"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

«Aşgabat-siti» — şäher içinde şäher

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty gözel Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramynyň dabarasy dag aşdy. Bu baýram mynasybetli dünýäniň çar künjeginden gutlaglar geldi. Ak mermerli Aşgabadyň şanyna aýdym-sazlar ýaňlanyp, şygyrlar okalyp, söhbetler guraldy. Baýramçylyk gününde mähriban Arkadagymyzyň ak pata bermeginde Çoganly ýaşaýyş toplumynda 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna täze öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby bolsa dabaranyň şatlygyny artdyran gymmatly toý sowgady boldy. Merjen paýtagtymyzyň şanyna tutulan toýuň ýatdan çykmajak pursatlary bolan «Aşgabat-sitiniň» düýbüniň tutulmagy, megerem, diňe Aşgabadyň däl-de, tutuş ýurduň, külli türkmeniň taryhynyň täze sahypasyny açýan aýratyn ähmiýetli wakadyr. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz: «Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Çünki ol dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer» diýip, mälim etdi.

Milli Lider — milletiň güýç-kuwwaty

Döwletlilik — gudrat! Döwletde bagtly ýaşaýşyň üpjün edilmegi — gudrat! Bular milletiň mundan beýläkki ykbalyny kesgitleýär. Milletiň öňe gitmegine kepillikler, mümkinçilikler berýär. Gudratlary döredýän ynsanyň özi — GUDRAT! Şonuň üçin men «Gahryman Arkadag» atly goşgymda şeýle ýazdym: Gaýratsyňyz — eden işi oň bolan,Şöhratsyňyz — ady dünýä ýaň bolan,Gudratsyňyz — müň gudrata deň bolan,Gahryman Siz, mähriban Siz, Arkadag!

Garagum — türkmen tebigatynyň görki

Gumda bolup görmediklere onuň üýtgeşik gözelligini göz öňüne getirmek kyndyr. Gum obalarynda henize bu güne çenli daşdan, kerpiçden gurlan jaýlaryň öňünde türkmeniň ak öýüni dikip ýaşaýanlar bar. Öýüň ortasyndaky ojakda ýanýan sazak odunyň bir çetinde lakyrdap gaýnap duran tüňçe, közüň üstünde jyzyrdap bişýän kömelekler, gap böwürdäki syrçaly gorküýze, düýeleriň, köşekleriň bozlaýan sesleri biziň çagalykda aňymyza ornan üýtgeşik ýatlamalardy. Garagum diýlende, hemişe meniň gözümiň öňünde şu görnüşler janlanýar. Serdar etrabynyň Ýylgynly obasyna her wagt görme-görşe gidenimizde, gumuň üýtgeşik tebigaty, çarwadarlaryň ýaşaýşy uly täsir galdyrýar. Sazakly, selinli oýlarda gumuň özboluşly aýratyn gözelligi özüne çekýär. Çägäniň üstünde nagyş ýaly bolup eýläk-beýläk uzap gidýän towşanyň, tilkiniň, her hili mör-möjekleriň yzlaryny ýalňyşman tanap bilýän gumlular sähranyň her depesiniň, oýunyň, takyrynyň aýratynlygyny kitap okan ýaly gürrüň berip bilýärler. Gum tebigatynyň, gumlularyň ýaşaýşynyň täsin wakalary hakda gyzykly söhbet edýärler. Her kakyň, takyryň, her bir guýynyň öz taryhy bar, nesilden-nesle geçip gelýän ýatlamasy bar. Şoňa görä, gumda bolup görmek, gyzykly dünýä syýahat eden ýaly.

