"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Durmuş pelsepeleri

Biz, esasan, özümiziň söýýän zadymyzy aýamaga çalyşýarys. * * *

Gözellik nusgasy — türkmen halysy

Türkmen halysy. Ähli döwürleriň ajaýyp eseri. Ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän deňsiz-taýsyz gözellik. Owadan haly gölleri halkymyzyň buýsanjy, milli baýlygy. Ýaşlarda maddy we medeni gymmatlyklarymyza söýgi döretmekde mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzdan miras galan türkmen bedewine, alabaý itine, ajaýyp türkmen halysyna, milli tagamlaryna bolan söýgüsini olara bagyşlan eserlerinde giňden beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halysynyň gelip çykyşy, döreýiş aýratynlygy, taryhy we şu güni barada ýazan «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» ýaly ajaýyp eserleri gyzykly hem täsirli maglumatlara diýseň baý. Türkmen zenanlary geçen asyryň içinde, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda özleriniň iň äpet halysyny dokapdyrlar. Ol haly dünýäde iň uly, ýagny gigant haly hökmünde hasaba alnypdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen zenanlary ondan-da uly halyny dokamak bilen, bu täsinligiň üstüni ýetirdiler. 1937-nji ýylda türkmen halyçylary tarapyndan Aşgabadyň haly fabriginde dokalan «Atly ýöriş» atly haly 1935-nji ýylda Aşgabat—Moskwa aralygynda geçirilen atly ýörişe bagyşlanypdyr. Bu ajaýyp haly soňra 1939-njy ýylda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Halkara sergisinde baýrakly orna mynasyp bolýar. Häzir hem bu täsin haly Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäheriniň muzeýinde saklanýar.

Beýik Enäň göreldesi

Göwher GURBANOWA

Köňül köşgümiň küýsäni

Käwagt şeýle bir ýagdaýlar bolýar. Adam täze başdan geçirmeleri küýseýär. Ýakup hem şol gün şeýle duýgular bilen öýden çykdy. Howa bulaşyp ugrapdy. Ine-de, duralga. Ýöne nirä gitmeli? Garaşylmadyk gezelenji küýsän ýigit gabat gelen awtobusa mündi. Daşarda ýagyş ýagmaga başlapdy. Güýz ýagşynyň sowuk damjalary awtobusyň penjirelerinden syrygyp gaýdýardy. Golaýyndaky oturgyçda ýuwaşlyk bilen gözýaşlaryny süpürip oturan gyz onuň ünsüni çekdi. Sojap dem almasy onuň uzak wagtlap aglandygynyň alamatydy. Oňa çenli awtobus duralga ýetdi-de, gyz ulagdan düşdi. Bilesigeliji ýigit ulagdan düşen hem bolsa, gyzyň yzy bilen ýöräp gitmegi birhili görüp, diňe yzyndan seredip galdy... Ine, şol gyz ýene-de onuň öňünde dur. Ýigit ýuwaşjadan onuň ýanyna bardy:

Ertekiler dünýäsine gezelenç

Milli ruhuň altyn hazynasy, halkyň ruhy dünýäsiniň mizemez ýadygärligi, synmaz heýkeli bolup duran mirasymyzy aýawly saklap, olary geljekki nesillere-de ýetirmegiň aladasyny edýän milli Liderimiz öz çykyşlarynda olary öwrenmeklige alymlary borçly edip goýdy. Şol borjy ödemekde biziň her birimiz jan aýaman zähmet çekmelidiris. Tejen şäherinde ýaşap, şäheriň özünden hem onuň töweregindäki obalaryndan kyrkynjy ýyllaryň ahyrynda örän kän kämil ertekiler toplan Çary Garabekowyň kyssalaryny okap, gelin-gyzlaryň durmuşy, olaryň durmuşda özlerini alyp barşy bilen bagly gymmatly nesihatlaryň, öwüt beriji ajaýyp mazmunly ertekileriň üstünden barylýar. Ertekileriň atasam halk, enesem diýlişi ýaly, ony döreden halk öz perzendine durmuşda ýaşamagyň dürs ýollaryny salgy berýär.

