Mähir bulagy

25 Iýul 2021
1444

Jägildäp dünýä inýän ynsan balasynyň ilkinji iýmiti bolan ene süýdi sagdynlygyň gözbaşy, mähir bulagydyr. Bu tebigy iýmit çaganyň ýaşaýşynda, sagdyn ösüp-ulalmagynda deňsiz-taýsyzdyr, bu babatda onuň ornuny tutup biljek başga bir ýokumly iýmit ýokdur. Bu adamzat durmuşynda asyrlaryň tejribesinden geçip gelýän hakykatdyr. Çaganyň dogulmagy bilen ene göwsüne inýän süýdüň ilkinji damjalary — owuz süýdi hasaplanýar. Ol çaganyň kesellere garşy durnuklylygyny artdyrýan elementlere baý bolup, örän peýdalydyr. Şeýle-de ýaňy doglan çaganyň aşgazan-içege, iýmit siňdiriş ýollary täze durmuşa uýgunlaşmaly bolýar, şol döwürde körpeje içege sanjysyndan ejir çekýär, ene süýdi bolsa onuň birebir emidir. Ýagny çagajygyň iýmit siňdiriş ýollarynyň kadaly işlemeginde ene süýdüniň ähmiýeti uludyr.

Ýaş enelere çaga alty aýlyk bolýança ony diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýäris. Ene süýdi çaganyň irki ösüşine, dişleriniň düýp tutmagyna, göreçleriniň ýiti bolmagyna, aň we akyl taýdan öňe gitmegine, ir gürläp hem ýöräp başlamagyna oňyn täsir edýär. Onuň çaganyň diňe bir sagdyn ösüp-ulalmagyna däl, eýsem, terbiýesine-de, ýagny akylly, asylly, belent adamkärçilikli bolup ýetişmegine-de täsiri uly. Bu hakykaty durmuş tejribämizde gabat gelýän köp sanly mysallaryň üsti bilen hem delillendirip bolar. Alymlar ene süýdüniň ene bilen çagany biri-birine has ysnyşdyryp, olaryň arasynda mähirli gatnaşyklary ösdürýändigini, ene süýdi bilen ulalan perzendiň ene-atasyna mährem, mähriban bolýandygyny tassyklaýarlar. Bu babatda ilkinji başlangyçlar ýurdumyzyň çaga dogrulýan öýlerinde ýola goýuldy. Bäbekhanalarda çaga doglan sagadyndan başlap, gije-gündiziň dowamynda öz enesi bilen bile bolýar. Diýmek, çaga mähriban gujakda orun alyp, onuň mährini duýup başlaýar.

Jeren ORAZMYRADOWA,
Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň lukmany.