Köňül köşgümiň küýsäni

25 Iýul 2021
1608

Käwagt şeýle bir ýagdaýlar bolýar. Adam täze başdan geçirmeleri küýseýär. Ýakup hem şol gün şeýle duýgular bilen öýden çykdy. Howa bulaşyp ugrapdy. Ine-de, duralga. Ýöne nirä gitmeli? Garaşylmadyk gezelenji küýsän ýigit gabat gelen awtobusa mündi. Daşarda ýagyş ýagmaga başlapdy. Güýz ýagşynyň sowuk damjalary awtobusyň penjirelerinden syrygyp gaýdýardy. Golaýyndaky oturgyçda ýuwaşlyk bilen gözýaşlaryny süpürip oturan gyz onuň ünsüni çekdi. Sojap dem almasy onuň uzak wagtlap aglandygynyň alamatydy. Oňa çenli awtobus duralga ýetdi-de, gyz ulagdan düşdi. Bilesigeliji ýigit ulagdan düşen hem bolsa, gyzyň yzy bilen ýöräp gitmegi birhili görüp, diňe yzyndan seredip galdy...

Ine, şol gyz ýene-de onuň öňünde dur. Ýigit ýuwaşjadan onuň ýanyna bardy:

Oguljennet PAŞYKOWA.