Owadan bolaýyn diýseňiz
Deriniň ter, ýylmanak, saçlaryň mylaýym bolup, öwşün atyp durmagyny gazanmak üçin kosmetiki serişdeleri yzygiderli ulanmak hökman däl. Daşky keşbiň gözelligi iýýän iýmitiňe-de köp derejede baglydyr. Ýüzüň derisiniň sagdyn bolmagy üçin dürli-dümen iýmitler bilen rejeli we kadaly iýmitlenmek, gök we bakja önümleri, miweleri köp iýmek, süýji önümlerinden we şekerden, şokoladdan, alkogolly içgilerden gaça durmak, hereketde bolmak, bedenterbiýe maşklary we sport bilen meşgullanmak, arassa, açyk howada gezelenç etmek, işlemek we dynç almak sazlaşygynda ýaşamak, ukyňy almak, arassa agyz suwuny, miwe we gök önümleriniň şirelerini içmek zerurdyr. Ýüzüň derisine ideg edilende, esasy kadalary ýatda saklamaly: arassalamak, iýmitlendirmek we goramak. Mundan başga-da, ýüzüň derisine ideg edilende, dermatolog lukmany bilen maslahatlaşyp, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan ýapgylary (çopantelpek, badyýan (petruşka), ýertudana, hyýar), melhemleri, çaýlary, kosmetiki serişdelerini — kremleri, losýonlary, gelleri, sabynlary ulanmak maslahat berilýär. Bu bolsa ýüzüň arassa, näzik, maýyşgak bolmagyna hem-de ýüzüň derisiniň tiz garramagynyň öňüni almagyna peýdalydyr. Sogandan edilen ýapgylar bolsa, derini iýmitlendirýär, täzeleýär, terlendirýär we ýygyrtlary ýazýar. Ýatda saklaň! Tebigy öwüşginli tekiz deri gözelligiň iň gowy alamatlarynyň biridir. Saç hem gözelligiň we sa