Türkmen halysy. Ähli döwürleriň ajaýyp eseri. Ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden dörän deňsiz-taýsyz gözellik. Owadan haly gölleri halkymyzyň buýsanjy, milli baýlygy. Ýaşlarda maddy we medeni gymmatlyklarymyza söýgi döretmekde mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzdan miras galan türkmen bedewine, alabaý itine, ajaýyp türkmen halysyna, milli tagamlaryna bolan söýgüsini olara bagyşlan eserlerinde giňden beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halysynyň gelip çykyşy, döreýiş aýratynlygy, taryhy we şu güni barada ýazan «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» ýaly ajaýyp eserleri gyzykly hem täsirli maglumatlara diýseň baý.
Türkmen zenanlary geçen asyryň içinde, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda özleriniň iň äpet halysyny dokapdyrlar. Ol haly dünýäde iň uly, ýagny gigant haly hökmünde hasaba alnypdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen zenanlary ondan-da uly halyny dokamak bilen, bu täsinligiň üstüni ýetirdiler. 1937-nji ýylda türkmen halyçylary tarapyndan Aşgabadyň haly fabriginde dokalan «Atly ýöriş» atly haly 1935-nji ýylda Aşgabat—Moskwa aralygynda geçirilen atly ýörişe bagyşlanypdyr. Bu ajaýyp haly soňra 1939-njy ýylda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Halkara sergisinde baýrakly orna mynasyp bolýar. Häzir hem bu täsin haly Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäheriniň muzeýinde saklanýar.