Werdelit daşy turmalin minerallar toparynyň iň gowy görlüp we köp talap edilýän görnüşi hasaplanylýar. «Werdelit» italýan sözi bolup, terjime edilende ol «verde» — ýaşyl, «lithos» — daş diýen manyny berýär. Mineral açyk ýaşyldan doýgun ýaşyl reňk aralygynda bolýar. Açyk zümerret reňkli werdelitler beýleki görnüşlerden ýokary baha berilýär. Werdelit mineralynyň häsiýetli aýratynlygy bar, ýagny ol görnüş burçuna baglylykda reňkini üýtgedip bilýär. Şonuň üçin daş saýlananda onuň bu häsiýeti aýratyn göz öňünde tutulýar. Şeýdilende ol «älemgoşaryň» ähli reňklerinde owadan öwüsýär. Bu mineral ýeňil taraşlanýandygy üçin zergärçilikde giňden ulanylýar.
Gadym döwürlerde werdelit daşyň adama edýän täsiri üçin oňa «jadyly daş» hem diýlipdir. Onuň öz eýesini gözden-dilden goraýandygy baradaky maglumatlar saklanyp galypdyr. Irki döwürlerden bäri bu daşy mukaddes hasaplap, ony tumar hökmünde hem saklapdyrlar. Adamlar mineralyň üýtgeşik alamatlarynyň öňünde baş egipdirler hem-de mineraly paýhaslylygyň nyşany diýip hasaplapdyrlar. Eýsem, ol öz eýesiniň diňe saglygyny berkitmekde täsirli bolman, ol onuň has owadan, asylly, päk ýürekli, batyr, dogumly bolmaklygyna hem täsiriniň güýçlüdigini aýratyn bellemek gerek.