaga goýulýan hormat saýýar. Arkadag Prezidentimiz mähriban enelerimize bagyşlap ýazan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde şeýle diýýär: «Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçin hem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir». Döwlet Baştutanymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýoluny yzarlaýan ajaýyp kitapda ene mukaddesligi, ene ham

Sagdynlygyň goragynda

Döwletli iliň toý-baýramy asylam goşa-goşadan gelýär. Şeýle şatlykly günleriň birinde Gahryman Arkadagymyz biziň hemmämize gymmatly toý serpaýyny bagyşlady. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň çäginde täze lukmançylyk dikuçary satyn alnyp getirildi. Şol gün «Watan» habarlar gepleşiginde bu görnüşleri synlan ildeşlerimiziň her biriniň gursagy guwanç, buýsanç duýgularyndan doldy. Özüň saglyk işgäri, lukman bolsaň welin, şeýle şatlygyň hümmetem, gymmatam üýtgeşik bolýar. Sebäbi biz «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni şygar edinýän döwletde ýaşaýarys. Türkmenistan häzirki çylşyrymly günlerde, dünýä ýagdaýlarynyň tiz-tizden üýtgäp durýan şertlerinde özüniň baş ugruna pugta eýerýär. Biziň ýurdumyzda adam, onuň saglygy hem bagtyýarlygy baş maksat, esasy gymmatlykdyr. Bu ynsanperwer ýörelgäniň durmuşyň her ädiminde aýdyň görünýän ilkinji ugurlarynyň biri-de, elbetde, saglygy goraýyş ulgamydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri adam saglygyny hem abadançylygyny ýurduň baş baýlygy diýip yglan etdi. Milli saglyk ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrmak işlerine döwletimiz aýratyn üns berýär, bu işlere örän köp maýalyk serişdeleri gönükdirilýär. Iň täze tehnologiýalar, öňdebaryjy innowasiýalar pudaga giňden ornaşdyrylýar. Lukmançylyk ylmy hem hyzmatlary özüniň mazmuny we hili boýunça dünýä derejesine laýyk ösýär.  «Lukmançylyk awiasiýasy» diýen düşünjäniň a

Arassaçylyk — saglyga serpaý

Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maşgala agzalarynyň her biriniň borjudyr. Ýöne şol kadalaryň zenan maşgalanyň gerdenine düşýän agramynyň welin, hetdi-hasaby ýokdur. Içeriniň, daş-töweregiň, maşgaladaky uly-kiçi hemmeleriň üst-başynyň arassaçylygy, serenjamy gönüden-göni zenan maşgalanyň ünsünde bolýar. Aşhananyň, azyk önümleriniň, gap-çanak saklanylýan ýerleriň we nahar bişirilýän ýeriň arassaçylygy gönüden-göni öý bikesiniň başarjaňlygyna baglydyr. Çünki arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, gowy ýuwulmadyk gök önümlerden we miwelerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitlerden we arassalanylmadyk suwdan geçýär. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek islendik pursatda zerurdyr we muny biziň her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Biz öz çagalarymyza ýönekeýje arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekligi häli-şindi ündäp durmalydyrys. Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmeginde, asgyrmagynda, gürlemeginde, köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin hem biz öz çagalarymyza köpçülik ýerlerine çykanlarynda talap edilýän araçägi saklamalydygyny ýatladyp durmalydyrys. Şeýle-de şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak

Zenan edebiniň zynaty

Türkmen halysy — zenan ýüreginiň soňlanmajak aýdymy. Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplarynda haly sungatymyzyň taryhyny dürli tymsallaryň, rowaýatlaryň üsti bilen beýan edýär. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi, zenanlarymyzyň çeper elleriniň gudraty bilen döreýän ajaýyp halylarymyzyň şan-şöhratyny öňküden-de artdyrýar. Halkymyzyň ýürek syry, ynamy, ygrary bolan türkmen halylary asyrlaryň dowamynda özüniň inçe sungatdygyny, mizemez gözellikdigini ykrar etdirip gelýär. Gelin-gyzlarymyz ene-mamalarymyzdan miras galan ajaýyp el senedini ýaş nesillere ýetirýärler. Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen halysynyň, ony dokaýan ussat halyçylaryň sarpasy has-da artdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde täze çeper halyçylyk kärhanalary gurlup, ulanylmaga berilýär, munuň özi halyçy gelin-gyzlarymyzyň öňküden-de döredijilikli işlemekleri üçin amatly şertleriň döredilýändigini görkezýär. Halypa halyçylaryň gatnaşmagynda geçirilen «Zenan edebiniň zynaty» atly söhbetdeşligimiz hem bu ajaýyp sungat eseri barada boldy. Zylyha BEGLIÝEWA,

Magtymgulynyň şygyrlarynda rowaýatlar we tymsallar

«Dünýäniň tebibi-lukman şypa ber» Ir zamanda Musa pygamber döwründe agaç ussasynyň Lukman atly ogly bolupdyr. Ol ýaşlykdan ýetim galandan soň, il-günüň hyzmatyny edip, çörek puly gazanypdyr.

