Gözellik we sagdynlyk

25 Iýul 2021
1232

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, öz gözelligiňi we saglygyňy aýap saklamak üçin dogry we wagtly-wagtynda iýmitlenmek, adam bedenine gündelik zerur bolan hereketleri ýerine ýetirmek, ýüzüňe we deriňe geregiçe ideg etmek we ony witaminlere, minerallara baý melhemler bilen iýmitlendirip durmak zenan maşgala üçin zerurdyr. Şeýle bolanda adamyň durky we saglygy uzak ýyllaryň dowamynda öz gymmatyny ýitirmez. Eýsem, arkaň, eginleriň hemişe dik bolmagy üçin haýsy endikler has peýdalyka, geliň, şular barada gürrüň edeliň.

Arkaňy göni tutmak. Ene-mamalarymyz öz gyzlaryna arkaňy dik tutmagy, eglip oturmazlygy çagalykdan maslahat beripdirler. Gelin-gyzlar tikin tikenlerinde we beýleki öý işlerini edenlerinde arkaňy dik saklamak üçin söýget hökmünde ýogynrak bilguşagy dakynypdyrlar. Synalaryny hemişe göni tutupdyrlar. Bu endik ýyllarboýy dowam edendigi üçin, haýsy ýaşdadygyna garamazdan, türkmen zenanlary öz «Baýdak ýaly» diýilýän kaddy-kamatyny saklamagy başarypdyrlar.

Aknur Allaberdiýýýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halakara gatnaşyklary institutynyň talyby.