Zenanlary has-da gözel görkezmek üçin adamzat döräli bäri dürli ýollar gözlenipdir. Netijede, geýim-gejimleri dokamak, tikmek, gymmat bahaly dürli hili metallardan şaý-sep ýasamak oýlanyp tapylypdyr. Häzirki günde hem bu ýol dowam edip, täze nusgalar bilen üsti ýetirilýär.
Köpugurly zergärçilikde dür daşlary bilen işlemek özboluşly usuly talap edýär. Sebäbi päkligiň nyşany hasaplanylýan dür janly bedeniň önümi hasaplanylýar. Daşyndan tagaşyksyz görünýän deňiz mollýuskasynyň içinde şeýle ajaýyplygyň gizlenmegi, ony-da dünýä berip bilmegi örän täsindir. Adamlar bu başarnyga asyrlarboýy haýran galypdyr. Aýtmaklaryna görä, balykgulaklara öwrülen mollýuskalar suwuň ýüzüne çykyp, Aýyň ýagtysyny ýa-da säher çygyny özüne siňdirip, dür daşyny döredýär. Apostol Ioanyň öz ýazgylarynda Asmanasty Iýerusalymyň on iki derwezesiniň hut dürden edilendigini belläp geçmegi ýöne ýerden däldir. Şeýle-de olaryň Hytaýda diňe imperatoryň köşgündäkileriň başgabyna dakylmagyna rusgat berlipdir. Soňabaka dür köp halklarda toýlarda, doglan günlerde sowgat edilipdir. Bu daş hiç wagt gymmatyny ýitirmän, zenanlaryň söýgüsini gazanyp, köp ýyllaryň synagyndan geçdi. Ony edinmek köp kişilere başartmandyr. Ýakymly ýalpyldysy, syrlylygy bilen tämiz görünýän dür «eýesini özi saýlaýar» diýilýär. Ýaponlar: «Eger dürüňi ýitirseň, kalbyňy ýitirersiň», «Ýaponiýa — dür bolsa — Mikimotodyr» diýip, ýöne ýerden aýtmaýarlar. Ine, bu diýilýänlerde bolsa, şeýle hakykat bar.