Şypalydyr çeşme suwy, baglary

Tomus paslynda göwnüň gür bagly, çeşme-çaýly dag howasyny küýseýär. Belent dagdan akyp gelýän dury çeşmäniň sowuk suwundan ganyp-ganyp içesiň gelýär. Şu pursatda güneşli Diýarymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Köýtendaga gezelenç etmegiň lezzeti bir başga. Çig mal gorlaryna, tebigy baýlyklara eýe bolan Köýtendagyň haýwanat dünýäsinde-de, ösümlikler dünýäsinde-de, köp sanly gowaklarydyr gerişlerinde-de dünýäniň başga ýurtlarynda örän az duş gelýän täsinlikleri görmek bolýar. Ýurdumyzyň günorta gündogarynda, Amyderýanyň sag ýakasynda ýerleşýän Köýtendag ülkesi tebigy gözellikleri — täsin gowaklarydyr dereleri, kölleridir melhem suwly çeşmeleri, arça tokaýlyklary bilen göreni haýran edýär. Köýten obasynyň ýanyndaky uly çynar, 500 ýaşly arça agajy, köp sanly karst gowaklary, 1300—1600 metr belentlikde ýerleşen dinozawrlaryň yzy, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbardere şaglawugy, köl suwunda ýaşaýan kör balyklar, «Gaýnarbaba» ýyly suw çeşmesi, «Kyrkgyz» gowagy... olaryň haýsy birine barsaň-da, täsinlikler dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Köýtendagyň jülgeleri-de, gowaklary-da giden bir taryh. Geliň, olaryň käbirleri bilen gaýybana tanyş bolalyň. Gaýnarbaba çeşmesi. Garlyk obasynyň golaýynda ýerleşýän bu çeşme keramatly hasaplanýar. Kükürt wodorodly dag çeşmesinden gyzgyn mineral suw çykýar. Ol deri we aşgazan-içege kesellerini bejermek üçin peýdaly.

Sapaly mekan

Mähriban gelin-gyzlar, eziz ildeşler! Ýurdumyzda ildeşlerimiziň wagtynyň hoş geçmegi we rahat dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ajaýyp zamanamyzda il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Tomus möwsüminiň gelmegi bilen, dynç almaga, saglygyny dikeltmäge isleg bildirýän ildeşlerimiziň sanynyň artýandygy göz öňünde tutulyp, Awazada dynç almagyň düzgünleriniň kesgitlenendigini habar berýäris. Žurnalymyzyň şu sanynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we «Awaza» şypahanasynda dynç almagy meýilleşdirýän ildeşlerimize dynç almagyň düzgünlerini berjaý etmegini ýatladyp, onuň tertibini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Gözellige imrinmek ynsanyň tebigy häsiýetleriniň biridir. Ekologiýa taýdan arassa, jana şypaly, dynç almak üçin ähli amatlyklary bolan ýerde dynç almagyň saglygyňy berkidip, janyňa hoş ýakýandygyny ýatlamagyň ýakymy başgaça. Tebigy gözelliklere baýlygy bilen tapawutlanýan güneşli Diýarymyzyň çar künjünde dynç almaga we saglygyňy dikeltmäge ähli mümkinçilikler bar. Hazaryň kenarynyň şypasy, deňiz gözellikleri, ekologiýa arassalygy her bir adamyny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga höweslendirýär. Onuň üçin syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan ýollamanamalary almalysyňyz.

Ak bugdaý — genji-baýlygymyz

Daýhan gelniň ekin meýdanyndan gaýdandygyny eşidip, biz onuň bilen döwletli ojagynda duşuşmagy makul bildik. Gün günorta golaýlap, howanyň gaty gyzandygyna garamazdan, onuň ýüzünde birjik-de ýadawlyk görünmeýärdi. Gele-gelmäne: — Gaýynenem pahyr: «Ekin meýdanynda yzy bolmadygyň, harmanda ýüzi bolmaz» diýen aýtgyny köp gaýtalardy. Gulagyma guýlup galandyr-da, ekinlerden günde bir gezek habar almasam, bir zadym ýetmeýän ýaly bolup dur — diýip, söze başlan Çynar soňra orta saçak ýazyp ugran gyzlarynyň ulujasy Aýnura ýüzlendi:

Dostlukly gatnaşyklar uzagyndan bolsun!

— Ilki bilen, Türkmenistanyň hormatly Prezidentini, ähli türkmen halkyny 2021-nji ýylda uly şatlyk bilen bellenilýän Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, maý aýynda dabaraly bellenilip geçilen Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk senesi mynasybetli Tokio şäheriniň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan çyn ýürekden gutlaýaryn. Uzak ýyllaryň dowamynda halkara jemgyýetçiligiň parahatçylygyna we ösüşine uly goşant goşup gelýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýy barha artýar. Ýaponiýa bilen Türkmenistan geografik taýdan uzakda ýerleşýän hem bolsa, bu dostlukly döwletler Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen birigip, özara gatnaşyklarynyň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar.

