Ertekiler dünýäsine gezelenç

25 Iýul 2021
3621

Milli ruhuň altyn hazynasy, halkyň ruhy dünýäsiniň mizemez ýadygärligi, synmaz heýkeli bolup duran mirasymyzy aýawly saklap, olary geljekki nesillere-de ýetirmegiň aladasyny edýän milli Liderimiz öz çykyşlarynda olary öwrenmeklige alymlary borçly edip goýdy. Şol borjy ödemekde biziň her birimiz jan aýaman zähmet çekmelidiris.

Tejen şäherinde ýaşap, şäheriň özünden hem onuň töweregindäki obalaryndan kyrkynjy ýyllaryň ahyrynda örän kän kämil ertekiler toplan Çary Garabekowyň kyssalaryny okap, gelin-gyzlaryň durmuşy, olaryň durmuşda özlerini alyp barşy bilen bagly gymmatly nesihatlaryň, öwüt beriji ajaýyp mazmunly ertekileriň üstünden barylýar. Ertekileriň atasam halk, enesem diýlişi ýaly, ony döreden halk öz perzendine durmuşda ýaşamagyň dürs ýollaryny salgy berýär.

Şirinjemal GELDIÝEWA,
ýazyjy.