Ene çürçüri

Biz saz bilen bagly kän zatlary eşidýäris. Näme üçindir olar aňsat-aňsat hakydaňdan çykanok. Meniň gürrüňini etjek bolýan bu wakam hem saz bilen bagly. Özem, ol sazyň diňe adama däl, guş-gumra-da täsir edişi barada. Bu gürrüňi men gum obalarynyň birinde myhman bolan wagtym eşitdim. Ol waka ýaz aýlary bolupdyr.

Ýanýoldaş

Nobatdaky iş gününiň argynlygyny aýyrmak üçin ejem ikimiz agşamlyk naharyndan soň, mazaly demini alan gök çaýy öňümize alyp, ondan-mundan gümür-ýamyr etmegi endik edinipdik. Çaýyň ýany bilen ejemiň öz enesinden eşiden durmuş hekaýatlary, gören-eşidenleri baradaky gürrüňleri gulagyňa hoş ýakýardy. Ejem olaryň hekaýatyny mähirli sesi bilen howlukman aýdyp berýärdi. Onsoň sypaýyçylykly äheň bilen gulagyňa giren gürrüňleriň özenine örklenen öwütler ömrylla ýatdan çykanok. Bu gezegem şeýle boldy. Mazaly demini alan gök çaýyň ýanyna gaba guýup süýji aldym-da, saçagyň başyndaky öňki ornuma geçip oturdym. Ejem öňünde goýan süýjülerimde birsalym manyly nazar egledi. Onuň bu syrly synlamasy enesiniň öz ömründe şaýat bolan ýene bir durmuş hekaýatyny ýadyna salan eken. Ejemiň durmuş hakynda gyzykly gürrüňleri jemläp, hakyda «sandygynda» apalap saklan bu hekaýatyny «ýanýoldaş» diýip atlandyrmak isledim...

Döwletli törüň ýaraşygy

1941—1945-nji ýyllaryň urşy başlananda Sapargül ýaňy on bir ýaşyny doldurypdy. Ulularyň: «Uruş turupdyr» diýen habaryny çaga kalby birbada nähili kabul etjegini bilmedi. «Kim kim bilen uruşýar, nämäniň üstünde uruş bolýar?» Gyzjagaz bu sowallaryň jogabyny kakasy — kümüş ussasy Açyl aganyň ýanyna gelýän oba ýaşulularynyň gürrüňlerinden gözleýärdi. Indi olaryň gözlerinde öňki şatlyk ýokdy, biri-birine ýomak atyşyp, degşip-gülüşmeýärdiler. Köplenç, dymýardylar. Doýagarna iýlip, ýüpek-parça geýilmese-de, öň oba içi asudady. Her kim öz gün-güzerany bilendi. Toýam edilerdi, şatlygam bolardy. Gyzlar üýşüp läle-de kakardylar. Aýal-gyzlar gowaça ýekeläp, otag otap, pagta ýygymyna gatnaşsalar, erkek kişiler ýer sürerdiler, ýap gazardylar, maldarçylyk bilen meşgullanardylar. Ganym uruş obanyň bu asudalygyny bozdy. Her öýden urşa diýip gidýänleriň sany köpelip ugrady. Obada aýal-ebtat, oglan-uşak diýmeseň, erkek göbekliden işe ýaramlysy galmandy. Şol günleriň birinde Açyl aga-da çakylyk haty geldi. Ol hoşlaşanda, ýanýoldaşy Jumagül ejä sargyt baryny etdi: «Çagalary hor etme. Sen kolhoz işine gatnasaň, Abdysemet jan mellege, mal-gara kömekleşer. Ekin-dikin bitip, ak-gök bolup dursa, horluk çekmersiňiz. Gerek diýseler, front üçin kümüş şaý-sepleriň ählisini ber. Biz, nesip bolsa, ýeňiş bilen dolanyp geleris».

Ejeme meňzeş ene

Ejem baradaky ýakymly duýgulara berlip oturyşyma, nädip galam-depderimi elime alanymy duýman galypdyryn. Gözümiň alnynda ejemiň nurana keşbi janlandy. Ejeli günlerimiň ýakymly ýatlamalary hakydama doldy. Ejem teleýaýlymda berilýän tanymal sungat ussatlary baradaky gepleşikleri hezil edip diňlärdi. Aýdym-sazyň jadylaýjy gudratynyň täsiri diýseň güýçli bolýar. Haçan-da, ejem Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, doganlar Berdiýewalar, Oguljan Makyýewa we beýleki aýdymçylary diňläninde, şolar bilen deň hiňlenerdi. Ejem tara dokardy. Asyl ejem gyz wagtlaram haly dokar ekeni. Käte goňşy gelnejeleriň dokap oturan halysyna-da kömekleşerdi.