Ejeli günlerim — eziz günlerim

Kitap — keramat diýilýär. Onuň sahypalaryny agdardygyňça, çuň many-mazmunyny aňyňa ýazdygyňça gözleriň nurlanyp, ýüregiň aram tapýar. Şeýle ajaýyp kitaplaryň birnäçesini bize Gahryman Arkadagymyz serpaý berdi. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly gymmatly eseri okanymdan soň kalbymda gatbar-gatbar bolup, dünýä inip bilmän ýatan ene hakyndaky pikirlerim ak kagyzda aýan boldy. Ah, çagalyk ýyllary, çagalyk ýyllary! Görsene, eýýäm ol döwürlerden bäri näçe ýyllar geçipdir. Ýaşlygymyň süýji ýatlamalaryny alyp galan obamyzyň seleň säherleri, güneşe baý gündizleri, mahmal gijeleri edil häzirki ýaly ýadymda. Şol gijeleriň dymyşlygyny diňe jyzlanlar bozaýmasa, başga hiç zat bozanokdy. Jyzlanlaryň sesi eşidilip başladygy biz ýerli-ýerden gozgalaň tapyp, ozal ejemizdir kakamyzy ýadadan sowallarymyzy ýene gaýtalap başlardyk. Birimiz: «Kaka, kaka, jyzlan diýdiňmi, olar uzak ýaşamaýar diýdiňmi?! Nämüçin?! Ýogsa-da, olar näme üçin görnenoklar?!» diýip sowal bersek, ýene birimiz: «Eje, jyzlanlar diňe gije oýanýarlarmyka?! Olaryň sesi gündiz-ä eşidilenok» diýen ýaly sowallar bilen uzyn günki agyr zähmetden soň zordan başlary ýassyga ýetýän ezizlerimize azar ýamanyny bererdik. Olar bolsa gapymyzdaky ullakan sekiniň üstüne al-elwan düşekleri düşäp, gülli ýorganlar bilen üstümizi örtüp, sekiniň her çetinde biri ýatyp, bizi bolsa orta üýşürip irkilerdiler. Biziň bolsa wagty bilen uk

Garaşsyzlyk we türkmen sporty

Tomsuň söbügine düşüp geljek güýz beýik bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy güýzi bolar. Döwletli Diýarymyzyň toýa taýýarlanýan günlerinde şanly ýyllaryň ýüreklerde goýan ýakymly yzy barada pikir öwürmegiň hem üýtgeşik ýakymy bar. Çünki köpugurly ösüşler, öňegidişlikler — Garaşsyzlyk ýyllarynyň her bir gününe öz nuruny çaýdy. Dogrusy, «Garaşsyzlyk we türkmen sporty» diýlen düşünje boýunça, gerek bolsa, küti-küti kitaplary hem ýazyp bolar. Hususan-da, milli Liderimiziň ýurdumyza baştutanlyk edip gelýän döwrüniň içinde sportda ýetilen sepgitler, megerem, türkmen topragynyň tutuş taryhynda görüp-eşitmedik sepgitleri. Bu ýyllaryň esasy eçilen bagty bolsa, hemmeleriň «Sagdyn durmuş ýörelgeleri» diýilýän iňňän peýdaly ýörelgelere eýermegidir. Özi-de, hut, hormatly Prezidentimiziň göreldesi bilen.

Çopantelpek

Ýakymly, hem ýokumly,Içäýseň, çopantelpek. Gadamlaryň okgunly, Içäýseň, çopantelpek. Görseň, akja güllüdir, Hemmelere bellidir, Demlemesi gülleder, Içäýseň, çopantelpek.

Kärine kämil zenan

Ha ynanyň, ha ynanmaň, Käkil mugallymyň tigir sürýäni-hä hak. Özem, 70 ýaşyň içinde. Ol ýaşaýan ýeri bilen işleýän mekdebiniň aralygyndaky bäş kilometrlik ýoly tigirli geçýär. Bu obanyň gyz-gelinleri meýdan işine-de tigirli gatnaýarlar. Hawa-da, hiç kime ýük-alada bolman, tigriň bilen barmaly ýeriňe çalt hem kösenmän ýetip bilýäň. Onsoňam, tigir sürmegiň ynsan saglygy üçin neneňsi peýdalydygyny oba adamlaryna tekrarlamagyň hajaty ýok. Olar mähriban Arkadagymyzyň paýtagtymyza tigirli gezelençlerini mawy ekran arkaly hezil edip synlaýarlar, guwanýarlar hem bu göreldäni dowam etdirmäge çalyşýarlar. Gyşyň aňzagy, tomsuň epgegi diýmän, tigirli işe gatnaýan Käkil mugallym hem özüni diýseň sagdyn, ruhubelent duýýar, «ylgap ýöreýär» diýilýänlerden. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň çar künjegindäki oba-kentleriň hatarynda Gultak obasy-da täze keşbe girip, ýol-ýodalar abatlandy, asfalt düşeldi. Indi tigri höwesine sürübermeli. Bugdaýreňkden gelen agajetli, häsiýeti boýunça galjaň, ilgezik zenanyň mugallymçylyk kesbi-kärinde işleýänine ýarym asyr töweregi wagt bolupdyr. Käkil mekdebe gatnap başlan gününden diýen ýaly, okuwdan soň deň-duşlary bilen kolhoz meýdanynda işledi, gowaça otady, ýekeleme etdi, pagta ýygdy, körek arassalady. Ýöne okuwyny welin, hiç wagt ünsden düşürmedi. Okuwa gatnaşygy we ýetişigi boýunça diňe synpynda däl, tutuş mekdepde hem göreldeli okuwçyla

