Biziň güneşli topragymyz bar. Günüň nury hemişe öz şuglasyny saçyp, dünýämizi ýagtylandyrýar. Günüň şöhlesinden ýerlikli peýdalanylanda ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen adamyň derisi D witaminini işläp çykarýar. Bu bolsa diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, nerw dartgynlylygyndan goraýan, birnäçe kesel dörediji mikroorganizmleri, täze döremeleri ýok edýän peýdaly serişdedir. Şonuň üçin ir-ertir, giç agşam salkynda gezelenç etmek, otaglaryň penjiresini açyp, wagtal-wagtal Gün şöhlesini düşürmek hem peýdalydyr. Tomus paslynda Günüň şöhlesiniň peýdasy bilen birlikde, onuň zyýanly täsirleri hem ýüze çykýar. Adamyň ýüzi yssyda gyzarýar, soňra garalýar, şeýlelikde, käbir tegmiller döreýär. Gün şöhlesiniň soňky ýyllarda has ýitileşýändigini alymlar düşündirýärler. Gün şöhlesiniň adam saglygyna ýetirýän peýdasy bilen birlikde, zyýanly täsiriniň hem bardygyny aýtmak gerek. Ýiti şöhläniň zyýanly täsiri netijesinde bedeniň oňa garşy göreşijilik ukyby peselýär, allergiýa, ýagny gijilewük keseli döräp bilýär. Eýsem, Gün şöhlesinden nädip goranmaly?
Ilki bilen, Günden goranmak üçin açyk reňkli, giňräk tikilen eşikleri geýmeli, kelläňizde hökman başgap bolmaly. Gözüňi goramak üçin äýnek dakynmaly, saýawan ulanmaly. Gün şöhlesinden goranmak üçin çagalara eşik saýlanyňyzda ýarym ýeňli köýnekçeleri saýlaň, çagalaryň aýaklarynyň açyk ýerlerine, gollaryna, boýnuna, ýüzüne yzygiderli Günden goraýjy melhemleri çalyň. Düzüminde titanium dioksidi, süňk oksidi ýaly saglyk üçin zyýansyz maddalary saklaýan melhemleri ulanmak has peýdalydyr.