Dünýäniň diregi

Eneler barada näçe ýazsaň-da, ol mähribanlary näçe taryp etseň-de az. Çünki ol seniň eziz käbäň, ýeke-tägiň, gözleriň röwşeni, ýagty dünýä indereniň, janyndan jan bereniň. Seň şanyňa goşgy ýazasym gelýär,

Ahmet MÄMMEDOW

Magtymguly Magtymguly — biziň beýik danamyz,

Ejeri (hekaýa)

Obamyz entegem özüniň gyssanmaç ädimlerini çaltlandyryp öňe gidip otyr. Ol ylgawyny ýazdyrman, howlugyp ýörse-de, ýyllar boş geçenok. Herhal, ertirki gün ýatlanar ýaly bir zat tapylýar. Ony Üpük goja, beýleki ýerlere garanyňda, obamyza Günüň köp düşýänliginden görýär. Aýdyşlaryndan, gowy zatlaryň ählijesi Günüň şöhlesidir enäniň süýdünden gaýdýarmyş. Men Göwher gelnejemi ýene ýüz ýyldan kimdir biriniň ýatlajakdygyny bilýän. Ol obamyza çykyp geleli bäri dokmanyň üstünde. Obamyz onuň dokan halysyny gowy görýär. Men halydanam beter onuň aýdyp berýän süýji gürrüňlerini halaýaryn. Oglan göwnüme şol gürrüňler näçe  diňlenilse-de, ýadatmazmyka öýdýän. Ýöne gürrüňleri gowy görsemem Göwher gelnejemiň aýtmazlygyny dileýärin. Sebäbi ol gürrüň beren mahaly bozulýar. Şol gün onuň eli kesere baranok. Onsoň näler diňläsim gelse-de, çygjaran gözleri görmejek bolup, oňmaly bolýaryn.

Söýginiň gözbaşy

Mähriban Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde mähriban enelerimiz barada şeýle diýýär: «Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Eneleriň güler ýüzünden iliň asudalygy, agzybirligi, döwletliligi, rysgallylygy, bagtly ýaşaýşy görünýär». Uly söýgi hem mähir bilen aýdylan bu jümleleri näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Çünki döwrüň bagtyýar enelerine, zenanlaryna, maşgala mukaddesligine bagyşlanan bu kitap durşy bilen mekdep, nusgalyk ýol-ýörelge. Hut şonuň üçin-de, ilkinji Zenanlar guramamyz tarapyndan talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilýän çäreleriň her birinde çuňňur many-mazmuna, pähim-parasada eýlenen bu kitap uly gollanma bolup durýar. Geljekki eneler bolan ýaş gyzlaryň terbiýesinde enelerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, durmuş tejribesinden ugur alynýar.

Tamdyr mukaddesligi

Türkmen zenanlarynyň çörek bişirmek üçin toýun palçykdan ýa-da kerpiçden depesi açyk gümmez şekilinde ýasan ojakdyr tamdyry gurluş aýratynlygy boýunça beýleki halklaryňkydan tapawutlanýar. Türkmen zenany keramatly tamdyry gurmaga başlanda sähetli gün düýbüni tutup, tamdyrynyň durjak ýeriniň topragyndan dadyp görüp, tamdyryň pirinden — Mirkülaldan ýagşy dilegler edip başlapdyr. Irki döwürde salnan tamdyrlardan, häzirki tamdyrlaryň gurluş aýratynlygynda tapawut bar. Irki döwürlerde sap laýdan edilen tamdyrlar göni ýerden gurlan bolsa, häzirki döwürde salynýan tamdyrlaryň aşagyndan yzgar çekmez ýaly bişen kerpiçi tegelekläp goýup, şykgy bilen garyşdyryp örülýär. Salynjak tamdyryň laýy 1—2 gün öňünden taýýarlanylyp, soňra bolsa tamdyr ýylylygyny dowamly saklamaklygy üçin köne saman we goýnuň ýüňüniň bölejikleri bilen garyşdyrylyp örülýär. Tamdyr gurlup başlananda onuň iki tarapyndan körük goýulýar we körügiň depesinden goçuň şahyna meňzeş goçak şekiliniň goýulmagy bolsa: «Ojagymy gözden-dilden gorasyn!» diýen manyny aňladýar. Türkmen zenany tamdyry guranda onuň ulanjak repidesine laýyklykda, agzynyň giňligini goýup, şykgydan bilekse taýýarlaýar hem-de öz boýuna görä beýikligini saýlap gurýar. Tamdyryň ilki içi, soňra bolsa daşy suwalýar. Tamdyr doly salnyp tamamlanandan soňra onuň içine odun salnyp, tüsseläp ýanar ýaly edilýär. Tamdyr agarýança odun ýakylýar, soňra onuň iç ýüzi çör

Bitin çörek, bitin rysgal

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ahal welaýatynyň Zenanlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda «Bitin çörek, bitin rysgal» atly çäre geçirildi. Çöregiň mukaddesligi, onuň bişirilişi bilen bagly halkymyzyň arasynda bar bolan edim-gylymlar, däp-dessurlar, tamdyra çörek ýapylanda aýdylýan aýtgylar barada ýaşuly zenanlar ýaş nesilleriň arasynda gyzykly gürrüň berdiler. Şeýle hem ussat çörekçiler çöregiň dürli görnüşleriniň taýýarlanylyşyny we olaryň tamdyra ýapylyşyny iş ýüzünde görkezdiler. Biziň fotohabarçymyzyň alan şol pursatlaryny size hödürleýäris, mähriban gelin-gyzlar!