Mirasym — mertebäm

Taryhy asyrlaryň jümmüşine siňýän halkymyzyň milli mirasy, asylly ýörelgeleri, nesilden-nesle dowamat bolýan köpöwüşginli medeni gymmatlyklary dünýä medeniýetinde nusgawy orun aldy. Türkmen halky asyrlarboýy milli medeniýetimiziň ösdürilmegine, kämilleşmegine hem-de baýlaşmagyna uly üns berip, nepis sungat derejesine ýeten nusgalary nesillere miras goýdy. «El hünäri — il gezer» diýlişi ýaly, türkmeniň eli çeper, göwni gözel gelin-gyzlarynyň yhlasyndan dörän el işleri — keşdedir gaýmalar, haly-palaslar, kilimdir keçeler asyrlardan-asyrlara aşyp, biziň günlerimize kämil nusgada gelip ýetipdir. Sungat derejesine eýe bolan türkmen halysyny dokamak senedi ähli döwürlerde hem el işleriniň seresi, köňüllerimiziň owazy, öýlerimiziň bezegi hökmünde ezizlenipdir, bu hünäri ömürlik ýoldaş edinen ussatlara uly hormat goýlupdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uz barmaklaryndan gözellik döreýän gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan bu inçe sungatymyz öz nepisligi, owadan öwüşginliligi, berkligi bilen tapawutlanýar.

Türkmen halysy

Asmandan inderlen, gudraty saýan, Tyllaýy Güneşiň nuruny çaýan, Waspyny her döwür äleme ýaýan, Halkymyň buýsanjy türkmen halysy. Sen halkymyň deňsiz-taýsyz gymmaty, Gelin-gyzlaň on barmagnyň sungaty, Göýä tebigatyň janly suraty, Älem gözelligi türkmen halysy.

Ömrüňiz uzak bolsun, Merjen, Aşgabat!

Asuda, eşretli durmuşda ýaşalýan ýurtda günde baýram, günde toý. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem toýlar toýa ulaşýar. Ýüregi joşgundan möwç alýan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerinde, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň dabaraly bellenilen günleriniň saba säheri Arşdan: «Buşluk, rysgal-döwletli türkmen topragyna iki sany akja melek inendir» diýen şatlykly habary aldy. Ýyldyrym çaltlygynda daglary, derýalary, sähralary aşan bu habaryň sebäpkärleri Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Orazmyradowlaryň we Atajykowlaryň maşgalasynda dünýä inen ilkinji perzentleri, ene-atanyň göz guwanjy Merjen bilen Aşgabat. «Çagaly öý bazar» diýlişi ýaly, gujagy ogul bäbekli Selbi Orazmyradowany döwletli ojagynda dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary, dost-ýarlary pişme bişirip, nogul saçyp, şatlyk-şagalaň bilen garşyladylar. Akja bäbejigi ýüzlerine sylyp:

Nesil dowamaty

«Buşluk, ogul agtygyňyz boldy, ene bolduňyz!» Buşluk habary ene ýüregimde täsin duýgyny oýardy. Ine, balajyk, bu gün sen enelik dünýäme üýtgeşik nur çaýyp geldiň. Ene sözüniň keramaty, ene söýgüsiniň gudraty barada şu wagta çenli il arasynda näçe gürrüň etsemem, joşup şygyrlar okasamam, bir-ä, ilkinji perzendim dünýä inende, bir-de ilkinji agtygym doglanda kalbymda dörän ýakymly duýgularyň waspyny etmäge söz tapmadym. Nesil dowamaty eziz bala, seni ilkinji gezek elime alanymda, ene ýüregimiň gürsüldisi has-da üýtgeşik eşidildi. Lukman gelin: «Hany, enesi, ilkinji agtygyňyzy eliňize alyň. Goý, bu bala nesliňiziň dowamaty, hemmäňiziň buýsanjyňyz bolsun! Watanymyza, il-günümize abraý, nesline mertebe getirýän goç ýigit bolup ýetişsin!» diýende, gözlerimden begenç ýaşlary syrykdy. Bu arzuwlaryň yzy başga-da bäbek çykarmaga gelen enelerdir gelnejeleriň arzuwlary bilen utgaşyp gitdi. Gelinleriň biri: «Ene-mamalarymyzyň aýdyşy ýaly, çilehanada edilen arzuwlar hasyl bolýandyr» diýip, içki joşgunyny daşyna çykardy.