Mähir bulagy

Jägildäp dünýä inýän ynsan balasynyň ilkinji iýmiti bolan ene süýdi sagdynlygyň gözbaşy, mähir bulagydyr. Bu tebigy iýmit çaganyň ýaşaýşynda, sagdyn ösüp-ulalmagynda deňsiz-taýsyzdyr, bu babatda onuň ornuny tutup biljek başga bir ýokumly iýmit ýokdur. Bu adamzat durmuşynda asyrlaryň tejribesinden geçip gelýän hakykatdyr. Çaganyň dogulmagy bilen ene göwsüne inýän süýdüň ilkinji damjalary — owuz süýdi hasaplanýar. Ol çaganyň kesellere garşy durnuklylygyny artdyrýan elementlere baý bolup, örän peýdalydyr. Şeýle-de ýaňy doglan çaganyň aşgazan-içege, iýmit siňdiriş ýollary täze durmuşa uýgunlaşmaly bolýar, şol döwürde körpeje içege sanjysyndan ejir çekýär, ene süýdi bolsa onuň birebir emidir. Ýagny çagajygyň iýmit siňdiriş ýollarynyň kadaly işlemeginde ene süýdüniň ähmiýeti uludyr. Ýaş enelere çaga alty aýlyk bolýança ony diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýäris. Ene süýdi çaganyň irki ösüşine, dişleriniň düýp tutmagyna, göreçleriniň ýiti bolmagyna, aň we akyl taýdan öňe gitmegine, ir gürläp hem ýöräp başlamagyna oňyn täsir edýär. Onuň çaganyň diňe bir sagdyn ösüp-ulalmagyna däl, eýsem, terbiýesine-de, ýagny akylly, asylly, belent adamkärçilikli bolup ýetişmegine-de täsiri uly. Bu hakykaty durmuş tejribämizde gabat gelýän köp sanly mysallaryň üsti bilen hem delillendirip bolar. Alymlar ene süýdüniň ene bilen çagany biri-birine has ysnyşdyryp, olaryň arasynda mähirli ga

Janyňa dermandyr enäniň süýdi

Eneňdir ol, hassalasaň em eden, Hüwdi atly ajap mukam döreden,

Milli biçüw

Biçimçiler biçmeli parçany eline alanda, ony dessine göz ölçeginden geçirýärler. Nähili biçende islegi kanagatlandyryp biljegine göz ýetirýärler. Örän ir wagtlarda nah parçalaryň ini 80 sm dokalýardy. Şol parçalardan biçilip tikilen köýnek ýuwlanda dikligine girerdi. Şonuň üçin şol parçalardan köýnek biçilende aşyry, ýan, ýeň ölçeglerine girintgi ölçegleri hem girizilip tikilerdi. Häzirki bagtyýar döwrümizde dokalýan köp dürli nah we ýüpek parçalar gyz-gelinleriň islegini baýlaşdyrdy. Parçalaryň inleri-de dürli inlilikde dokalýar. Parçalaryň käbiri dikligine, käbiri keseligine girýärler. Şonuň üçin köýneklik parçany biçmezden öňürti sabynsyz arassa suwda mazaly ýuwup sermeli. Mümkin boldugyça gaty guramanka öz çygynda endigan ütüklemeli.

Sagdyn durmuş — altyn täç

Keselleriň öňüni almaklyga ýykgyn etmek, saglygymyzy goramak ugrunda elimizden gelýän tagallalary gaýgyrmazlyk häzirki wagtda iň wajyp wezipeleriň biridir. Dürli ýokançlyklardan goranmak, sagdyn we berk bedenli bolmak üçin her birimiziň bilmeli zatlarymyz biziň durmuşymyzda saglyk ähmiýetli möhüm orny eýeläp biler. Munuň üçin bolsa şu aşakdaky düzgünleri bilmek hemmämiz üçin zerurdyr: 1. Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň!

Gün urmasyndan goranalyň!

Biziň güneşli topragymyz bar. Günüň nury hemişe öz şuglasyny saçyp, dünýämizi ýagtylandyrýar. Günüň şöhlesinden ýerlikli peýdalanylanda ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen adamyň derisi D witaminini işläp çykarýar. Bu bolsa diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, nerw dartgynlylygyndan goraýan, birnäçe kesel dörediji mikroorganizmleri, täze döremeleri ýok edýän peýdaly serişdedir. Şonuň üçin ir-ertir, giç agşam salkynda gezelenç etmek, otaglaryň penjiresini açyp, wagtal-wagtal Gün şöhlesini düşürmek hem peýdalydyr. Tomus paslynda Günüň şöhlesiniň peýdasy bilen birlikde, onuň zyýanly täsirleri hem ýüze çykýar. Adamyň ýüzi yssyda gyzarýar, soňra garalýar, şeýlelikde, käbir tegmiller döreýär. Gün şöhlesiniň soňky ýyllarda has ýitileşýändigini alymlar düşündirýärler. Gün şöhlesiniň adam saglygyna ýetirýän peýdasy bilen birlikde, zyýanly täsiriniň hem bardygyny aýtmak gerek. Ýiti şöhläniň zyýanly täsiri netijesinde bedeniň oňa garşy göreşijilik ukyby peselýär, allergiýa, ýagny gijilewük keseli döräp bilýär. Eýsem, Gün şöhlesinden nädip goranmaly? Ilki bilen, Günden goranmak üçin açyk reňkli, giňräk tikilen eşikleri geýmeli, kelläňizde hökman başgap bolmaly. Gözüňi goramak üçin äýnek dakynmaly, saýawan ulanmaly. Gün şöhlesinden goranmak üçin çagalara eşik saýlanyňyzda ýarym ýeňli köýnekçeleri saýlaň, çagalaryň aýaklarynyň açyk ýerlerine, gollaryna, boýnuna, ýüzüne yzygiderli Günden gora

