Mirasym — mertebäm

24 Iýun 2021
1415

Taryhy asyrlaryň jümmüşine siňýän halkymyzyň milli mirasy, asylly ýörelgeleri, nesilden-nesle dowamat bolýan köpöwüşginli medeni gymmatlyklary dünýä medeniýetinde nusgawy orun aldy. Türkmen halky asyrlarboýy milli medeniýetimiziň ösdürilmegine, kämilleşmegine hem-de baýlaşmagyna uly üns berip, nepis sungat derejesine ýeten nusgalary nesillere miras goýdy.

«El hünäri — il gezer» diýlişi ýaly, türkmeniň eli çeper, göwni gözel gelin-gyzlarynyň yhlasyndan dörän el işleri — keşdedir gaýmalar, haly-palaslar, kilimdir keçeler asyrlardan-asyrlara aşyp, biziň günlerimize kämil nusgada gelip ýetipdir. Sungat derejesine eýe bolan türkmen halysyny dokamak senedi ähli döwürlerde hem el işleriniň seresi, köňüllerimiziň owazy, öýlerimiziň bezegi hökmünde ezizlenipdir, bu hünäri ömürlik ýoldaş edinen ussatlara uly hormat goýlupdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uz barmaklaryndan gözellik döreýän gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan bu inçe sungatymyz öz nepisligi, owadan öwüşginliligi, berkligi bilen tapawutlanýar.

Gülşat TAGANOWA,
žurnalist.