Ýagşy arzuwlar

Sen öýüň altyn aşygy, Dünýäň ýakym-ýaraşygy,Uçuryp göwün guşuňy, Ýaz bolup ýaşa sen, balam! Gül ýüzüň meňzär güllere,Ylham berer bilbillere,Şygyr deý şirin günlere Saz bolup ýaşa sen, balam!

Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy

Golaýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilen bu baýramçylyk dabara çeper elli halyçy gelin-gyzlar gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly kitaplary türkmen halysyna, zenan kalbynyň ruhy dünýäsine, milletiň ruhy medeniýetine, zehin kämilligine goýlan çäksiz hormatdyr. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşanlar bu ajaýyp eserlerde beýan edilişi ýaly, dünýä halyçylygynda tanalýan türkmen el halylarynyň we haly önümleriniň taryhy, haly nusgalarynyň döreýşi baradaky rowaýatlary, yrymlary, däp-dessurlary gazallardyr aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan etdiler.

Söýüň säherleri täzeden açyp...

  Söýgüden gelýäris, barýarys söýgä,  Ýerden döräp, ýere gidilşi ýaly.

Zenan ýüreginiň aýdymçysy

Türkmen dramaturgiýasyny birnäçe ajaýyp eserler bilen baýlaşdyran Guseýin Muhtarow, Towşan Esenowa, Bazar Amanow, Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow ýaly dramaturglarymyzyň döredijiligi öwrenilmäge mynasypdyr. Bu babatdan, şahyr, ilkinji zenan dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Towşan Esenowanyň adyny hormat bilen ýatlap bolar. Zehinli Towşan Esenowa türkmen edebiýatynyň taryhynda, şeýle-de dünýä halklarynyň arasynda öz zehini bilen giňden tanalan zenan. Ol özüniň köptaraply döredijiligini poeziýa žanryndan başlapdyr. Onuň ilkinji şygyrlar kitaby 1938-nji ýylda «Polat gyzlar» ady bilen çap bolupdyr. Öz döwründe «Zenan ýüreginiň aýdymçysy» adyny alan zehinli ýazyjynyň döredijilik ýolunda üç žanrda — publisistikada, poeziýada hem-de dramaturgiýada eser döretmegi hem onuň galamynyň ezberliginden habar berýär. Şu ýerde alym zenanymyz Şirinjemal Geldiýewanyň: «Biz şahyra «Zenan ýüreginiň aýdymçysy» diýip, ýöne ýere at dakmadyk. Irginsiz şahyryň, ýadawsyz publisistiň, belli dramaturgyň haýsy eserlerine ýüzlenip göräýiň, zenan ýüregi, mährem enäniň yssy mähri, juwan gyzyň päkize söýgüsi, gujurly zähmeti duýulmaýan ýekeje setirem tapmarsyňyz» diýýän setirlerine ýüzlensek hem ýeterlik bolsa gerek.

Totyjemal

Türkmen edebiýatynyň taryhyna ser salanymyzda, köp sanly zenan şahyrlaryň adyna duşmak bolýar. Olaryň käbiriniň döreden eserleri bize gelip gowuşmadyk hem bolsa, çeper döredijilik bilen meşgullanandyklaryny mälim edýän maglumatlar az däl. Şol zenanlaryň biri hem Totyjemal handyr. Ol XVIII asyryň ahyrlarynda — XIX asyryň birinji ýarymynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň töwereginde ýaşap geçen görnükli türkmen şahyry Myrat Talyby bilen durmuş gurupdyr. Şahyr Myrat Talybynyň ýaşlygyndan aşyk bolan gyzy Totyjemal hakyndaky maglumatlar juda çäkli bolsa-da, olaryň durmuş gurandyklary we ogullarynyň bolandygy baradaky maglumatlar bize gelip ýetipdir.