Ýer togalagynyň üstündäki täsin ýaşaýşyň dynuwsyz özgerýändigi tebigy hadysalara hem-de adamzadyň aň ösüşine baglydyr. Köp sanly taryhy, ylmy maglumatlardan, syýasaty öwrenijileriň gelen netijelerinden çen tutulanda, dünýä siwilizasiýasynyň ojaklary Zeminiň bir sebitinden beýlekisine, bir yklymdan başga bir yklyma geçip durýar. Şonuň netijesinde dörän dünýä ösüşine düýpli täsir eden birnäçe medeni ojaklaryň taryhy henize çenli hem düýpli öwrenilýär.
Biziň halkymyzda «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýen parasatly aýtgy bar. Parfiýa döwletinden başlan, beýik Seljuklar şadöwletine çenli dünýä medeniýetiniň gülläp ösen ojaklarynyň biri bolan türkmen topragynyň tutuş sebitimiziň täzeden ösmegine, galkynmagyna nusga bolýan häzirki döwletlilik ýoly geljege umytly garaýan, gülläp ösüşlere ymtylýan köp-köp halklaryň arzuwlaryny ganatlandyrýar. Ylalaşyk deňzi diýip at alan gojaman Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem-de bu sebitiň zenanlarynyň dialogynyň geçirilmegi dünýä ösüşlerine tarap täze ädimleri kesgitledi. Bu halkara çäreler sebitiň belentliklere tarap hereketiniň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge kömek etdi. Iň esasy bolsa dünýäniň ähli halklary üçin derwaýys bolan parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny gorap saklamakda gadymy Gündogaryň bu künjeginiň — Merkezi Aziýanyň döwletleriniň häzirki döwürde ählumumy ösüş üçin möhüm ideýalary, öňdengörüjilikli başlangyçlary öňe sürmäge, parahatçylykly ýaşamagyň täze şertleri babatda halkara giňişlikde işjeň çykyş etmäge taýýardyklaryny dünýä äşgär etdi.