«Saglygyň gadyryny bilgil...»

24 Iýun 2021
1435

Ýaş nesillerde ata Watanymyza söýgi, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly mukaddes duýgulary oýarmakda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Dana şahyrymyz öz eserleriniň üsti bilen gaýratlylyk, sahawatlylyk, halallyk, päklik, lebzi halallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleri öňe sürýär. Hut şonuň üçin-de, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň aglabasy dünýäniň köp dillerine terjime edilip, uly gyzyklanma bilen okalýar.

Şahyryň şygyrlary ynsan durmuşynda uly ruhy güýç bolup durýar. Şygyrlarda öňe sürülýän pikirler, onuň ähmiýeti, netijesi durmuşda terbiýe ýoluny döredýär. Olarda, esasan, saglyk temasyna uly üns berlipdir. Şahyr adam saglygynyň gymmaty, ony gorap saklamak, dürli kesellere getirip biljek zyýanly endiklerden gaça durmak barada pikir ýöredipdir. Esasy belläp geçmeli zat hem, şol pikirleriň häzirki zaman lukmançylyk garaýyşlaryna gabat gelýänligidir.

Maýa KAKAGELDIÝEWA,
Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň direktory.