20 minutyňy sarp et!

30 Sentýabr 2021
1115

Öňümizde goýan maksadymyza ýetmek üçin ilkinji ädimi ätmekden çekinmeli däl. Her ädilýän ädim bizi öz maksatlarymyza golaýlaşdyrýandyr.

Ilkinji ädimleri, başgaça 20 minutyň düzgüni diýip atlandyralyň. Biz öňümizde goýan maksadymyza ýetmekde ähli ädimlerimizi birnäçe böleklere bölüp ýerine ýetirenimizde has-da ýokary netijäni gazanyp bileris. Her bir ýerine ýetirilýän işe 20 minut sarp edeliň. Adam islemeýän hem bolsa, özüniň 20 minutyny peýdaly işe sarp etmäge ukyplydyr.

Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.