Werdelit — paýhaslylygyň daşy

Werdelit daşy turmalin minerallar toparynyň iň gowy görlüp we köp talap edilýän görnüşi hasaplanylýar. «Werdelit» italýan sözi bolup, terjime edilende ol «verde» — ýaşyl, «lithos» — daş diýen manyny berýär. Mineral açyk ýaşyldan doýgun ýaşyl reňk aralygynda bolýar. Açyk zümerret reňkli werdelitler beýleki görnüşlerden ýokary baha berilýär. Werdelit mineralynyň häsiýetli aýratynlygy bar, ýagny ol görnüş burçuna baglylykda reňkini üýtgedip bilýär. Şonuň üçin daş saýlananda onuň bu häsiýeti aýratyn göz öňünde tutulýar. Şeýdilende ol «älemgoşaryň» ähli reňklerinde owadan öwüsýär. Bu mineral ýeňil taraşlanýandygy üçin zergärçilikde giňden ulanylýar. Gadym döwürlerde werdelit daşyň adama edýän täsiri üçin oňa «jadyly daş» hem diýlipdir. Onuň öz eýesini gözden-dilden goraýandygy baradaky maglumatlar saklanyp galypdyr. Irki döwürlerden bäri bu daşy mukaddes hasaplap, ony tumar hökmünde hem saklapdyrlar. Adamlar mineralyň üýtgeşik alamatlarynyň öňünde baş egipdirler hem-de mineraly paýhaslylygyň nyşany diýip hasaplapdyrlar. Eýsem, ol öz eýesiniň diňe saglygyny berkitmekde täsirli bolman, ol onuň has owadan, asylly, päk ýürekli, batyr, dogumly bolmaklygyna hem täsiriniň güýçlüdigini aýratyn bellemek gerek.

Ýokumly işdäaçar

Gerekli önümler: 110 g kelem, 62 g käşir, 62 g gök otlar, 50 g hyýar, 5 g şeker, bir nahar çemçe günebakar ýagy, tagamyna görä, duz.

Ülje şiresi

Gerekli önümler: ülje, alma, gyzyl alça, şeker.

Dik şahly üçýaprak (Пажитник пряморогий)

Häsiýeti. Dag-dagetek derman ösümligi. Dik şahly üçýaprak — kösükliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 10 — 30 (40) sm birýyllyk otjumak wekili. Baldagy sähelçe dik galýan ýa-da göni, şahalanan ýa-da pytraň, gysga gysylan tüýlüje, aşaky bölegi tas tüýsüz. Ýaprakýany ýarym peýkam görnüşli, esasy dişlije, uzynlygy 4 — 5 mm. Ýaprajyklary ters ýumurtga görnüşli ýa-da pahna kysymy, ýokarky tarapy tüýsüz ýa-da tas tüýsüz.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2021-nji ýyl Awgust

1. Hamal (Guzy 21.03—20.04) Bu aýda hamallar ýaltalyk diýen sözi ýatlaryndan çykarmalydyrlar. Üstünligi sypdyrman, alyp barýan işiňizi bolşuna görä dowam ediň. Bu aýda hamallaryň durmuşy ikä bölüner. Edarada, iş orunlarynda, ofislerde hamallar özlerini asylly alyp bararlar. Şahsy durmuşlarynda bolsa hyjuwdan, gabanjaňlykdan ýaňa gaýnarlar.

