Medeni-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Daşoguz topragy uzak müňýyllyklaryň dowamynda gülläp ösen şäher-kentleriň, köp sanly kerwensaraýlaryň, galalaryň hem aramgähleriň gadymy mekanlarynyň biri hasaplanýar. Täze toplum Zemin gözelliginiň nusgasyna deňelen, ata-baba oturymly bu gadymy mekanyň uly taryhy geçmişini bagtyýarlyk döwrümiz bilen baglanyşdyrýar, täze eýýamyň döredijilik ruhy bilen onuň many-mazmunyny baýlaşdyrýar, mertebesini beýgeldýär. Welaýat merkeziniň gözel künjegine görk goşýan «Türkmeniň ak öýi» binasy halkymyzyň ezellerden sungat derejesine ýetirilen gurmak gudratynyň täze mysaly bolup, alyslardan seleňläp görünýär, onuň belent durky, zerefşan keşbi çyrazly Günüň şempa ýagtysyna öwşün atyp, Aýyň jemalyna şugla saçýar. Ol il-halkymyzyň toý-baýramlaryny ata-baba ýörelgelerine laýyklykda uludan toýlaýandygynyň, gadymdan ýörgünli milli däpleriň dowamat-dowamdygynyň, täze eýýamymyzda bu däpleriň müň öwüşginler bilen nurlanýandygynyň nusgasydyr. Halkymyz uly geňeşler bilen toý tutmaga başlanda, bu toýlaryň ýaraşygy bolan ak öýleri gurýar. Ak bagtdan görk alýan häzirki döwrümiz bolsa, toý-baýramlaryň, egsilmez eşretleriň hem şatlyklaryň eýýamydyr. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen birlikde, bu gadymy mekanda bina edilen giň gurşawly, belent başly bu toplum şanly seneleriň, baýramlarymyzyň, uly toýlarymyzyň, halkymyzyň kalbyny ganatlandyrýan, ak arzuwlaryny şöhlelendirýän köpçülikleýin medeni çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüler.
Ýaýgyn giňlige ýaýylyp, gupba görnüşi ybarat edilen ak öýüň, onuň sag ýanyny ganatlap, duşdaş oturan sadaka jaýynyň belent durky al-howany nazarlap, göge gol berýär; bu goşa bina gurluşynyň üýtgeşikligi hem-de milliligi taýdan sazlaşykly utgaşyp, gaýtalanmajak gözelligi döredýär. Ýyldyzlary döretmek göge berlendir, Zemin üzre ýyldyz şuglaly gözelligi döretmek bolsa, ynsanlara rowa bilnendir. Uly giňlige örk baglan täze toplumyň hersi aýratyn saz eserini ýada salýar. Çünki binagärlik şirin sazyň gysga arakesmesiniň, owazyň aýak çekmesiniň şekillendirilen görnüşi diýilýär; gül keşbinde bagt şuglasy görklenen täze binanyň çugdamynda müň öwüşginli owazlar dünýäsi jem bolýar; onuň gadamynda şol owazy hem eşidip, hem görüp duran ýaly enaýy bir duýgy döreýär. Ol bagt mukamy bolup ýaňlanýar.