Garaşsyzlyk we türkmen sporty

24 Iýun 2021
1863

Tomsuň söbügine düşüp geljek güýz beýik bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy güýzi bolar. Döwletli Diýarymyzyň toýa taýýarlanýan günlerinde şanly ýyllaryň ýüreklerde goýan ýakymly yzy barada pikir öwürmegiň hem üýtgeşik ýakymy bar. Çünki köpugurly ösüşler, öňegidişlikler — Garaşsyzlyk ýyllarynyň her bir gününe öz nuruny çaýdy.

Dogrusy, «Garaşsyzlyk we türkmen sporty» diýlen düşünje boýunça, gerek bolsa, küti-küti kitaplary hem ýazyp bolar. Hususan-da, milli Liderimiziň ýurdumyza baştutanlyk edip gelýän döwrüniň içinde sportda ýetilen sepgitler, megerem, türkmen topragynyň tutuş taryhynda görüp-eşitmedik sepgitleri. Bu ýyllaryň esasy eçilen bagty bolsa, hemmeleriň «Sagdyn durmuş ýörelgeleri» diýilýän iňňän peýdaly ýörelgelere eýermegidir. Özi-de, hut, hormatly Prezidentimiziň göreldesi bilen.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.