Gözellik we sagdynlyk

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, öz gözelligiňi we saglygyňy aýap saklamak üçin dogry we wagtly-wagtynda iýmitlenmek, adam bedenine gündelik zerur bolan hereketleri ýerine ýetirmek, ýüzüňe we deriňe geregiçe ideg etmek we ony witaminlere, minerallara baý melhemler bilen iýmitlendirip durmak zenan maşgala üçin zerurdyr. Şeýle bolanda adamyň durky we saglygy uzak ýyllaryň dowamynda öz gymmatyny ýitirmez. Eýsem, arkaň, eginleriň hemişe dik bolmagy üçin haýsy endikler has peýdalyka, geliň, şular barada gürrüň edeliň. Arkaňy göni tutmak. Ene-mamalarymyz öz gyzlaryna arkaňy dik tutmagy, eglip oturmazlygy çagalykdan maslahat beripdirler. Gelin-gyzlar tikin tikenlerinde we beýleki öý işlerini edenlerinde arkaňy dik saklamak üçin söýget hökmünde ýogynrak bilguşagy dakynypdyrlar. Synalaryny hemişe göni tutupdyrlar. Bu endik ýyllarboýy dowam edendigi üçin, haýsy ýaşdadygyna garamazdan, türkmen zenanlary öz «Baýdak ýaly» diýilýän kaddy-kamatyny saklamagy başarypdyrlar.

Törüňi dolduryp otyrka ejeň!

Şowludyr ädimiň, daş ýarar bagtyň,Dileginden dertler sowular geçer.Düşün, bu dünýede iň hezil wagtyň,Törüňi dolduryp otyrka ejeň! Mydam jan sözüni goşar adyňa,Garramak, ulalmak düşmez ýadyňa,Mundan başga näme gerek adama,Törüňi dolduryp otyrka ejeň!

Bize mähribanlar — ata-ene gerek

Her maşgalanyň özüne mahsus däbi bolýar. Enem-atamyň doglan günlerini hemme doganlarymyz, ählimiz jem bolup gutlamak maşgala däbimizdi. Kakamyň 80 ýaş toýundan bir pursady ýatlamak isleýärin. Şonda doganlarym: «Kakamyza nähili sowgat etsek, ýerine düşerkä?» diýip, maňa maslahat saldylar. Kakam ruhubelent, göwnaçyk adam. Onsoň, onuň göwnüni diňe söz bilen, sungat bilen göterip, galkyndyryp boljakdy. Şoňa görä-de, birimiz goşgy bilen, birimiz saz çalyp, ýene birimiz aýdym aýdyp gutlasak, has ýerine düşer diýip pikir etdim. Ählimiz şu pikiriň daşynda jemlendik. Onsoň, her kim taýýarlyk görüp başlady. Wagtyň salymy ýok. Ine-de, kakamyň 80 ýaş toýy ýetip geldi. Gutlap başladyk.

Çaganyň irki ösüşi — ilkinji nobatdaky wezipe

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Onuň mümkinçiliklerini adalatly esasda durmuşa geçirmek, köp babatda çagalyk döwründen başlaýan irki ösüşe baglydyr. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwletiň ileri tutulýan iň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyna degişli milli maksatnamalar işlenilip taýýarlanyldy we häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar. Irki ýaş adamyň iň bir wajyp, ösüşinde uly mümkinçilikli döwür bolup durýar. Şu döwürde çaganyň ösüşine goşulyşmak, onuň bütin ömründäki saglygyna, häsiýetine, bilimde we işde aragatnaşyklary ýola goýmak hem-de üstünlikleri gazanmak ukybyna oňaýly täsir edip bilýär. Çagalaryň ählisi, esasan-da, ösüşde yza galýan çagalar goldawa mätäç bolýarlar. Irki ýaşlarynda çagalaryň sagdyn ösmegi üçin, dogry idetmek, iýmitlendirmek, maşgalada mähirli gatnaşygy döretmek örän wajyp bolup durýar.

«Saglygyň gadyryny bilgil...»

Ýaş nesillerde ata Watanymyza söýgi, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly mukaddes duýgulary oýarmakda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Dana şahyrymyz öz eserleriniň üsti bilen gaýratlylyk, sahawatlylyk, halallyk, päklik, lebzi halallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleri öňe sürýär. Hut şonuň üçin-de, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň aglabasy dünýäniň köp dillerine terjime edilip, uly gyzyklanma bilen okalýar. Şahyryň şygyrlary ynsan durmuşynda uly ruhy güýç bolup durýar. Şygyrlarda öňe sürülýän pikirler, onuň ähmiýeti, netijesi durmuşda terbiýe ýoluny döredýär. Olarda, esasan, saglyk temasyna uly üns berlipdir. Şahyr adam saglygynyň gymmaty, ony gorap saklamak, dürli kesellere getirip biljek zyýanly endiklerden gaça durmak barada pikir ýöredipdir. Esasy belläp geçmeli zat hem, şol pikirleriň häzirki zaman lukmançylyk garaýyşlaryna gabat gelýänligidir.