«Aşgabat-siti» — şäher içinde şäher

24 Iýun 2021
1640

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty gözel Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramynyň dabarasy dag aşdy. Bu baýram mynasybetli dünýäniň çar künjeginden gutlaglar geldi. Ak mermerli Aşgabadyň şanyna aýdym-sazlar ýaňlanyp, şygyrlar okalyp, söhbetler guraldy. Baýramçylyk gününde mähriban Arkadagymyzyň ak pata bermeginde Çoganly ýaşaýyş toplumynda 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna täze öwüşgin çaýdy.

Hormatly
Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby bolsa dabaranyň şatlygyny artdyran gymmatly toý sowgady boldy. Merjen paýtagtymyzyň şanyna tutulan toýuň ýatdan çykmajak pursatlary bolan «Aşgabat-sitiniň» düýbüniň tutulmagy, megerem, diňe Aşgabadyň däl-de, tutuş ýurduň, külli türkmeniň taryhynyň täze sahypasyny açýan aýratyn ähmiýetli wakadyr. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz: «Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Çünki ol dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň
240-dan gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer» diýip, mälim etdi.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.