Zenan ýüreginiň aýdymçysy

24 Iýun 2021
1559

Türkmen dramaturgiýasyny birnäçe ajaýyp eserler bilen baýlaşdyran Guseýin Muhtarow, Towşan Esenowa, Bazar Amanow, Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow ýaly dramaturglarymyzyň döredijiligi öwrenilmäge mynasypdyr. Bu babatdan, şahyr, ilkinji zenan dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Towşan Esenowanyň adyny hormat bilen ýatlap bolar. Zehinli Towşan Esenowa türkmen edebiýatynyň taryhynda, şeýle-de dünýä halklarynyň arasynda öz zehini bilen giňden tanalan zenan. Ol özüniň köptaraply döredijiligini poeziýa žanryndan başlapdyr. Onuň ilkinji şygyrlar kitaby 1938-nji ýylda «Polat gyzlar» ady bilen çap bolupdyr.

Öz döwründe «Zenan ýüreginiň aýdymçysy» adyny alan zehinli ýazyjynyň döredijilik ýolunda üç žanrda — publisistikada, poeziýada hem-de dramaturgiýada eser döretmegi hem onuň galamynyň ezberliginden habar berýär. Şu ýerde alym zenanymyz Şirinjemal Geldiýewanyň: «Biz şahyra «Zenan ýüreginiň aýdymçysy» diýip, ýöne ýere at dakmadyk. Irginsiz şahyryň, ýadawsyz publisistiň, belli dramaturgyň haýsy eserlerine ýüzlenip göräýiň, zenan ýüregi, mährem enäniň yssy mähri, juwan gyzyň päkize söýgüsi, gujurly zähmeti duýulmaýan ýekeje setirem tapmarsyňyz» diýýän setirlerine ýüzlensek hem ýeterlik bolsa gerek.

Baýrambike TOÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.